Halkara alymlar topary Mýanmada süýji suwda ýaşaýan korbikul (Corbicula) tohumyna degişli molýuskalaryň iki täze görnüşini we sferokorbikul (Sphaerocorbicula) atly täze kiçi tohumy ýüze çykardylar. Şeýlelikde, tohumyň doly klassifikasiýasy täzeden anyklandy. Bu barada Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň degişli institutynyň müdiri Ýuliýa Bespalaýa habar berdi. Korbikullar täze suw howdanlaryna ornaşanda ýerli haýwanlara zyýan ýetirip bilýän agressiw görnüşler hasaplanýar. Barlaglaryň dowamynda genetiki we morfologiki maglumatlaryň esasynda Corbicula tohumynyň azyndan 27 görnüşiniň bardygy tassyklanyldy. Täze kiçi tohum Mýanmada ýaşaýan endemik görnüşleri öz içine alýar: Corbicula bilini Corbicula lemroae Şeýle hem öň başga maşgala degişli hasaplanan Corbicula avana. Alymlar korbikullaryň köpeliş strategiýalarynyň çylşyrymlydygyny, şol sanda androgehneziň – ösüşiň diňe erkek ýadrosy arkaly dowam edýändigini hem belläp geçdiler. Iş genetiki we morfologiki barlag usullary esasynda alnyp baryldy. Bu täze çemeleşme dünýä alymlaryna korbikullaryň inwaziw görnüşlerini has takyk klassifikasiýa etmäge mümkinçilik berer. Barlagyň netijeleri Zoologica Scripta žurnalynda çap edildi. Işe Russiýadan, Azerbaýjandan, Wýetnamdan, Hindistandan, Marokkodan, Mýanmadan we Özbegistandan alymlar gatnaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 10 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir