Köp aýal almaga rugsat edilýän ýurtlarda bir atanyň gaty köp çagasy bolmagy mümkin. Marakkonyñ soltany Milal Ismail 1672-1727-nji ýyllarda ýaşap, özüniñ 55 ýaşynyñ içinde 525 ogluñ, 342 gyzyñ atasy bolupdyr. 1721-nji ýylda - 700nji ogly doglupdyr. Soltanyñ jemi 1100 çagasy bolupdyr.
Resmi maglumatlara görä, iñ köp çaga dogran enäniñ 69 çagasy bolupdyr. Taryhy resminamalarda 1725-1765-nji ýyllaryñ içinde rus daýhany Fedor Wasilyewiñ aýaly 27 sapar göwreli bolup, şonuñ 16 saparynda ikiden, 7 saparynda 3den, 4 saparyndan 4den ekiz çaga dogrupdyr.69 çagañ ikisi ölüp, galany sagdyn yaşapdyrlar.
Çiliniñ San Antonio şäherinde ýaşaýan Leontino Aliwno 1943-1981-nji ýyllar aralygynda 55 çaga dogrupdyr. Ol 5 gezek 3den ekiz çaga dogran, olaryñ hemmesi ogul bolupdyr.
"Daşoguz habarlary" gazeti
23.02.2002 ý.

Bilim, Manikarnika tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir