Nesibe, Maňlaý, Ýazgyt - ähli bolup geçýän wakalaryň öňünden ýazylyp goýlan we hiç hili ýagdaýda üýtgedip bolmajagyna ynanylýan hadysa. Hemmeler şeýle pikir edýäler aslynda. Belki dogry, belki dogry däl. ,, Nesibä ynanýan adamlar tötänleýin diýen zada ynanmaýarlar, tötänleýin bolan hadysalara ynanýan adamlar bolsa nesibä ynanmaýarlar" diýip aýdypdyr bir filosof. Bu hakykatdanam şeýlemikä???
Eger-de biziň nesibämiz ýazylan bolsa, öňümize nesibämizi üýtgedäýjek tötänlikler näme üçin çykýar. Tötänleýin diýen zat bar bolsa, onda näme üçin tötänlikden biz lukman, mugallym, inžiner, programist we ş.m. bolmaýarys. Hawa bir ynsan biziň durmuşumyza girdi. Ol tötänleýin däl onuň sebäbi bar. Meň üçin durmuşda sebäbi bolmadyk zatlar tötänleýin. Onsaňam ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly : ,, sebäpsiz çöp gymyldamaz". Onda diýmek tötänleýin diýen zat ýok. Onda Nesibe, ýazgyt barmyka.....
Ýazgyt diýäs, hawa şeýle biziň maňlaýmyza 7 çiledekäk ýazylan geljegimiz we ony üýtgedip bolmaýar. Men muňa asla ynanmaýaryn. Sebäbi men häzir elime käsäni aldym. Men islesem ony zyňyp döwüp bilýän, bolmasa ýene ýerine goýup bilýän. Onda men ony ýere zyňsam ol meň maýlaýyma öň ýazylan zatmydyka.....
Onda näme men zähmet çekjek däl, meň maňlaýymda baý bolmak hökman bolaýmaly.....
Onda men okuwda öňe saýlanmak üçin okajak däl, öňe saýlanmak meň nesibämde bar....
Beýle bolup bilmeýär. Nesibe biziň elimizde. Eger-de bir zadyň hakykatdan hem bolmagyny islesek şonuň üçin artykmaç köp zähmet çekmeli. Muny ýazmak meň nesibämde ýokdy. Men muny özüm ýazasym geldi...............
ÝA SIZIŇ!!!!!!!!!!!

Edebiýat, Lagly tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir