Rak häzirki wagtda dünýäde ölüme sebäp bolýan keselleriň arasynda ikinji ýerde durýar. Şonuň üçin alymlar has netijeli we howpsuz bejergi usullaryny gözlemegini dowam etdirýärler. Tehas uniwersitetiniň (Ostin) we Portu uniwersitetiniň alymlary täze tehnologiýany işläp düzdüler. Olar LED yşygy we galaýynyň örän inçe plastinkalaryny birleşdirip, SnOx nanoplastikleri diýlip atlandyrylýan bejergi usulyny döretdiler. Bu açyş ACS Nano žurnalynyň täze çykýan sanynda neşir edildi. Näme üçin bu usul möhüm? Bejergi rak öýjüklerini saýlap ýok edýär, sagdyn öýjüklere zeper ýetirmeýär we himiýa bejergisindäki ýaly agyryly täsirler döretmeýär. Tejribelerde tehnologiýa deriniň rak öýjükleriniň 92%-ini, kolorektal rak öýjükleriniň 50%-ini ýarym sagadyň içinde ýok etmegi başardy. Nädip işleýär? Häzirki wagta çenli rak keselinde köplenç lazer energiýasy ulanylýardy, ýöne bu köplenç sagdyn dokumalara hem zeper ýetirýärdi. Täze usulda lazer çyrasy LED yşygy bilen çalşyldy — bu has arzan, elýeterli we howpsuz. Näme päsgelçilik bar? Häzirlikçe esasy kynçylyklar: materiallaryň bahasynyň ýokary bolmagy, ýöriteleşdirilen laboratoriýalaryň zerurlygy. Indiki ädim näme? Alymlar tehnologiýanyň ýagtylyk we ýylylyk bilen täsirleşmesini has jikme-jik öwrenjek, beýleki katalizatorlary synap görjek, geljekde klinikada ulanmak üçin ykjam enjam taýýarlamak isleýär. Maksat — bu usuly hatda enjamy çäkli bolan sebitlerde hem ulanyp bolmagydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir