Huşumdaky zatlar düýşümde gaýtalanýar. Düýşümdäkiler huşumda bolup dur. Gorkunç-gorkunç ýagdaýlar özem. Samraýan. Basyrganýan. Panika düşýän hiç zat ýok ýerden. Käbir gürrüňlerime ejem gözüni tegeläp ugrady... Köne tanyşlar, hem düýşüme girýär, hem köp ýatladýar... Arada 4 ýyl bile ýaşan komnatdaşym ýogaldy tragiki ýagdaýda... Olam ýygy-ýygydan düýşüme girýär... Ejizligim artýar. Gynançlyrak kino, klip, wideorolik görsemem, hykga damagym dolýar... Duýga köp berilýän... Ýazasym, aýdasym gelýän zat juda kän, ýöne haýsyndan başlajagymy bilemok, başararynam öýdemok...
Bu nämäň alamatyka?..

Sorag-jogap, Pegas tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir