Amazon kompaniýasy 2033-nji ýyla çenli takmynan 600 müň işçini robot ulgamlary bilen çalyşmagy meýilleşdirýär diýip, The New York Times habar berýär. Kompaniýa birnäçe ýyl bäri ammarlarynda awtomatlaşdyrylan tehnologiýalary ulanýar, ýöne indi bu ulgamlaryň ulanylyşyny has giňeltmegi göz öňünde tutulýar. Meýilnama boýunça, kompaniýa täze işgärleri işe almagy azaltmak we artýan sargytlara çalt hyzmat etmek üçin robotlaryň sanyny köpeltmekçi. Şeýlelikde, geljek onýyllygyň dowamynda işçi güýji 1,5 milliondan 900 müňe çenli azalmagy mümkin. Neşiriň eline düşen içerki korporatiw resminamalara görä, Amazon jemgyýetçilikde bu ädimleriň howpsuz we ösüşe gönükdirilen üstünlik hökmünde kabul edilmegi üçin aýratyn kommunikasiýa strategiýasyny hem taýýarlaýar. Resminamalarda «awtomatlaşdyryş» we «emeli aň» ýaly sözleriň ýerine «öňdebaryjy tehnologiýalar» diýen adalgany ulanmak, «robot» sözüniň ýerine bolsa adam bilen bilelikde işleýändigini görkezýän «kobot» (collaborative robot) adyny ulanmak maslahat berilýär. Häzirki wagtda Amazon ABŞ-da federal hökümetden we Walmartdan soň adam sany boýunça üçünji uly iş beriji hasaplanýar. Kompaniýanyň ammarlarynda we eltip bermek ulgamynda takmynan 1,5 million adam işleýär. Deňeşdirmek üçin, FedEx kompaniýasynda 550 müň töweregi işgär zähmet çekýär. Şonuň üçin hem meýilleşdirilýän bu derejedäki işden boşatmalar, bilermenleriň pikiriçe, uly kompaniýanyň dolulygyna çalşylmagyna deň bolup biler. Barlaglaryň görkezmegine görä, her müň işçi üçin bir robot ornaşdyrylanda, ABŞ-da ortaça zähmet haky 0,42% peselýär we umuman, 400 müň töweregi işgär işini ýitirýär.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir