salam talyplar! men şu ýere türkmen taryhynda yz galdyran adamlarymyz barada ýazylmagy üçin şu blogy açýaryn. bu bloga syn ya-da jogap ýazmak möhüm däl. diňe kimdir birilerine peýdaly bolup biljek,taryhy materýallar ýerleşdirilse göwne makul bolar.
Taryhdan sohbet...
-
mazmun
15 years ago
- meniň siziň dykgatyňyza ýetirjek bolýan ýazgym, jüneýt hanyň döwründe bolup geçen bir waka. ýagny ýatlama.
bir ýaşulynyň gürrüňinden:
arada tanşymyň öýüne barypdym. Ýaşuly bary üýşdi. At çapyşygyna gitjek bolup oturan ekenler. Atdan – ýaragdan, köne geçmişden, Jüneýit handan garaz, ondan-mundan köp zatlaryň başy agyrdyldy.. durdy aga diýen ýaşuly ynkylap ýyllary birneme ýarag oýnan ekeni. “Öz gara başymy-ha goradym” diýip, ol şol pajygaly günleri ýatlady. Arasynda şu wakany gürrüň berdi.
Zir - döwrançylyk döwrüdi. Şura häkimediňkiler bilen han tarapy jartka-da jarka berdiler. Arasynda biziň ýaly kembahala horlandy. Açlyk, heýwere, dym ýaman bol-da. Bitimiz yorgaýa döndi. Tüpeňläbermeli boldy. Handan dalda gözläp, bala-çagany, partallary köne araba basyp, çaglary mündirip, hudaýy çagyryp, guma tarap jygyllap ugradyk. Guzusyndan aýrylan goýun ýaly yzan-da – çuwanlyk , bolsun. Gitmesek nädeli, balçebek aýaly-erkegi goşjakmyş, seniňki meniňki diýen söz bolmaly dälmiş, ýetmiş adam bir ýorganda ýatmalymyş, baryp kelle sokar ýaly bir deşikden alyp, damak iýmelimiş, uçur diýen zat boljakmyş, her kim maýmyn ýaly bir-biriniň syrtyna ýapyşyp durmalymyş diýip wagz etdiler. Bizem oňa düýp teýkary bilen güp ynanmarysmy, gitdik-dä şeýdip. Barsak gum, gurt düşen ýaly mygylly. Birgiden meýdan adamdan ýaňa gyzyl-ýaryt. “Allaň öňünde günä galan ýerimiz bardyr-da” diýýäs. Şura-da sögýän kän, handanam zeýrenýän az däl. Şo barmaşa-da çörek gutardy. Un baýaky. Al indi, dadymyza alla ýetsin!uly-uly, hudaýoly gazanlarda gowurga gowurmaga başladylar. Ojar oduna çydaman gazanlar döwülýärdi. Her kimiň donunyň synynyna birki susak gowurga goýup bererdiler. Bizem arabamyzyň aşagynda çagalar bilen oturyp, kirt-de – kirt , gowurgadan ýürekçe edinýäs. Garaz adam öljek däl-dä. Ýere seretseň ak çäge, göge baksaň hem taňry. Arada biz biçäre, gallaç galan bendeler. Nätmeli ? böwet ýazdy: “Balçebek diwara söýäp atýanam bolsa, ile baryp öleli”. Adamlar gün ýapynyp, ýarym agşamdan soň sap-sap gaýdyp başlady. Meňem niýetim oba gaýtmak, Han daňyň ümüş-tamyşlygyna märekeden esli arany açyp, depä çykyp seredip durardy. Içini hümledip gije ýatmaýan bolarly. Eger ol ganhor, jalataý biweç adam bolsa barymyzy it atan ýaly , çagalarymyzy gurjak gyran ýaly gyryp biler-dä. Ýöne degmedi. Azyk –owkady ýetik bolan bolsa ol milleti saklardy. Çörek bererdi. Emma alajy tükedip, kysmata kaýyl boldy. Onuň milletiniň şu ýagdaýyna begenmeýänligi agzyndan çörek iýýän adam üçin düşnükl-ä.
-
saylanan
15 years ago
- mazmun achan blogyňa göwnümden turdy.Menem ilkinji gatanjymy siziň bilen paýlaşaýyn onda.
Türkmen taryhynyň möhüm şahslaryndanbiri Görogly begdir.Görogly hakda häzire çenli dogrudan hem ýaşap geçen adammy diýip jedel edip ýören-de bar. Bu gülkünç sorag. Sebäbi halk öz hakydasynda ýüzlerçe ýyllap ýaşan gahrymanlaryny öldürmän ýüreklerinde saklaýarlar. Elbetde ýaşan we ýaşajak gahryman Görogly begiň nirede ýaşandygy hakda jedelli gürrüňler bar.Emma Eýranda Türkmenleriň ýaşan ýeri bolan (muny taryh we toponomik atlar subut edýär)Horasan welaýatynda Çemenbid diýen ýerde Goroglynyň Çardagly Çandbili bar. Çar tarapyny dag gurşap oturan bu ýeri ýaşamak üçin amatly.Gala ýaly edip oturan bu ýer hakda oturymly ilat Gorogly ýaşapdyr diýen bilgini berýärler.Bu ýerde Gorogly bilen baglanyşykly bashgada birnäçe taryhy ýerleriň ady bar. Bu hakda nesip bolsa men ýörüte makala ýazmakçy.
häzirlikçe Görogly hakda gysga ýazdym welin geljekde belki makalamy size ýetirerin hormatly talyplar.
-
mazmun
15 years ago
- şol ýaşulynyň gürrüňiniň dowamy:
-Ýigirmi sekizinji ýyl bolsa gerek ,hanyň yzyna düşüp, guma siňdik. Han öz ýaranlary bilen Owganystana aşmakçy boldy. Hä diýmänem göterilmelidi. Biz galmakçydyk. Emma handan gorkýardyk. Aýdyp bilemizok. Ine bir gün han hemmäni ýygnady: “Adamlar, galjagyňyza rugsatdyr. Çigit ýaly öýkäm, kinäm ýok. Men diýip kökenek bolduňyz, horlandyňyz, günämi ötüň, biziňki bolmady, at ýüwürmez, bagt ýüwürer, ykbal kejine tutdy”.
Aý berip oturan märeke bir gozgandy. Aramyzdaky dogumlyraklarymyzdan birki sanysy ýerinden turup, gol gowşuryp:
-Han hezretleri, siziň diri ýeriňizde diri, öli ýeriňizde ölidiris - diýdiler. Märekeden ses seda ýok, hanyň jogabyna garaşdyk.
-Adamlar, indi iş işden geçdi, o sözüň ýeri däl. Watan diýlen zadyň aýraçylygy ýamandyr. Ölinçäň ýadyňdan çykmaz. Meniň maslahatymy tutsaňyz galyň. Ýöne han öz raýatlaryndan bizar bolupdyr-ow diýjek bolsaňyz-a onda başga gep, gideliň. Şu çal baş egnimdekä, alla ýol berse, sizi hor zar etmen. Ýöne watandan jyda düşmäň.
Han bu sözünde hamsykdy. Ol aňyrsyna bakyp, elýalygyny ýüzüne syldy.
-Gaýtjaklaryň ile ýeter ýaly azyk-owkat, suw-sol üpjünçiligini gamlaň – diýip, han kesgitli aýtdy. Birneme ynam artyp ugrady. Bize goşulýanlaryň sany artyberdi. Öz nökerlerinden ýedi-sekiz atlyny öňümize saldy. Olaň nökerbaşysyna berk sargady:
-Tä iliň garasy görünýänçä ugradyňp gaýdyň – diýdi.
Biz şeýdip yza gaýtdyk. Tä ile gelip goşulýançak agzymyzda nem ýokdy, gusgurydy. Tüpeň sesi häli eşidilýäýer, indi eşidiläýer diýip gorkduk. Emma han-u onuň atlylary bize azar bermedi. Ýöne men şondan soň ýigirmi-otuz ýyllap Sibirde buz ýassanmaly boldum – diýip durdy aga gürrüň berdi.
-
mazmun
15 years ago
- ýaşulynyň hywa hanynyň öldürilişi barad beren gürrüňi:
Hywa hanynyň kellesini Jüneýt hanyň özi almandyr. Bu işi amala aşyrmak üçin 1918-nji ýylyň 30-njy oktýabrynda Jüneýit han öz ogly Eşi hanyň ýolbaşçylygynda jemi 8 adamdan (käbir maglumata görä 12 adam) ybarat atly otrýady Hywa iberýär we Isfendiýar han özüniň “nurullabaý” köşgünde öldürilýär. Şeýle hem, Hywa hanynyň öldürilmrginiň ýek-täk sebabi bir türkmen gyzynyň ykbaly we onuň kakasynyň namys yzarlamagy diýip düşündirmek bolmaz. Hywa hanynyň başga-da köp eden etdilikleri halkyň halys degnasyna batypdyr. Gapma-garşylygyň ýitileşmegini amatly pursat edinen Jüneýit han, Isfendiýar hanyň ýoguna ýamak isläpdir. Bu işi amala aşyrsa birinjiden-ä, halkyň ar-namysyny, bähbidini goraýjy höküminde öňa uly şöhrat getirip biljekdi, ikinjiden hem, bütin Hywa hanlygynda özüniň hökümdarlygyny ýöretmekdäki päsgelçiligi aradan aýyryp, öz diýen adamsyny tagta çykaryp biljekdi. Ol şeýle hem boldy.
Eşi, ýanyndaky 8 sany türkmen ýigidi bilen Hywa bazarynda aýlanyp ýören eken. Özlerem dişinden dyrnagna çenli ýaraglanypdyrlar. Bu barada Hywa hanyna habar ýetirlende, ol türkmenleriň näme maksat bilen gezip ýörendiklerini biliň diýip buýruk berýär. Hanyň ýasawullary bu barada türkmenlerden soranlarynda: “Biz-ä Hywa bazaryna gelipdik, indem söwdamyz gutaransoň, han aga bilen salamlaşyp geçäýmek niýetimiz bar” diýip jogap beripdirler. Olaryň “hoşniýetli” maksady hana habar edilýär. “Onuň ýaly bolsa, goý gelsinler” diýipdir. Birsalymdan soň, ýaňky türkmen atlylary “Nurullabaý” köşgüniň bärrägine baryp atdan düşipdirler. Diňe Eşi bilen ýene-de iki sany ýigit ähli ýaraglaryny sypyryp aýyrypdyr-da hanyň köşgüne tarap ýönelipdirler. Bu ýagdaýy aňyrdan synlap duran Isfendiýar han, bular dorudan hem salamlaşmaga gelen ekenler diýip, özüni arkaýyn duýupdyr. Han türkmen ýigitleriniň biri bilen salamlaşmak üçin elini uzadan wagtynda böwründen pyçak sokulypdyr. Olar ähli ýaraglaryny göz üçin galdyran bolsalar-da , biriniň ýeňiniň içinde pyçagy bar eken. Muny bolsa hiç kim güman etmändir. Hanyň öldürilendigi baradaky habar ýaýraýança, türkmen ýigitleri eýýäm ep-esli ýol geçipdirler Elbetde, bu il arasyndaky aýdylýan gürrüň. Ýöne bu işi amala aşyrmak üçin öňden taýýarlanylan bolsa gerek. Sebäbi hanyň köşgünde Jüneýit hanyň hemişelik ýörite wekili bolupdyr.
Öldürilen Isfendiýar hanyň ýerine onuň kiçi dogany Seýit Abdylla töre tagta çykarylýar. Ol “köşk garawuly” höküminde oturupdyr diýäýmeseň, hakykatda, iki ýylyň dowamynda (1918-1920 ý)Hywa hanlygynyň içki we daşky meseleleri bilen baglanyşykly ähli işler Jüneýit handan birugsat çözülmändir. Dogry Şammy kel, Goçmämmet han, Gulamaly dagy özbaşdak topar düzüpdirler. Ýöne Jüneýit han olara eýgertmändir. Şol döwürde eýýäm Jüneýit hanyň ady diňe bir Hywa hanlygynda däl, eýsem onuň çäklerinden daşarda-da tanalypdyr.şeýle hem Jüneýit hanyň ýurt soran döwründe ogurlyk, är-aýal arasynda nika bozmak bolmandyr, ol külli günä hasaplanypdyr diýilýär. Ol günä bolanlygyndan däl-de eýsem Jüneýit hanyň bu barada ýörite jar çekdiren höküminden howatyr edendikleri bile düşündirilýär.
-
mazmun
15 years ago
- Jüneýit hanyň öz jesedini Ysmamytata (ismi Mahmyt Ata) öwlýäsinde jaýlamak hakynda ogullaryna eden wesiýeti barada gürrüň;
Eýsem, jüneýt hanyň bu wesiýetiniň düýp manysy, syry nämeden ybarat?! Gürrüňi edilýän Ysmamydata öwlýäsiniň gonambaşysy ismi Mahmyt Ata hakda din ugrundan habarly adamlar şeýle gürrüň berýärler. XIV asyrlarda Horezmde yslamy wagyz ediji, täsirli şahs bolan ismi Mahmyt Atanyň perzendi bolmandyr. Ynha, bir gün Muhammet pygamber onuň düýşüne girip, oňa şeýle diýýär: “Saňa ogul-gyzam berip bilmedik. Sebäbi Allatagalanyň ýoluny ýöretmek üçin seniň ol zatlara eliň ýetmedi. Seniň yzyň ýitmez. Ýöne sen göwnüňde näme dilegiň bolsa aýt, ol kabul bolar”.
Ismi Mahmyt Ata özüniň gonambaşy boljakdygyny öňünden aňan ekeni. Şonuň üçin ol ýeke- täk dileg edipdir: “Meniň topragymda jaýlanan bendeler, olaryň bu dünýäde nähili agyr günäleri bolsa-da, o dünýäniň sowallaryndan, azaplaryndan halas bolsun.”.
Ynha, Jüneýit han şu gürrüňlere ynanany üçinem özüniň Ysmamyt ata öwlýäsinde jaýlanmagy wesiýet eden bolmaly. Sebäbi ol weli bolmasa-da , özüniň ak guş däldigini, bu dünýäde nähak işinde-de özüniň ýetdik paýynyň bardygyny aňan adam bolansoň, o dünýäsiniň aladasyny edipdir.
Hanyň ogullary atalarynyň jesedi salnan teletin gaby hiç bir goh-galmagalsyz, otuz düýe berip, serhetden geçirýärler we ony getirip, Ysmamyt Ata öwlýäsinde jaýlap gidýärler. Merhumy gijelikde, il gözinden sowarak wagty, az sanly adamlaryň gatnaşmagynda depin edýärler. Hany jaýlamaga gatnaşan adamlaryň köpüsi häzir ýok, ýöne onuň gubry welin bar-diýip ýaşuly sözüni soňlady.
-
mazmun
15 years ago
- saýlanana, şu pikire nähili garaýaňyz:
"Kör han ogly Ugurjyk , alp,
Gezdi türk ilin at salyp,
Körogly oňa at galyp
Paç alyp geçdi, sagy soly.
Görşümiz ýaly , eposyň baş gahrymanynyň kakasynyň ady Kör han eken. Onuň adynyň manysy bize aýdyň. Gahrymanyň öz ady ugur. Eýsem “jyk” goşulmasy näme diýilmegi mümkin. Ol söýgýlilik ýa-da kiçijik sypat. Derejesiniň goşulmasy däl. Ol düýp söz. Gadymy türki dilde bu söz “ serdar” manysyny aňladypdyr. Mysal üçin ,”seljuk” sözi şeýle ýol bilen ýasalypdyr. Gadymy eždatlarymyzyň dilinde “sel-sül” goşun, ýygyn manysyny berýän ekeni. Onuň yzyna ýokardaky söz goşulyp, “sel-juk”- goşunbaşy, serdar, serkerde manylaryny aňladypdyr. Bendiň ilkinji setrinde gelýän “alp” sözi hem gadymy dilde “batyr” diýmekdir. Şeýlelik bilen bu setrden “Kör (batyr) hanyň ogly batyr serkerde Ugur” diýen many gelip çykýar. Bu bolsa eposyň baş gahrymanynyň esasy häsiýeti. Şeýsaýydan bir asyr öň ýaşan Abylgazy bolsa Ugurjygy “Salyr Ugurjyk Alp” formasynda beripdir. Bu ýerde dilimize häsiýetli bolan ses çalşygynyň bardygy görünip dur. Olaryň aslynda bir adamyň ady bolup gelýändigini eposyň genezisini öwrenijiler bir agyzdan tassyklaýar.
Şeýlelik bilen, oguznama sýužeytiniň we halk eposynyň baş gahrymanlarynyň ady özüniň formasy boýunça biri-birine –Oguz –Ogur –ýakynlaşýar. Olaryň bir kökden emele gelendigini tassyklamak üçin şu ýerde azda – kände lingwistik barlagyň zerurlygy bar. Taryhçylaryň köpüsi “oguz” sözüniň öküz manysyny aňladýandygyny ykrar edýär. Sowet alymy A.N.Bernştam, nemes alymy G. Ramstedt köp sanly barlaglardan soň “oguz” sözüniň gadymy mongol , türk dillerinde öküz manysyny aňladýan “üker” sözünden gelip çykandygyny anykladylar. Olaryň tassyklamagyna görä , has soň bu söz ses sazlaşygy esasynda “ükür” formasyna geçipdir. Bize belli boluşy ýaly, häzirki türkmen dialektleriniň ençemesinde ökäze “üküz” diýilýär. Diliň ösüş kanunlary esasanda gadymy “ükür” sözi has soňrak “öküz” formasyna eýe bolupdyr. Sebäbi biziň eramyzyň VI asyrynda hem türki dillerde sözüň başynda “ö” sesi bolmandyr. Diňe soňky asyrlarda şeýle hadysa ýüze çykypdyr. Şol bir wagtyň özünde has soňky döwürlerde sözüň başyndaky dodak çekimlileriň “o”-laşmak hadysasy hem rowaçlanyp başlapdyr. Mysal üçin gadymy türki dildäki “öçük” sözi “ojak” , “öge” sözi “oka” , “ögük” sözi “ogul” “örlemek” sözi “orlamak”, “örün” sözi “orun” , “öň” sözi “oň” formasyna geçipdir. Biziň pikirimizçe , şu hili dil özgerişleri esasanda iň gadymy öküz manysyny beren “üker” sözi soňky döwürler “okur- ogur” formasyny aňladypdyr.
Indi ýene bir dil üýtgeşmesi barada. Türkologlaryň köpüsi gadymy türki dildäki soňy “r” sesi bilen gutarýan sözleriň soňky döwürlerde “z” sesine geçmak hadysasyny başyndan geçirendigini belleýär. Professor A.M.Şerbagyň türki dilleriň fonetikasyna bagyşlanan tutumly işleriniň köp ýeri , ine şu mesele bilen bagly. Gadymy türki dildäki soňy “r” sesi bilen gutarýan sözleriň käbiri häzirki zaman türkmen dilinde hem saklanypdyr. Ýöne olar soňuna goşulma goşulyp durnuklaşan sözlerde gabat gelýär. Mysal üçin “gyzyl-gyrmyzy”, “göz-göreç”, “köz-körük”, “guduz-gudra”, “semiz-semre” ýaly sözler. Diýmek bu hili dil özgerişleri netijesinde gadymy öküz manysyny beren “üker-ükür” sözleri kem-kemden üýtgeşmelere sezewar bolup , “oguz” görnüşine geçendir. Diýen netije çykarmak bolar. Jemläp aýtsak, taryha diýseň belent bolan Şeýdaýy ( Bu hakda edebiýatçy B.Weliýew ýörite makala ýazdy –A.B.) Görogly hakyndaky bir gadymy çeşmäni peýdalanyp ýokarky setirleri ýazypdyr. Gadymy hytaýlylar tarapyndan Mao-yun diýlen hun serkerdesiniň ady Üker bolup,
soňky döwürlerde onuň ady dil özgerişlerine sezewar edilipdir. Şol bir şahsyň ady soň-soňlar Ugur, Ogur görnüşine eýe bolup onuň hereketleri bilen bagly wakalar “Görogly” atlandyrylan halk gahrymançylyk eposyna , Oguz ady bilen hem ýazuwly oguznamaçylyk eposyna , Oguz ady bilen hem ýazuwly oguznamaçylyk däbine aralaşypdyr diýen çaklamany orta atmak isleýäris."
ahmet bekmyrat
-
btp
15 years ago
- mazmun elleriňize saglyk, siziň yaly türkmenlerimiziň barlygy hakykatdanam buýsandyryar; biz jüneyt hany, gowşut hany we beyleki öz topraklaryny ruslaryň elinden gutarmak üçin şöweşen ençeme hanlary basypalyjy diyip tanadyk; hat-da tm'daky öyümde bu barada iki tomluk rusça kitabam bardy, bu gerçekler hakyndaky hakykatlary öwrenmegiň we öwretmegiň wagty hazir garaşsyzlyk eyyamy bolmaly, olar barada hakykatlar yazylan çeper eser hiç barmyka türkmenistanda; yazgylaryňyzyň dowamyna garaşyas...
-
saylanan
15 years ago
- Ahmet Bekmyradyň makalalar kitabyndaky bu öňe sürlen pikirleri men hem okapdym.Umuman men ir aramyzdan giden Ahmet bekmyradyň pikiri bilen doly ylalaşýan.
Mazmun Jüneýit han hakynda ýazan maglumatlaryňy hem okadym sag bol! Emma Jüneýit hanyň Ysmamyt ata öwlüýäsinde jaýlanypdyr diýen maglumatyňa o diýen ynanamok.Sebabi Jüneýit han bile-bile öz ogullaryny ölümiň üstüne ibermez.Şol wagtlar bolsa Owganystandan Ysmamyt ata baraýjak bolsaň gaty howply ýollary aşmalydy.Onsoňam men hut öz gözüm bilen Owganystanda Heratyň golaýynda Türkmen galasynda Jüneýit hanyň garypja mazaryny gördüm.Ony maňa Jüneýit hanyň çowlugy Juma han görkezdi.Emma hanyň Ysmamyt ata öwlüýäsinde jaýlanmagy isländigi bolup biläýjek zat.Jüneýit han ýurtdan çykanda hemme zady mazarynyň ýat ýurtda galjagyny hem göze alyp çykandyr.Emma hanyň ruhy mydama Türkmen topragynda aýlanar . Bu ikiuçsuzdyr.
-
agayunus
15 years ago
- mazmun tüweleme,
taryhy gürriň bermek, diňlemek gyzykly. intäk häli kiçi klaslarda okaýarkak okan taryhy maglumatlarym bir-birleri bilen çaknyşyp duranlyklary üçin ýaşlygymdan taryha gyzygym gaçypdy. sözüne-özüne hormatymyz bolan ýaşulylarymyzam bolmasa taryhdan körzehin galardyk.
-
mazmun
15 years ago
- elbetde jüneyt hanyň mazary jedelli mesele. men ýokarky gürrüňleri ir döwürde bir ýaşulydan eşidipdim.
başga bir romanda hanyň jesedini serhetden aşyrylyp bilmän soň, ogullary ony serhede golaý ýerde jaýlapdyrlar diýilýär. bu dogrumyka? siziň gürrüňini edýän,has dogrusy baryp gören mazaryňyz serhede golaý ýerdemidi?
-
milliyetçi
15 years ago
- mazmun, keýmir serdar (keýmir kör) hakynda bilýän zatlaryň barmy? bar bolsa, gaýrat et-de, ýazsana.
-
saylanan
15 years ago
- Yok serhede golaý däl. Emma Owganystanda Amanulla han (Jüneýit hanyň Owgana aşan ýyllarynda Amanulla han Owganystany dolandyrýardy) Jüneýit hana islän ýeriňden saňa ýurt bereýin diýende ol heratyň ýakynyndaky obany saýlap alypdyr. Hemme türkmenler ol ýere üýşen soň bu oba hem Türkmen galasy diýen at berilipdir.Emma 1979 ýylda ruslaryň Owganystana girmegi bilen türkmenler ol ýerden gaçypdyrlar.Herat Türkmenistan serhedine iň golaý uly şäher bolsada takmyman 150km den gowrakdyr. Jüneýit hanyň iň golaý garyndaşlary şu wagt Heratda ýaşaýarlar. Olar Türkmenistana hem geçipdirler.Emma ol ýerde mekan tutdurmansoňlar olar Eýrana gelipdirler. Eýranda hem 10 ýyla golaý ýaşap ýene döwletiň zor salmagy netijesinde yzyna Owganystana barypdyrlar(bu gürrüňler 10-15 ýylyň dowamynda ýagny1995 den soň bolup geçýär.)Olar häzir haly satmak işi bilen meşgullanýarlar. Emma güzeranlary agyr aýlanýar.
-
mazmun
15 years ago
- Köp adamlar Jüneýit hany dini başgalar höküminde ruslary ýigrenen, şolara garşy urşýan hasaplaýarlar. Ýöne meniň düşünşimçe, ol ruslara däl-de , bolşewizme garşy göreşipdir. Aslynda onuň ruslary ýigrenen bolmagy-da mümkin, sebäbi, 1873-nji ýylda Gazawat ýomutlarynyň gyrlyşygy wagtynda Jüneýit han-Gurbanmämmet 13-14 ýaşlaryndaky ýetginjek bolupdur. Bu kartinany görmeg-ä däl, eşitmegem adamada ýaramaz duýgy döredýär. Ýöne Jüneýit han ak patyşadan, şeýlelikde rus goşunlaryndan döwüniň pes geljegini aňypdyr. Şonuň üçinem tä rewolýusiýa çenli, has takygy öz üstüne gelýänçäler ol ruslaryň garşysyna uruş etmändir. Rewolýusiýa bolsa haklaşmak üçin onuň iň soňky mümkinçiligi bolupdyr. Munda-da ol ýeňilýär. Özi-de iň soňuna çenli göreşýär. Meniň muny ýeňliş däl-de, ýeňiş diýip atlandyrasym gelýär. Onsoňam, hany ýeňen diňe bir sowet häkimýetiniň, Gyzyl Goşunyň ýaragynyň güýji däl-de, onuň halkyň garşysyna alyp baran syýasaty, agzalan tire-taýpalaryň agyzlarynyň has alardylmagy netijesinde hanyň ähli tarapdan izolirlenmegi, halkyň ýigrenjine sezewar edilmesi bolupdyr.
-
saylanan
15 years ago
- Bir milleti ýigrenmek Jüneýit hanyň akylyna häsiýetine bap gelmeýär.Emma diýşiňiz ýaly bolşewizmi ýigrenendir. Sebäbi Bolşewizm Türkmenlere aslyndan dininden dönmegi getirer gorkusy bilen ol bolşewikleri halan däldir. Emma Jüneýit han Russiýada ýaşap ýören gara güni üçin zähmet çeken rus halkyny görmändir. Ol diňe türkmenleriň arasyna ylmy ekspediosiya bahanasy bilen giren ýalançy ruslary-Türkmenleri öz ýurdunda ýaşamaga goýmadyk bihaýa basybalyjy ruslary görensoň tutuş rus halkyna ýigrenji köpelendir. Aslynda ol mejburlyk bilen turkmen ahlagyna gabat gelmeýän bolşewizme garşy bolandyr. Han muňa şol wagtlar göz ýetiripdir. Biz bolsa diňe 72 ýyldan soň göz ýetirdik. wah arman bilen ýumulan gözlere! Wah başga topraklarda galan han jesedine! Wah Türkmeniň algyr laçynlarynyň gadyrsyz galan mazarlaryna!
-
mazmun
15 years ago
- JÜNEÝT HAN: “Yzymda bilbilim aldy”
1928-nji ýylda Jüneýit Eýrana göçmek niýeti bilen gaçyp barýarka, Çyryşly diýen ýerde ogly Eşini öýerip, toý etmekçi bolýar. Toýuň bagşysynyň kim bolmalydygy hakynda geňeş edilýär. Birnäçe atly bagşylaryň atlary tutulanda han geplemän oturýar. Haçanda Nazar baganyň ady agzalanda hana ýarandygyny köpçülik aňýar. Ýöne bagşyny Çyryşla getirmekde iş bardy.
Gyzyl Goşun hem Ýylanla gelipdi. Şeýle howuply ýagdaýda bagşyny alyp gelmek ýaly töwekgelçiligi Han Gyzyl öz boýnuna alýar.
Nazar bagşy Goşjan gyjakçyny hem ýanyna alyp, bäş alty bolup, Çyryşla ýola düşýärler. Han Nazar bagşyny öň gowy tanansoň toýa üç-dört gün öň geler diýen tamasy bar ekeni. Bagşy toý başlamazdan bir gün öň uly märekäniň çetinden gün dogmazynyň öň ýany girýär. Bagşa daňdan duş gelen adamlaryň hijisi habar gatmaýar. Hiç kim onuň atyny tutaýyn diýmeýär. Nazar bagşy rejäniň geň däldigini aňyp, Jüneýit han we Eşi üçin tutulan ak öýüň gapysyna baryp atdan düşmän 2 sagatdan girip-çykýan emeldarlar, hyzmatkärler habar gatmansoň hanyň erbet gahary gelendigini aňan Nazar bagşy guşluga çenli at üstünde aýdym aýdýar. Bagşynyň barha ýokardan tutup aýdýan Garadäli bagşynyň “Aýralygy” , “Ýandymy” hany eredýär. Eşi çykyp bagşyny öz oturan öýüne eltýär. Bu ýerde bagşynyň obadaşy Anna bala-da bar ekeni. Bagşy Anna bala bilen ýagdaýy düşündirýär. Çaý içilip, nahar iýlip bolanyndan soň Nazar bagşyny Anna bala hanyň ýanyna eltýär. Han gansyz ýüzüni kese sowup, göwünsiz saglyk - amanlyk soraşýar. Soň aýdym-saz başlanýar. Nazar bagşy öýläne çenli “Şasenem –Garybyň” ýarsyny , gije-de ýarsyny aýdypdyr. “Bagşy Çyryşlyda “Saýatly-Hemra”, “Hüýrlukga –Hemra” , “Şasenam –Garyp”, “Ýusup – Ahmet” dessanlaryny aýdypdyr” diýip, onuň ogly Juma bagşy gürrüň berýär. Toý sowlandan soň Jüneýit han horjun doly teňňäni, hywa donyny bagşy bilen gyjakça sowagt berýär. Bagşy bir jübüt teňňäni özüne hem gyjakça berýär. Galanyny bolsa ýat llere barýanlygy üçin, toý gatanjy höküminde hanyň özüne bagyşlandygyny aýdanda han oňa haýran galýar. Altyn-kümüş almjakdygyna gözi ýeten han iki düýäni myhakly çaýdan ýükläp, ildeşi Anna balanyň ýanyna dört sany adam goşup, bagşyny obasyna eltip gaýtmagy tabşyrýar.
Bagşyny ugradyp ýola düşen han Türkmenistanyň serhedinden Eýrana geçmekçi bolanda Gyzyl Goşun bilen söweşýär. Han köp ýitgi çekip, Eýrana geçýär. Kümüşdepe diýen ýerde mesgen tutup, göwün açmak üçin halky ýygnaýar. Emma bu ýygnanşygyň, dabarasyny hiç hili gyzygy bolmaýar. Şonda han türkmenistan tarapa seredip, “Yzymda bilbilim galdy” diýip, Nazar bagşyny alyp gaýtmanyna köp arman çekipdir. Käbir makalalarda Çyryşlydaky toýuň bagşysy Magtymguly Garlyýew edilip görkezilýär. Emma 1928-nji ýylda Magtymguly bagşy entek Hywa topragyna göçübem gelmeýär. Men Nazar bagşy hakynda onuň bilen gatnaşan, tanyş adamlar bilen köp gürrüňdeş boldum. Şu makalany hem şol gürrüňleriň esasynda ýazdym.
/ýokarky makala metbugat sahypasyndan alyndy/1991ý/
-
mazmun
15 years ago
- milliyetçi, keýmir kör hakda mende kän maglumat ýok. emma eziz çapyk (eziz han) hakda,nurberdi han hakynda,gönübek hakynda gyzykly maglumatlar bar. men olary hem nesip bolsa şu ýere ýerleşdirerin.
bular biziň düýnümiz ahyryn. muny her bir türkmen bilmeli. hatda beýleki milletleriň edişi ýaly dokumental filmler düşürmeli.geljek nesile geçirilmeli. ýogsam bolmasa orta asyra degişli rowaýatdan toslanan taryh bilen taryhly bolup bolmaz-a. taryh bütin öwrenilmeli. ana şonda taryhdan sapak alyp bolar.
-
saylanan
15 years ago
- Mazmun sag bol! Sen hokman (G) bolmaly. yene bir gezek sag bol!
-
Maxat
15 years ago
- mazmun, maglumatlar üçin sagbol, taze yylda taze gadam arzuw etyan..
Mazmun sag bol! Sen hokman (G) bolmaly.
saylanan
bu name diymegay(ünsümi çekdi)
mazmun özün barada-da yaz-da))
-
mazmun
15 years ago
- Maxat, özüm barada ýazar ýaly siziňkiden tapawutly, üýtgeşik bir durmuş ýolum ýok. pikirlerim,dünýä garaýşym babatda dürli temalarda edil beýleki ýaşlar bilen bir hatarda şu saýta ýazdym. ýene-de nesip bolsa pikir alyşygyna dowam ederis.
eger hakyky adymy ýa bolmasa şahsyma degişli beýleki maglumatlary soraýan bolsaň, men bärik ýazylmagyny dogry tapmaýarn.
seniň "ünsimi çekdi" diýýän soragyňa menem düşünmedim.
diňe çak edip bileris. ""g" bolmaly" diýilende meniň ýaşaýan(nireliligim) ýerim göz öňünde tutulan bolmagy mümkin.
meselem: gürgenli,garrygalaly,gyzylarbatly,gumdagly,
garagumly ýa-da jüneýt han bilen baglylykda göroglyly(ozalky tagta) we ş.m.
belki düýbünden başga-da bolmagy mümkin.her näme bolsa-da möhüm zat däl. ýazylan pikirler,garaýyşlar,maglumatlar möhüm.
-
mazmun
15 years ago
- jüneýt han barada biografik maglumat:
Jüneýit han 1862-nji ýylda häzirki Tagta raýonynyň Bedirkent obasynda dogulýar, onuň akasy Hojabaý diýen feodal bolupdyr. Jüneýit hanyň hakyky ady Gurbanmämmet bolup, ol ýomutlaryň orsukçy urugynyň jüneýit tiresindendir. Ogullary Eşi we Eýmir örän edermen ýigitler bolupdyr. Jüneýit han köp ýyllaryň dowamynda öz obasynda kazy w mirap ýaly wezipeleri ýerine ýetiripdir, öz halkyna hyzmat edipdir.
Hywa hanlygynyň territoriýasynda ýaşaýan türkmenler irki döwürlerden bäri bu hanlygyň syýasy durmuşynda esasy rol oýnapdyr. Ptyşa Russiýasy bu ýere aralaşmazyndan öň Hywa goşunynyň esasyny batyrlykda, söweş tärlerine ökdelikde özüni gowy tanadan türkmenler düzýärdi. Hywa hany nirä harby ýöriş etse-de, türkmensiz ädim ätmäge ýaýdanypdyr. Şoňa görä-de, Hywa hanynyň hiç wagt olara sözi ýöremändir. Türkmenler hana diýenini gögertmegi başrypdyrlar. Indi bolsa, Hywa hany patyşa Russiýasynyň goldawyna daýanyp, türkmenleriň üstünden hökümdarlygy berkitmek isläpdir. Ýöne bu edilen synanşyklar hem başa barmaýar. 1912-nji ýylyň tomsundan başlap Hywa hanlygy bilen türkmenleriň arasynda gapma-garşylyk has ýitileşýär. Han häkimýeti türkmemnler babatda öňküje ýerine bşýetirmeli borçlaryny berjaý etmekden-ä geçen, gaýtam her hili agyr salgytlar tölemeli edilýär. Munuň üstesine-de, ýer- suw, salgyt reformasyny geçirmäge synanyşyk edýär. şonsuz hem patyşa hökümýetiniň koloniýal syýasaty zerarly horluk baryny gören türkmenler ýaraga ýapyşmaly bolýar. Ýurtdaky boluň geçýän agyr ýagdaýdan peýdalanyp, belli bir derejede öz bähbidini-de göz astyndan salmadyk, Jüneýt han halkyň tolgunmasyna ýolbaşçylyk etmegi başarypdyr. Şol wagt ol elli ýaşynyň içinde eken. Ilki bada ol özüniň gowy ýarglanan garyndaş toparlaryny töweregine jemläpdir. Garagumda birnäçe söweş kerwenlerini talamk bilen, kiçeňräk galtamançylyk-hereketlerine balapdyr we ony serdar diýip atlandyrypdyrlar. Soňra ownugyrak galtamanbaşylaryň, serdarlaryň birnäçesini özüne tabyn edýär, hatda, özüniň bäsdeşi iki doganoglanyny-da öldüripdir. Şeýle gazaply hereketi bilen il arasynda adygyp ugraýar. Öz tiresiniň ady bilen baglanyşykly ony Jüneýit han diýip atlandyryp başlaýarlar. Sebäbi, ol öz obasyndaky ilatyň garyp ýa-da baý bolmagyna garamzdan, olaryň ar-namysyny goramagy başarypdyr. Söweş tärlerine ukyplylykda, nyşana urmakda, batyrlykda onuň öňüne çykan bolmandyr.
1912-1913-nji ýyllarda Hywa hany patyşa Russiýasynyň güýjüne daýanyp, türkmen raýonyndaky gozgalaňy ýatyrmak üçin harby ekspedisiýa geçirýär. Muňa jogap edip Jüneýit han özbek obalaryna çozýar. Şeýle-de bolsa, indi Jünebit hany diňe türkmenler däl, eýsem, Hywa hökümetiniň alyp barýan syýasatyna nägile bolan özbekler hem aktiw goldapdyrlar. 1913-nji ýylda türkmenleriň ýaraglanan topary 15 müňe ýetipdir. Türküstanda patyşa Russiýasyny gysyp çykarmakda Jüneýit hanyň uly daýanç boljakdygyna käbir daşary ýurt hökümetleri hem gyzyklanypdyrlar. Şoňa görä-de, 1914-nji ýyldan başlap, Jüneýit hanyň ähli alyp baran işlerine ilki german-türk, soňra bolsa anglo-türk razwedkasy goldaw berýär. Şeýdip, olaram Türkistandan tamakin bolupdyrlar.
dowamy bar...
-
mazmun
15 years ago
- yzy, öňi ýokarda...
Milli buržuaz taryhy öwrenişde Jüneýit hanyň: “Türkmen halkynyň bähbidini goraýjy”, “Türkmenleriň milli gahrymany” diýilip görkezilmegi , ýa-da 1930-njy ýyllarda neşir edilen kitaplaryň käbirinde: “Hywa türkmenleriniň umumy ykrar eden hany” diýen setirleriň bardygy hakykat. Emma şeýle düşünjeleriň Sowet döwrüniň soňky ýyllarynda çykan neşirlerde üzül-kesil tankyt edilmegi döwrüne baha berseň geň hem däldir. Ýöne şol neşirleriň hiç biri-de türkmenleriň garaşsyzlygy ugrynda çykyş edendigini inkär edenok. 1916-njy ýyldaky ýerli ilatyň uly tolgunmasyna halk gozgalaňy diýilmegi hem ýöne ýerden däldir. Bu göreşde Jüneýit hanyň rolunyň uludygy belli zat.
1916-njy ýylda Hywa hanynyň eden-etdiligi, patyşa Russiýasynyň koloniýal sütemi diňe bir türkmenler däl, eýsem özbekleriň, garaglapklaryň we beýleki halklaryň halys degnasyna degen degip, hatda ýetişen gyzlaryny zorluk bilen alyp, öz köşgüne getirmäge çenli baryp ýetdi. Halk gozgalaňyň esasy sebäplerini anyklamak üçin Türkistan general-gubernatorynyň görkezmesi boýunça Daşkentden ýörite iberilen general Geppener hem muny Hywa hanynyň we çinownikleriň prowokasiýon hereketleriniň netijesi diýip bellemäge mejbur bolýar (“Türkmenowedeniýe”, 1930.№ 1, 15 sah)
Jüneýit han onsoň türkmeniň ar-namysy ugrynda ykjam aýaga galmaly bolýar. Şol döwürde Hojeýliniň begi Öwezhoja bolsa özbekleri öz töweregine jemläpdir. Şeýlelik-de , 1916-njy ýylyň halk gozgalaňy ähliumumy häsiýete eýe bolup, bütin Orta Aziýada giň gerim alýar. Jüneýit hany goldan toparlar has köpelýär. Sebäbi, ol her bir meseläni örän akylly we adalatly çözmegi başarypdyr. Edermen we guramaçylyk ukybynyň bolmagyna oňa berilen tebigy hadysa höküminde garasaň hem boljak. Şoňa görä-de, Hywa hanyň etmişleri zerarly, hut özbekleriň-de kömek sorap Jüneýit hana arz edip gelmekleri ýöne ýerden däldir.
1916-njy ýylda Jüneýit han yslam dinini we şerigaty goraýjy hökmünde fanatiki ideýa esaslanyp han işan bilen bilelikde hereket edýär. şeýle ideýany öňe sürmek bilen, dogrudan hem, ol Hywa hanlygyny rus kolonizatorlaryndan azat etmäge synanşyk edipdir. Şoňa görä-de, Jünebit hany özbek fiodallarynyňda belli bir topary goldapdyrlar. Ýöne, bu meselede Hywa hany Isfendiýar belli bir derejede päsgel berýärdi. 1916-njy ýylyň ýanwarynda Höjeýlidäki özbekler özleriniň närazylyklaryny aýtmaga Hywa gelende Isfendiýar han olary tussag edýär. Hojeýliň fiodalary kömek sorap, Jüneýit hana arz erdýärler. Ol hem 3 müň atly nöker bilen Hywa galasynyň sebitine gelip, tusag edilenler bilen gije-gündiziň dowamynda boşadylmasa, paýtagta girip, ählisini derbi-agyn etjekdigini Isfendiýar hana duýdurýar. Gepleşik netije bermänsoň, Jüneýit han diýenini hem edýär. onuň bilen hem çäklenmän, gürlen, Şawat, Kyýat, Daşoguz şäherlerini hem alyp, ol erler-de gözegçilik eder ýaly öz adamlaryndan ýörite wekil belleýär. Ondan başga-da, baý fiodallaryndan we kärhana eýelerinden 260 müň manat kontribusiýa alýar (SGWIA, f-2000 OP.1.d. 782, l.87) Isfendiýar hany bolsa tagtdan düşürýär. Emma patyşa hökümeti özüniň ähli koloniýal syýasatyny Isfendiýar hanyň üsti bilen amala aşyrýanlygy sebäpli, bu ýagdaý bilen ylalaşmaýar. Amyderýa bölüminiň naçalnigi polownik Kolosowskiý Jüneýit hanyň paýtagytdan çykmagyny talap edýär. Hywa hany Isfendiýar bolsa özüniň bir damja ganyny geçmegini haýyş edip, Jüneýit hanyň aýagyna ýykylýar. Jüneýit han bolsa ondan 60 müň manat hun alyp, ýene-de yzyna dolanýar. (SGU UzSSR, f.1, op.1, d,1104, l.157) Şeýlelik-de patyşa hökümetiniň bu işe goşulmagynda Isfendiýar han ýene-de , öz tagtyna dikeldilýär. Ýöne halk gozgalaňynyň barha möwç almagy, Jüneýit hanyň Hywa tagtyna bäsdeşlik etmäge patyşa hökümetini ynjalyksyzlandyrypýar. Şoňa görä-de, gozgalaňy basyp ýatyrmak üçin general Gakiniň ýolbaşçylygynda jeza beriji otrýad bütin türkmen obalarynyň içinden ot we gylyç bilen geçýär. Müňlerçe türkmenleriň rehimsizlik bilen gyrylmagy sebäpli, bu wakanyň halk arasynda häli-şindilerem “Galkin ýyly” diýip ýatlanylmagy ýöne ýerden däldir.
-
mazmun
15 years ago
- yzy, öňi ýokarda...
1916-njy ýyluyň gozgalaňy basylyp ýatyrylandan soň Jüneýit han Owganystana gaçyp gidýär. Ol ýerde Jüneýit han bilen aragatnaşyk saklamak üçin britan razwedkasy ýakyndan gyzyklanýar. Sebäbi ol ýurtdaky her bir çylşyrymly ýagdaýdan peýdalanyp, Hywa hanlygynda, umuman, Türkistanda patyşa Russiýasynyň täsirini aradan aýryp, Angliýanyň koloniýasyna öwürnegi niýet edinýärdi. Hut şeýle maksady amala aşyrmak üçin Jüneýit hany özleriniň iň bir täsirli daýanjy hasaplapdyrlar.
1917-nji ýylyň sentýabrynda jüneýit han Owganystandan yzyna gaýdyp gelýär. Indi ýurtda ýagdaý düýpgöter üýtgäpdi, Hywada wagytlaýyn hökümet Isfendiýar han bilen bilelikde halkyň rewolýusion hereketine garşy aýgytly göreş alyp barýardy. Jüneýit han Owganystanda bolan döwründe eýýäm iňlis wekilleri bilen gepleşik geçirip, ýurtdaky kontrewolýusion güýçler bilen bilelikde bolşewiklere garşy aýgytly göreş layp barmak barada ylalaşyga gelipdi. Angliýanyň hökümeti bolsa ony doly goldamalydy. Edil şeýle wezipäni Zakaspidäki Eziz Çapykow (Eziz han) alyp barmalydy. Şoňa görä-de, Jüneýit han Owganystandan yzyna dolanyp gelende Wagtlaýyn hökümetiň Hywadaky wekili harby komissar polkownik Zaýsew tarapyndan örän “mähirli” kabul edilýär. Şeýlelikde, Zaýsewiň kazak otrýady, Jüneýit hanyň nökerleri bilen bilelikde rewolýusiaýny basyp ýatyrmaga aktiw gatnaşýarlar. Jüneýit hanyň ozalky alyp baran ähli göreşi rus kolonizatorlaryny hem-de Isfendiýar hanyň we onuň çinownikleriniň eden-etdiliklerine garşy gönükdirilen bolsa, indi ýokardaky ýagdaýyň üýtgemegi sebäpli, wagytlaýynça olar bilen umumy ylalaşyga gelmeli bolýar. Hywa hanlygynda ýaşaýan ilatyň kyn hupbatlary başdan geçirýän döwründe Russiýada Oktýabr sosialistik rewolýusiýanyň ýeňip üstün çykmagy bu ýerde ýagdaýy has çylşyrymlaşdyrdy. Indi Jüneýit hanyň ähli alyp barjak göreşi Sowet häkimýetine garşy gönükdirilýärdi.
dowamyny soň ýazaryn...
-
mazmun
15 years ago
- indi, ýokarda ady agzalyp geçilen, zehinli türkmen alymy ahmet bekmyradyň milletimiziň adynyň gelip çykyşy barada öňe sürýän pikirlerini dikgatyňyza hödürleýärin.
bu pikir gaty tasin,we hakykata bap gelýän garaýyş.
(aslyýetinde bu aýratyn bir tema hem bolup bilerdi.)
“Oguznamada” aýdylşyna görä, Oguz hanyň pähimdar geheşçisi Ulug Törük düýşünde bir altyn ýaý hem üç sany kümüş ok görýär. Ol düýşüni Oguzhana aýdyp, oňa şol ýaý bilen oklary tapyp almagy maslahat berýär. Oguz han alty ogluny üç-üçden iki topara bölüp, ýaý bilen okuň gözlegine iberýär. Onuň uly üç ogly ilki altyn ýaýy tapyp getirýär. Oguz han ýaýy üçe bölüp , her bölegini bir ogluna berýär. Şol üç ogluna hem BOZUK diýen at berýär. Sebäbi ol ýaýy deň bölmek üçin ony döwmeli , bozmaly bolýar. Soň galan üç kiçi ogly üç kümüş oky Oguz hana gowşurýar. Kakasy olaryň hersine bir oky berip, olara ÜÇOK diýip at dakýar. Şondan soň ol Bozoklardan bolan on iki agtygyny sag tarapa, Üçoklardan bolan on iki agtygyny hem çep tarapa geçirip , olary iki topara bölýär. Şeýdip oguzlaryň iki taýpa birleşigi döreýär. Sebäbi, ähli “Oguznamalarda” bellenilişi ýaly , Oguz hanyň her agtygynyň ady soň –soňlar bir oguz-türkmen urugynyň adyna öwrülipdir. Şeýlelik bilen oguzlaryň Bozok birleşiginiň keramatly nyşany ýaý-keman, onuň üçok atlandyrylýan birleşiginiň keramatly nyşany hem ok-tir bolup galypdyr.
Okyýjylaryň bu ýerde näme üçin ok bilen ýaýa köp agram salynýar diýilmegi mümkin. Munuň öz emmasy bar. Biziň pikirimizçe ,”türkmen” sözüniň ýüze çykyşy oguzlaryň , ine, şu keramatly nyşany ok-tir bilen ýaý-keman bolan Üçok we Bozyk taýpa birleşikleriniň taryhy bilen bagly bolmaly. Ozaly bilen şeýle bir mysal. Rus alymy I.F. Balaramberg 1841-nji ýylda Peterburga türkmenleriň taryhy hakynda ýazylan kitaby neşir etdiripdir. Ol bu işinde “türkmen” sözi “tir-u-keman” diýen iki sözden emele gelipdir diýen pikiri orta atýar. Öz pikirini türkmenleriň geçmişde ok-ýaýa ýa-da tir-kemana türgen bolandygy bilen delillendirmäge synanşypdyr. Alym diýseň gyzykly meseläniň başyny başlapdyr. Ýöne ol ahyryna çenli alyp gidip bilmändir. Taryhçylaryň “türkmen” adynyň “tir” we “keman” sözlerinden emele gelipdir diýen pikiri welin üns berilmeli fakt. Biziň pikirimizçe, “türkmen” ady şol sözlerden emele gelipdir. Emma ol diňe türkmenleriň tir-kemana türgenligi bilen bagly bolmandyr. Ol has düýpli zat bilen, oguz-türkmenleriň öňde ýatlanan iki taýpa birleşiginiň taryhy bilen bagly döredilipdir.
Eger türkmenleriň taryhy bilen bagly çeşmeleri içkin yzarlasaň , bu ýagdaýy aňşarmak bolýar. Tä X asyra çenli olaryň “oguz” ady ýörgünly bolupdyr. Bu asyrdan başlap “türkmen” ady hem peýda bolupdyr. Eýýäm XI asyrda “oguz” ady-da “türkmen” ady –da deň derejede ulanylypdyr. Muny Kaşgarlynyň “Oguzlar- türkmenlerdir” diýip berýän maglumatlary hem tassyklaýar. Bellemeli tarapy, XII asyrdan soň “oguz” sözi kem-kemden aradan aýrylyp başlapdyr. Tersine “türkmen” sözüniň işçeňligi artypdyr. Soňluk bilen ol “oguz” sözi bütinleý gysylyp çykarypdyr. XII asyrdan soňky çeşmelerde “oguz” türkmenleriň ozalky ady höküminde gelýär. Diýmek, “türkmen” sözüniň ýüze çykyşyny hem, ine şu iki adyň biri-birini çalyşma döwrüniň öň syrasyndaky oguzlaryň taryhyndan gözlemeli. Bize oguzlaryň Üçok hem Bozuk atlandyrylan iki birleşikden ybarat bolan dygy indi belli.
dowamy bar...
-
mazmun
15 years ago
- yzy, öňi ýokarda...
Elbetde “türkmen” hem “tirkeman” sözleriniň arasynda tapawut bar. Ýöne dilçileriň nukdaý nazaryndan çemeleşilende, olaryň agzyny bir edip boljak: Türkmen dilinde çekimli sesleriň biri-birine uýgunlaşmagy –singormonizm ýörgünli kadalaryň biri. Şu esasda “tirkeman” sözi “ tirkemen” görnüşine geçendir diýip pikir edýäris. Bellemelei tarapy , türkmen dialektleriniň köpüsinde “kemana” “kemen” diýilýär. Hatda “kemenli” diýen etnonom hem bar. Soňky asyrlarda türkmen dilinde birinji bogundaky “i” çekimliniň ýerine “ü” çekimliniň geçmek kadasy güýçlenipdir. Mysal üçin gadymy türki didäki “ýinji”,”ýip”, “min”, “miň”,”tiz”,”tiwe” ýaly sözlere türkmen dilinde “hünji”, “ýüp”, “mün”, “müň”,”düz”,düýe” görnüşine geçipdir. Arap-pars dillerinden alnan “mirze”, “misir”, “mişk”, “sitem”, “himmet”, “hijre” ýaly sözler hem türkmen dilinde “mürze”, müsür”, “ müşk”, “sütem”,”hümmet”,”hüjre” diýlip aýdylýar. Şu ýagdaýa görä ,”tirkeman” sözi “türkemen” formasyna geçen bolsa gerek. Profesor J. Amansähedow türkmen diline häsiýetli bolan bir kadany belläpdir. Ol köp bogunly sözleriň ikinji bogunyndaky çekimli sesleriň düşüp galmak kadsy. Alymyň getirýäni hem alynma sözlere häsiýetli. Mysal üçin, “telefon”, telegramma”, “papiros”, “hökümet”,”patyşa”,”bilet”,”minut”, “eşit” ýaly alynma sözler gepleşikde hem dialektlerde “tilpun”, “tilgram”, “ paprus”, “hökmet”, “paşa”, “bilt”, “mint”, “eşt” görnüşde ulanylýar. Edil şonuň ýaly “keman” sözi hem alynma söz. Ol türki dile VIII asyrdan soň aralaşypdyr. Ine şu kada boýunça ozal “türkemen” görnüşinde bolan söz ahyry “türkmen” formasyny alypdyr. Başgaça aýtsak, ýokarky ýaly dil özgermeleri boýunça ol şeýle ösüş ýoluny geçipdir: tirkeman- tirkemen- türkemen- türkmen.
Biziň “türkmen” sözüniň ýüze çykyşy hakyndaky şahsy garaýşymyz, ine şeýle. Elbetde biz meseläni doly çözdük diýen pikirden daşda. Ýöne, göwnüme bolmasa, “türkmen” adynyň şeýle düşündirilişi halkyň gadymky taryhy durmuşy, etniki gurluşy bilen has berk badaşýan ýaly bolup dur.
ahmet bekmyradyň bu işini gysgaldyp aldym.
-
mazmun
15 years ago
- indi, ýene-de ýakyn taryhymyzdan maglumatlar.
rus basmaçylarynyň,basybalyjylarynyň gökdepäni gyrgyna bermeziniň öň ýanynda ahal ilinde ýaşaýan türkmen öýleriniň sany:
Gäwersde 100 öýli
Bagyrda 280 öýli
Gökjede 400 öýli
Gypjakda 380 öýli
Gorjawda 1000 öýli
Kelejarda 2000 öýli
Bamyda 300 öýli
Köşüde 200 öýli
Durunda 300 öýli
Änewde 90 öýli
Aşgabatda 1000 öýli
Köşüde 200 öýli
Yzganda 400 öýli
Babarapda 100 öýli
Tilkiýabynda 300 öýli
Ganjykýabynda 400 öýli
Büküride 100 öýli
Gagşalda 500 öýli
Mehinde 400 öýli
Käriz we Keletede 300 öýli
Akdepede 500 öýli
Garaganda 560 öýli
gysylarbatda 1000 öýli
Durunda 300 öýli
Änewde 90 öýli
Änewde 90 öýli
Gökdepde 2000 öýli
Ýarajyda 600 öýli
Börmede 800 öýli
Mirewede 110 öýli
Herrikgalada 570 öýli
Ýasmansalykda 600 öýli
Büzmeýinde 1000 öýli
Bäherdende 400 öýli
Mürçede 180 öýli
Sünçede 60 öýli
Arçmanda 300 öýli
Änewde 90 öýli
jemi: 18000 öýli
-
mazmun
15 years ago
- indiki sohbet nesimi barada
Arapnyň nutgy baglandy dilinden,
Seni kimdir diýen kim, türkmen sen.
Jany terk eýledim, geçdim jahandan,
Seni bildim ki jan ile jahan sen.
Seýit Ymameddin Nesimi
(1370-1417)
XIV-XV asyrlarda ýaşap geçen dünýä belli türkmen şahyry Seýit Ymameddin Nesiminiň doglan wagty we ýeri resmi çeşmeler arkaly anyk bolmasa-da, onuň Rumustana degişli Halap şäherinde, türkmenleriň köp ýaşan ýerinde dünýä inendigi barada maglumatlar bar.
Alyşir Nowaýy “Nesaimul Muhubbet” atly tezkiresinde Nesimi barada şeýle maglumat berýär: “Seýit Nesimi Yrak we Rum tarapdaky mülkden eken. Rum türkmenleriniň dilinde goşgy aýdypdyr. “
Nesimi özüniň gelip çykyşy boýunça türkmen bolupdyr. Yrakda, Siriýada, Liwanda ir wagtlardan bäri türkmenler ýaşapdyrlar, olar şol ýerlerde häzirem ýaşaýarlar.
Nesiminiň Halapda öldürilendigi belli.
Nesiminiň döredijiligi ýokary çeperçiligi, çuňňur many-mazmunlylygy bilen tapawutlanýar. Ol ýaşlygyndan tä jesedinden jany çykýança, diriligine derisini soýup durkalaram, goşgy döredipdir.
Onuň ýiti pikiri, özboluşly, batyrgaý dünýägaraýşy, döredijiliginiň ruhubelentligi we köptaraplylygy akylyňy haýran edýär. Ol gazal ýazmakda türkmen edebiýatynyň düýbüni tutujydyr
Durmuşda hemme adamlar, şol sanda erkek bilen aýal deň bolmalydyr, söýgi meselesinde azat bolmalydyr diýen oňyn matlap öňe sürülýär. Bu matlap Nowaýynyň söýgi lirikasynyň içindenem eriş-argaş bolup geçýär.
Nesiminiň döredijiliginde onuň ýiti synçylygy äşgär duýulýar. Onuň köp sanly şygyrlarynda, şol bir wagtyň özünde yşky lirikasynda hem adam häsiýetleriniň köp taraplary açylyp görkezilýär. Şahyr “Bellidir” goşgusynda:
Her kişiniň sormaň aslyn, yzzatyndan bellidir,
Söhbeti irfan görenler hyzmatyndan bellidir. . .
Eý, Nesimi, nagdyňy nadan eline berme kim,
Jöwheri dana biler kim gymmatyndan bellidir –
diýmek bilen şahyr adamyň aslyny sorap bilmegiň edepsizlikdigini, özüni alyp barşyndan, edebinden, hormatyndan, hereketinden, söz urşundan, oturyp-turşundan, kimdigini aýan edýändigini belleýär.
Nesimi dini-sopuçylyk garaýyşly şygyrlar, mesnewi we rubagy hem ýazypdyr.
Nesimi özüni hudaýyň bir bölegi saýan şahyrdyr. “Enel-hak, menel-hak!” diýip ýaşaýar we döredýär. Bu “Menem-hak, senem-hak”diýdigidir. Şonuň üçinem onuň diriligine dabanyndan soýup, derisini sypyryp alýarlar. Bu barada Magtymguly şeýle ýazýar:
“Nesimini dabanyndan soýdular. “
Nesiminiň hormaty Türkmenistanda belentden tutulýar. Onuň hormatyna dürli žanrda eserler döredildi. I. Nuryýew “Rowaýat”, A. Atajanow “Nesimi”goşgularyny; Andalyp “Nesimi”, A. Agabaýew “Sorag alamaty” poemalaryny; Nazar Gullaýew “Pähimiň pidasy” tragediýasy esasynda “Nesimi” dramasyny döretdi. Bu drama sahnalaşdyryldy we tomaşaçylara ýetirildi.
1993-nji ýylda Nesiminiň şygyrlar diwanynyň üç tomlugy neşir edildi.
-
juneythan
15 years ago
- yazgylaryn ucin kop kop sagbol .
-
mazmun
15 years ago
- indi, ajaýyp guramaçy,döwlet we jemgyýetçilik işgäri kümüşaly börü barada biografik maglumatlar.
K.Böriýew 1896-njy ýylda häzirki Şewçenko (Gazagystan /1990-njy ýyllaryň ortalaryndan Aktau/) şäheriniň töwereklerindäki örülerde güzeran dolandyran çarwa türkmen maşgalasynda dünýä inýär. Ol 1915-nji ýylda Daşkent şäherindäki mugallymçylyk seminariýasyny tamamlaýar. Türkistan ASSR-i döredilenden soň, Zakaspi oblastynyň çaphana, magaryf we medeniýet işleri boýunça Daşkentdäki wekili bolýar. Zakaspi oblrewkomynyň agzalygyna saýlanýar. Özbegistan SSR-niň Merkezi döwlet arhiwiniň K.Böriýewiň Mary şäherinde ýaşaýan gyzy Aida Böriýewa 1971-nji ýylyň 3-nji martynda beren sprawkasyndan belli bolşy ýaly, 1922-nji ýylda Türkistan ASSR-niň Magaryf halk komissarlygynyň ýanyndaky Döwlet alymlar geňeşiniň garamagynda döredilen Türkmen bilim komissiasyna ýolbaşçylyk edýär hem-de komissarlygyň kollegiýasynyň agzasy bolýar. Şol ýyllarda ol “Türkprofobrazowaniýe” edarasynda hem başlyklyk edýär. Daşkentde işlän döwründe K.Böriýewiň Türkistan respublikasynyň Merkezi Ispolnitel Komitetiniň (TurkSIK-iň) agzalygyna saýlanmagy onuň görnükli işgär höküminde ykrar edilendigini görkezýär. Sowetleriň Bütintürkistan X we XI gurultaýlarynda Türküstan ASSR-niň Türkmen oblastyna wekilçilik edýär. 1921-nji ýylyň noýabrynda çözüji ses hukugy bilen Sowetleriň Bütinrussiýa IX gurultaýyna delegat saýlanýar.
Orta Aziýada milli-territorýal bölünişik geçirilip, Türkmenistan SSR-i döredilenden soň, K.Böriýew TSSR Magaryf halk komissarlygynyň ýanyndaky Döwlet alymlar geňeşiniň başlyklygyna bellenilýär. Otuzynjy ýyllaryň başyna çenli ol magaryf halk komissary, Türkmen medeniýeti institutynyň direktory, Türkmen döwlet neşirýatynyň müdiri (direktory) ýaly wezipelerde işleýär.
1928-nji ýylyň awgustynda Türkmen medeniýeti institutynyň direktory K.Böriýew Köln şäherinde geçirilýän kitap we beýleki neşirleriň halkara sergisine gatnaşmak üçin Germaniýa iberilýär. Gaýdyp gelenden soň, “Turkmenskaýa iskra” gazetiniň habarçysy bilen eden gürrüňinde K.Böriýew Berlindäki Aziýa muzeýine onuň professor Lekrok tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän türkmen bölümine baryp görendigini, Türkistan hakyndaky özüniň Türküstznda ýaşap, bütin ömründe öwrenenlerinden Berlinde bolanda köp öwrenendigini aýdýar. (“Turkmenskaýa iskra”, 1928, 6 awgust; 26 sentýabr). Onuň bu sözleri ýöne galdyrylan bolmaly däl. Bellenip alnyp soňra gerek ýerinde onuň özüne garşy ulanylan bolmaly.
K.Böriýew öz garaýşyny islendik tribunada açyk aýdyp bilipdir. TK(b)P MK-nyň birinji sekretary Ş.N.Ibragimow Merkezi Komitetiň 1928-nji ýylyň mart aýyndaky plenumynda respublikamyzda milli we medeniýeti ösdürmek hakynda eden dokladynda Magtymgulynyň goşgularynyň neşir edilmegini uly ýalňyş hasaplaýandygyny aýdýar (şahyryň 1926-njy ýylda B.Kerbabaýew tarapyndan okyjylara ýetirilen ýygyndysy göz öňünde tutulýar. Bu pikir doklat boýunça çykyş eden Aşyrow bilen Nodel goldaýar. K.Böriýew . B.Pereňliýew we başgalar bolsa öz çykyşlarynda köne durmuşy öwrenmek we dili ösdürmek üçin geçmiş şahyrlaryň eserlerini çap etmegiň zerurdygyny nygtaýarlar (“Turkmenskaýa iskra” 1928, 6, mart)
Bu hereketi üçin biraz soňra K.Böriýewden jogap soralan bolmaly. Muňa 1932-nji ýylda G.Kulyýewiň “Magtymguly – söwda buržuaziýasynyň ideology” diýen kitabynyň çap edilmegi hem güwä geçýär.
Hasaplap otursaň, K.Böriýewiň aktiw terjimeçilik, dilçilik, guramaçylyk we redaktorlyk işi bary – ýogy on ýyl töweregi dowam edipdir.
1932-nji ýylyň 19-njy martynda 1926-njy ýyldan bäri partiýa çleni, otuz alty ýaşly Kümüşaly Böriýew “buržuaz milletçi” höküminde aýyplanyp, tussag edilýär. On ýyl ýedi aýdan hem köpräk wagtlap jebir baryny çekenden soň, güneşli ülkämizden uzakdaky GULAG arhipelagynyň birinde 1942-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda onuň ömür tanapy gyrylýar. 1958-nji ýylyň 17-nji iýulunda Türkistan harby okrugynyň Harby tribunaly K.Böriýewi aýyplamak boýunça işe täzeden seredýär hem-de ol barada 1933-nji ýylyň 10-njy maýynda we 1937-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda çykarylan kararlary ýatyrýar. Şeýlelikde, K.Böriýew stalinçilik terroryň gurbany bolanyndan soň, on alty ýyla golaý wagt geçirip, ony doly aklaýarlar.
-
mazmun
15 years ago
- Şaja batyrow barada gurbandurdy Gurbаnsähеdоwyň ýatlamasy:
«Sоwеt Türkmеnistаny» gаzеtiniň rеdаk¬tоry bоlup işlämdе, Şаjа Bаtyrоwiç Mеrkеzi Kоmitеtiň bi¬rinji sekrеtаrydy. görmеgеý, ýapy ýaly bir pyýadа, аsyl diýýän-ä, аdаm görеn ýalydy-lа! Ýer titiräniň yz ýany оny Krеmldе Stаlin kаbul edipdir, şоndа Stаlin Şаjа nämе diýipdir diýsеňizlе, kаbinеtdеn çykyp bаrýan Şаjаny iç bоsаgаdа sаklаgаdаn: «Türkmеnlеriň hеmmеsi sеniň ýaly dаýawmy?» diýipdir. Şаjа-dа: «Äý, mеn оrtаrаk аdаm-dа» diýip jоgаp bеripdir." Stаlin ýylgyrаýdy diýýä. Şаjаň Stаlinе bе¬rеn jоgаbyny nеnеň görýäňiz? Аdаtçа, dаýaw аdаmlаr pöwheräk bоlýandyr, ýönе Şаjа iňňän аkylly аdаmdy, kеllеsi işlеýärdi! Mеn muny Mеrkеzi Kоmitеtiň býurоlаryndа mеsеlе çözüşindеn bilýän. Gаzеtiň rеdаktоry bоlsаň býuroň mеjlislеrinе hökmаn gаtnаşаýmаlysyň. Býurоny özi аlyp bаrаrdy, köplеnjеm özi gеplärdi. Gаpdаlyndа оturаnlаrа nеnеň diýеn ýaly mаnydа sеrеts-ä sеrеdäýеrdi, bоlmа-sа оnаm etmеzdi. Sеbäp diýsеň Şаjаň аýdаn sözünе, pikirinе gоşmаçа bir pikir аýdyp biljеk аdаm ýokdy. Wаh, Şаjа gаl¬sа, оlаň köpusini bir minudаm sаklаmаn, syrtynа dеpjеklе, ýönе оňа-dа bаşаrtmаýan zаtlаr bаrdy. Оlаň, dеpеsindе gyrgy ýaly bоlup murt оtyr-а! Wеý, hеr ädimini, hеr sözuni Mоskwа ýеtirip оtyrlаr-а, аňsаtdyr öýtmäň. Eýsеm-dе bоlsа, köp gеplеmän, mеsеläni çöp döwеn ýaly edişi, wаllа, mеň-ä göwnumdеn turýady. ýolbаşçy diýеniň sаldаmly gurläp, аzrаk gеplеsе! Şа¬jа şuny bаşаrýardy. Şаja ýaly mеsеläni аkylly-bаşly çözüp bilýän ýolbаşçy bоlаnda ýеkеgеp diýip närаzy bоlubаm ýörmеli dälmikä diýjеk bоlýan. Оl Mоskwаdаn gеlýän emеldаrlаňаm аgzynа аňkаryp оturmаdy, öz pikirini kеsgin аýdаrdy gutаrаrdy, şоnuň üçin Stаlinе: о türkmеn-ä özbаşdаk pikirlеnip ugrаpdyr diýlеn bоlmаgа çеmeli. Iоsif Wissаriоnоwiçеm: özbаşdаk pikirlеp bilýändig-ä göwy ekеni wеlin, ýönе bеýlе аdаm bize gеrеk däl-dä diýipdir. Şаjа Bаtyrоwiçi bоşаdyp gоýbеrdilеr.
Şаjа Bаtyrоwiç Ylymlаr Аkаdеmiýasynyň Prеzidеnti bоlup işläp ýörkä, mеn birаzrаk mаhаl Edеbiýat inеtitutynyň dirеktоrynyň оrunbаsаry bоldum. «Gurbаndurdy, gеläýsеnе, öňi-sоňаm edеbiýat mеsеlеlеrinе kеlläňi аgyrdyp ýörsüň-ä, bizе-dе kömеgiň ýеtir» diýdi. Işlеdimеm-ä wеlin, ýönе mеň ýalyň işlеjеk ýеri däl ekеni. Umumаn, аlymlаr bilеn, оndа-dа edеbiýatçy аlymlаr bilеn işlеmеk kyn. Оlаň birneçеsi dissеrtаsiýa gоrаýarlаr-dа, hаmаlа, dünýäni аlаn ýaly аrkаýyn gеzip ýörlеr, оkаmаlydyr, bilmelidir öýdеnоklаr. Äý, аhyry çydаmаdym, prеzidеntiň ýanynа bаryp: «Şаjа Bаtyrоwiç, mеni bоşаdyň» diýdim. «Nämе üçin mеn sеni bоşаtmаly?» diýdi. Ýagdаýymy аýtdym. Şаjа Bаtyrоwiç аp-аrkаýyn.
«Institutyňyzdа näçе ylmy işgär bаr?»
«Mеsеlеm, kyrk аdаm».
«Şо kyrkyň içindеn çоrbа çykjаgy näçе?» «Bäş-аltydаn köp däldir».
«Ä-he, ýýgrimi ýyldа bäş-аlty аlym çykаn bоlsа, diýmеk, ýеne bir ýigrimi ýyldаn оlаryň sаny оn-оn bäşе еtjеk-dä! Аz däl ýaly-lа, оn bäş sаni edеbiýatçy аlym çykjаgyny bilýän bоlsаň, hоwsаlа duşmе-dе аrkаýyn işläbеr. Tоkаýdаky аgаçlаryňаm hеmmеsi syrdаm däl-ä, diňе syrdаmyny gоýup, gаlаnyny çаpаýsаň, оndа tоkаý bоljаkmy nämе».
Inе, şеý diýdi-dе Şаjа Bаtyrоwiç göwnümе giňlik sаldy оturyberdi.
-
mazmun
15 years ago
- ýokarda nesimi barada edilen gürrüňde ünsden gaçan bir mesele bar. aslyýetinde nesimili gürrüňi gozgamagymyň sebäbi hem şol ýadymdan çykan mesele. ýagny,nesiminiň "sen" atly gazalynyň asyl nusgasynda:
Arapnyň nutgy baglandy tilinden,
Seni kimdir diýen kim, türkeman sen.
görnüşinde berilipdir. bu bolsa ýokarda ahmet bekmyradyň türkmen sözüniň döreýşi barada öňe süren pikirini goldaýar we tassyklaýar.
eger-de şol gazalda "türkeman" däl-de, hazirki zaman türkmen diline geçirilen görnüşindäki "türkmen" şekilinde bolan bolanlygynda, onda gazalyň birinji setiriniň bogun sany 10 bogun, ikinji setiriniň bogun sany 11 bogun bolýär.nesimi ýaly ussat gazalçy beýle ýönekeý goşgu düzüş kadasyna bap gelmeýän hatany goýbermezdi.
-
Azik
15 years ago
- Mazmun yazan zatlaryn üçin köp sag bol . Öran gyzykly maglumatlar. Yene de Türkmen taryhy we taryhymyzdaky beyik şahsyyetler barada yazgylaryna garaşyas. Eger bar bolsa Eziz han , Dykma serdar, Magtymguly han , Nurberdi han,Güljemal han, Kyyat han, Gaygasyz Atabatew, Nedirbay Aytakow we başkada şahsytyetlerimiz barada yazsana...
-
Azik
15 years ago
- href="http://www.turkmenler.org/turkmen/arhiw/akmyrad/kronology.php">şu yerde, Türkmen taryhyna degişli öran gyzykly maglumatlar bar.
-
mazmun
15 years ago
- indi, gökdepe söweşi barada:
nurberdi han ölenden soň magtymguly han han bellenýär.
Nurberdi han syrkowlapdyr. Syrkowka-da 1880-nji ýylyň martynyň ahyrynda Diňlidepä göçüp barýar. Apreliň 28-nde hem şol ýerde aradan çykýar. Rus harby işgärleriniň ýatlamalarynda hemme ýerde Nurberdi hanyň ölümi hakda şu wersiýa gaýtalanýar. Hemme ýerde onuň syrkowlap, öz ajalyna ölendigi tassyklanýar. Emma S.Öwezbaýewiň “Gönibek” makalasynda şol wakalara gatnaşan türkmen dilinden Nurberdi hanyň duşmanlar tarapyndan hile bilen öldürilendigi gürrüň berilýär.
Nurberdi han ölenden dört gün soň, onuň ogly Magtymguly han ähli Ahalyň hany diýilip yglan edilipdir. Han bellenende Magtymguly han ýaş eken. Ol şol wagta çenli hiç wagt urşa , alamana gatnaşyp görmändir. Ylym öwrenipdir. Orazmämmet han onuň weziri bellenipdir. Gurbanmyrat işan bolsa tutuş Ahalyň kazysy edilip bellenipdir.
Britan agenti Apbas han Magtymguly hany han bellenmegi bilen gutlap, Maşatdan hat iberipdir. Iňlisleriň tekelere kömek berjekdigine ynandyrypdyr. Goçant hem Daraýigez hanalary-da tekelere goranmagy maslahat beripdirler.
Gürrüňimiz bilen gönüden-göni baglanyşygy bolmasa-da şu ýerde gepiň gerdişine bir zady belläp geçmegimiz gerek.şu wagta çenli iňlisleriň Gökdepe urşunda oýnan roly birtaraplaýyn çişirilip gelindi. Hamala , tekeleriň uruşmagyna esasy sebäp bolan zat iňlisleriň olary ruslara garşy öjükdirmeginden ybaratmyş. Hakykatda bolsa, iýul aýynda tekeleriň Maşada baran wekillerinden Apbas hanyň Magtymguly hana sowgat höküminde dürbi bilen rewolwer iberendigini hasap etmeseň, tekeler iňlislerden jinnek ýaly hem harby kömek almandyrlar. Eýrandanam suwytly alnan zat ýok. Gurşun, peşeň, iki gezek hem däri satyn alypdyrlar.
Öz topragyny goramaga gezek gelende türkmenler hiç kimiň öjükdirmegine we kömegine mätäç bolmandyrlar.
-
Maksut
15 years ago
- mazmun, sagja bol dost. Örän gyzykly zatlar ýazypsyň. şeýdip gerçek ýigitlerimizi ýatlap duralyň. Nesip bolsa menem ýakynda türkmen taryhy hakda gyzyklyja zatlary goşaryn. Maglumatlaryň üçin sag bol!!!
-
kombat
15 years ago
- türkmen taryhyny doly ýazaýypdyr-a.
-
mazmun
15 years ago
- saylanana,
sizde nedir şa barada maglumatlar barmy. eger-de bar bolsa ol barada gysgaça şu ýere ýazyp bilersiňizmi?
-
milliyetçi
15 years ago
sizde nedir şa barada maglumatlar barmy. eger-de bar bolsa ol barada gysgaça şu ýere ýazyp bilersiňizmi?
mazmun | 2009-01-07 04:15:47
mazmun dost, gaty görme welin, seniň nedir şaňy men öwüp biljek däl! özüň pikir edip gör! ol türkmen bolup, öz türkmen halkyny gyrýar! ýeri, muňa näme diýersiň!!!
-
mazmun
15 years ago
- gürrüň öwmeklik däl. dogrusy men ol barada hiç hili fakt bilmeýän.
örän täsin, türkmen bolup türkmeni nähili gyryp bilýär.
men ol barada ýekeje rowaýat bilýän.
"nedir şa gaty gorkunç düýş görýär. ol düýşüni ýorgutçylary ýygnap gürrüň berýär. olar hem türkmenistan tarapdan howp gelýändigini aýdypdyrlar. ana, şondan soň ol türkmen ilindäki ähli erkek göbekliliriň baş barmagyny kesdiripdir. sebäbi baş barmak bolmasa gylyç tutmak oňaýsyz bolýan ekeni. eger tutaýan ýagdaýyňda da zarbasy güýçli bolmaýarmyş."
ine, şundan başga nedir şa barada bilýän zadym ýok. bu hem iliň içinde aýdylýan rowaýat, nä dereje dogry ony hem bilmeýän.
-
milliyetçi
15 years ago
- o haramzada
nedir şa türkmeniň tüýs ganym duşmany!
bütün ömründe keýmir serdar (kör) (oňa kör diýesim gelenok) bilen söweşip geçen. türkmen bolup, eýrany dolandyrýar, türkmen çarwa halkynam gyrýar. mazmun aga, sen taryhy bilýäň, gowy zat, ýöne nedir şa hakynda bilmeýäniňe gaty gynandym. meň e-mailime hat ugratsana, gaýrat et, dost. milletparaz@rambler.ru
nedir şa awşar türkmenlerinden. ýigrendigem teke türkmenleri bolupdyr. menem türkmeniň teke taýpasyndan bolamsoň, nedir şany öler ýaly ýigrenýän, keýmir serdary bolsa, öz milli gahrymanym saýýan!!! ýatan ýeri ýagty bolsun keýmir serdaryň! häzirki tekelriň başyny jemlän şodur!!!
-
mazmun
15 years ago
1855-nji ýylda Saragytda gazaply söweş bolýar, Hywa hany goşun sürüp Saragyt etrabyny basyp almaga gelýär. Türkmenleriň uly hanlarynyň biri Gowşut han Amnnyýaz serdara şeýleräk habar iberýär: “Türkmen türkmene ýarag çenemesin. Sen Amnnyýaz, ertirki söweşe gatnaşma. Bala çagalarymyz at astynda galmaz ýaly olara göz-gulak bol. Hywa hanynyň goşunlarynyň hötdesinden özümiz geleris”. Bu habar Amnnyýaz serdaryň milli duýgusyna biçak uly täsir edýär.. ol öz ýomut taýpalaryny yzyna tirkäp söweşmekden boýun gaçyrýar.. onuň göreldesini ilki garadaşlylar, soňa baka çowdurlar, ýemreliler hatda garagalpaklaram eýerýärler. Olar: “Eger Amannyýaz serdar söweşmese, onda ol ýerde biziň nä körümiz bar” diýip söweş meýdanyndan çykýarlar. Şeýdip Hywanyň goşunlary san taýdan ep-esli güýçden gaçansoň, olar çym-pytrak edilýär. Şondan soň Hywa hany Amanyýaz serdary “Sen tekelere kömek berdiň, hywalylaryň ýeňilmegini üpjün etdiň” diýip, ony halta salyp minaradan oklaýr. Hywa hanlary biçak ýigrenýän adamsyny halta salyp, minaradan taşladypdyr. Dagrudanam Amanyýaz serdaryň şu söweşden boýun gaçyrmagy, beýleki horezmli türkmen taýpalarynyň-da onuň göreldesine eýermegi Gowşut hana ýeňiş getirýär.
-
milliyetçi
15 years ago
häzirki tekelriň başyny jemlän şodur!!!
milliyetçi | 2009-01-07 06:10:27
häzirki tekeleriň başyny jemlän şodur!!!
bolmaly. sorry!
milliyetçi | 2009-01-07 06:10:27
-
mazmun
15 years ago
- milliyetçi, keýmir serdar bararda ata durdyýewiň ýörite powesti bar. şol ýerde onuň gahrymançylykly durmuş ýoly taryhy nukdaýnazar bilen beýan edilipdir.
ol ýörite kitap edilip neşir edilipdir.
okan bolmagyň hem ahmal, eger okamadyk bolsaň okap görmegi maslahat berýän. meniň özüm hem ýakyn günlerde okamakçy.
-
Farabi
15 years ago
- mazmun başga şeyle yazgylar bolsa yazsanyzla, hayyşt edyarin. gözümi gyrpmany okadym hemmesini. gaty gyzykly ekeni.
-
Kuraldyshy
12 years ago
- Mazmun $eyle gymmatly maglumatlaryñ üçin köp sag bol !
-
Ayyuzli
12 years ago
- mazmun berekella, nirede bolsanyzam, iki dunyaniz abat bolsun! bir mugallymym aydardy: "Ylym yolundaky adamlara(talyplara) perishdeler ganatlary bilen saya salyandyr we olar ucin jennnetde yorite bir agac bolup, kolegesinde dync aljakdyrlar"
Mazmunun depesinde perishdeler "jedelleshyandirler", "men saya saljak" diyip...
nahili gymmatly yazgylar!
Juneyit han Turkmeninem, gubury nirede bolsa-da, jayy jennet, ruhy shat, imany hemra bolsun!
-
Ayyuzli
12 years ago
Mazmunun
-
Ayyuzli
12 years ago
- mazmunyň*
-
1merdan
12 years ago
- hmmm behh dogryyyyy
-
Makintos
12 years ago
- menem taryha giresim gelyaaaaaa
Bayram-Jm 15 years ago- Menä taryh okarmykam diýip begensen onam özüm ýazmaly eken. Ýaltanýan...