Kia kompaniýasy Finlýandiýada ýerli importçy bilen bilelikde elektrik awtoulag eýelerinde içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryň aýratyn ysyna bolan küýsege esaslanyp täsin marketing kampaniýasyny başlady. Kampaniýanyň çäginde Kia degişme äheňinde çäkli mukdarda awtoulag kabinasyna goýulýan ys beriji önüm çykardy — ol benzin ysyny berýär. Ys çykaryjy kanistr şekilinde döredildi. Kompaniýa ony “abstinent sindromyndan (bir zada öwrenişip, birden aýrylandaky ýagdaý) ejir çekýänler üçin tiz kömek” diýip atlandyrýar. Ys finlýandaly parfýumer Maks Perttula tarapyndan döredildi. Ol, esasy ys hökmünde metal nyşanlary bolan motor ýagynyň ulanylandygyny, üstüne ýeňil jasmin we berýoza galyndynyň goşulandygyny aýtdy. Tyyliniekka neşirine beren interwýusynda, ol bu ys arkaly awtoserwis bilen baglanyşykly ýatlamalary döretmegi maksat edinendigini diýdi. Mundan öň hem awtoulag öndürijiler täsin ysly parfýumlary çykaryp, klassik awtoulag muşdaklaryny degişme usulda haýran galdyrýardylar. Mysal üçin, geçen ýyl Nissan ýanýan rezin ysly parfýum çykarypdy.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir