Argentinanyň milli ýygyndysynyň ýyldyzy Lionel Messi 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak isleýändigini aýtdy. Bu barada futbolçy NBC telekanalyna beren interwýusynda gürrüň berdi. «Dünýä çempionatyna gatnaşmak — bu söz bilen aýdyp bolmaýan duýgy. Bu duýgyny ýene bir gezek ýaşamak isleýärin» diýip, geljek ýylyň iýunynda 39 ýaşajak hüjümçi aýtdy. Messi gutarnykly karary fiziki ýagdaýyna garaşyp berjekdigini aýtdy. «Geljek ýyl “Inter Maýami” bilen möwsüm öňüniň türgenleşigine başlanymda, her gün ýagdaýymy seljererin. 100% güýjümi berip bilsem, milli ýygyndy üçin peýdaly bolup bilsem — onda karar kabul ederin» diýip, ol aýtdy. Futbolçy dünýä çempionatynda ýene bir gezek çykyş etmek isleginiň diýseň ulugyny aýtdy: «Biz soňky çempionatda ýeňiş gazandyk. Şonuň üçin bu tituly meýdançada goramak mümkinçiligi — hakykatdanam ajaýyp. Milli ýygyndy üçin oýnamak hemişe arzuw, aýratyn hem resmi ýaryşlarda». Messi dünýäniň iň gowy futbolçysy hökmünde 8 gezek «Altyn top» baýragynyň eýesi boldy. Ol milli ýygyndy bilen 2022-nji ýylda dünýä çempiony boldy, iki gezek Amerikanyň Kubogyny, Finalissima-2022-ni, Olimpiadany (2008) we ýaşlar arasyndaky dünýä çempionatyny ýeňdi. 2026-njy ýylyň dünýä çempionaty 11-nji iýun — 19-njy iýul aralygynda geçiriler. Bu çempionata ilkinji gezek 48 milli ýygyndy gatnaşar. Final duşuşygy Nýu-Ýorkdaky «MetLife» stadionynda bolar.

Sport, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir