Stalinçilik ýyllaryndaky kollektiwleýin jezalandyrma düzgüni Türkmenistanda henize-bu güne çenli hem ulanylýar. Meşhur aktýor Hoja Ýegendurdyýew aýal doganynyň jenaýatda tutulandygy üçin işden çetleşdirildi. Hoja Ýegendurdyýew “Ýaşlyk” telekanalynyň “Degişmeler dünýäsi” atly hepdelik telewizion programmasyny alyp barmak bilen, il arasynda uly meşhurlyk gazanypdy. Onuň öz kärdeşleri bilen 2005-nji ýyldan bäri taýýarlaýan degişmeleri, ýomaklary halka hezil berýärdi. Emma 9-njy sentýabrda teleprogrammada yglan edilen gepleşigiň efire çykmazlygy we bu barada hiç zat aýdylmazlygy tomaşaçylary aňk-taňk etdi, emma olar muňa känbir ähmiýet bermediler. Ýöne “Degişmeler dünýäsiniň” soňky hepdelerde hem efire çykmazlygy il arasynda dürli müş-myşlaryň ýaýramagyna getirdi. Biri ol tarpa-taýyn ölüpdir diýse, ýene birleri ol däliräpdir diýýärdi. Bu myş-myşlar adamlary häzirem ynjalykdan gaçyrýar. Sebäbi Hojanyň il içindäki meşhurlygy prezidentiňkiden ýokary bolmasa, pes diýip boljak däl. H.Ýegendurdyýewiň işden çetleşdirilmegine onuň aýal doganynyň awgust aýynda, serhetden neşe maddalaryny geçirmäge synananda saklanmagy sebäp bolupdyr. Aktýoruň aýal doganyna garşy jenaýat işi açylypdyr. Şu sebäpden hem, türkmen hökümetiniň telewideniýä gözegçilik edýän wise-premýeri Bägül Nurmyradowanyň “Ýaşlyk” telekanalynyň başlygy Begenç Abaýebe elin tabşyrmagy netijesinde, tanymal aktýor telewizoryň ekranyna çykarylmasyz edilipdir. Ýöne H.Ýegendurdyýew S.Türkmenbaşy adyndaky baş döwlet drama teatrynda aktýor bolup işlemegini dowam etdirýär. *** Hoja Ýegendurdyýew 1969-njy ýylda Balkan welaýatynyň Etrek obasynda dünýä inýär, 1994-nji ýylda Moskwada Şepkin adyndaky Ýokary teatr uçilişesini tamamlap, şondan bäri Türkmenistanda aktýor bolup işleýär. çeşme
Hoja ölmändir eken
-
Broker
12 years ago
- hm
-
Friendship
12 years ago
- halaýan artistimdi... Bähbit bolsun (diýäýmesek)!
-
Gooool
12 years ago
- Mena Hajy Yazmammedin jigisi Ahmedin toyunyn wideo klibini gordum. Telefonlarda bar eken. Sho toyda bar eken. O wideo kone bolsa bilemok welin.
-
Makintos
12 years ago
- ölmedik bolsa bolýa, sagaman gezip ýören bolsa
-
Milashka92
12 years ago
- dogry
-
Makintos
12 years ago
-
Friendship
12 years ago
-
balamut12
12 years ago
- Huday saklawersin. Ilin diline dushsen her zat diyyaler. Biri olupdir diyse, beyleki dalirapdir diyyaler
-
spyboy
12 years ago
- ashyr dade gandym mena sizden yandym diydimay
-
Yegen
12 years ago
- Telewideniyede 5 ýyldan artyk oturdanoklar, bahanalap yoguna yanyalar, ahli dushen kino-oyunlaram ayrylyar beylekiler bilen birlikde. Shunsuny onalamayan yone, artist garalanan bolsa bashdaky yazgyda bellik goyaymalyda, "garalanan" yaly bir zatlar, alajy bardyra.. Yogsada Palwanam gornenok sonky dowur, umuman tm telewideniyede 5-10 ýyldan kan saklanok ekenler, ulanyp zynyp goyberyaler sonam. Zynanlaram bashga biri zynyar, w obshem nollay telewideniye..
Arada bir tanysh yashulymyn tyunerini nastroyka edip berdim. Onkuler yaly turkmen kanallary yzly-yzyna 1,2,3-den bashlap menyuda goyjak bolsam yashuly saklady:
Turkmen kanallaryny in sonunda goygun setirde, agshamlyk watany goraymesem galan zadyny goremok. Derekli zatlar yok, yza zyn - diyeni yuregime junk bolupdy. Menem Hojan oyny ucin acyadym onler, onam bashyna yetdiler.. Galan wagt turkmen tv kanallara seredemokdym, shu wagtam sheyle.
-
Makintos
12 years ago
- bah ola bolmandyr
-
phenomen2
12 years ago
bu myş-myşlar adamlary häzirem
ynjalykdan gaçyrýar. sebäbi hojanyň il
içindäki meşhurlygy prezidentiňkiden
ýokary bolmasa, pes diýip boljak däl.
shula dogry
-
magnit
12 years ago
- waa onema telewizory shu hoja ucin acyadyk welin..........
-
Shajy
12 years ago
- beee t.na henizem neshe gechyamay/
biz tarapda shony chekyan galmandam/
onnonom t.da yokory gallygyn ayagyna ay palta degyara
ine ...
aaaaay aytsan aydywermeli/ diri bolsa yene chykysh eder/
mekan atayew oldi diyaler chynmay
-
URGENCLI
12 years ago
- jany sag bolsun
-
Bayramsoltan
12 years ago
- yashan bir yashawersin, milleting diline dushmekden saklasyn
-
makgush
12 years ago
- Aý bolýalaý gowy bolsa, nä bileýin däldiräpdir diýseler uly alada boldy. Onsoñam olar ýaly artist az-azlaý turkmende.
-
Oliya
12 years ago
- Hojanyn yashap yoreni cyn daliranogam zadam bolanok telewideniyanyha bilemok welin teatrda hazirki wagtda hem ishleyanini gorduk.arcmanda oyun gorkezip gaydyarlar her hepde
-
BATYRAVALON
12 years ago
- Ay bolyada sizem bu adamyn diyyan sozlerine dikgat eden bolsanyz bu bir haram zadan biri ol gelip EZİRAİL yani JAN ALYJY PERİSDA gelsene geljek bolsa edik we yenede bir topar kufur sozleri diline alan haramzadadan gasga biri dal gaty gowy bolupdur yerine dusayipdirda
-
Bayramsoltan
12 years ago
- oliyaaaa, gela sheytde
-
Bayramsoltan
12 years ago
- avalon diyjek sozunge dikkat etsene, tohmet atyp otyrsynga sen shu wagt adama?! Haramlygyny o dunyede-de dokazat edip biljekmi?
-
Oliya
12 years ago
- salam Bayramsoltan men myhman koprak bolyan girip yazandan yogsam indi birnace yyl bari agza hic kimem tanamaok aranyzdan;)
-
student3
12 years ago
- hoja hojayewic hoja o jaya gec! Bolmandyr
-
Bayramsoltan
12 years ago
- tanamasang tansharysda, bilyan konejedigini, ongler kop goze ilyading:D
-
balajyk12
12 years ago
- Salam Oliya, sen bayramsoltanyn kijijek gozlerine ilyan bolsan onda sen gaty ullakan bolmaly :-)
-
Bayramsoltan
12 years ago
- biderejik adamlary gordumem etmeyan:-D
-
Oliya
12 years ago
- Salam Bayramsoltan we Balajyk12.Bayramsoltan tanshaly menin adym Ogulshat.onler oz pikirimi yazyardym gerek hasap eden yerime. hazir ozume yakyn tema dushamok dushsam yazjak
-
phenomen2
12 years ago
- shu hoja gangnam aydymynda tans etse bet borow :D
-
Jemka91
11 years ago
- Gözegme geldi birdenkä=)(köneje myhmanlar täzeden ho$geldiñiz saýta
-
phenomen2
11 years ago
- Hosh gorduk
-
Jemka91
11 years ago
- Saña_ha diýmändim weli, borda=)
-
phenomen2
11 years ago
- Diýmedigimhow,bah adamlaraý
-
smak95
11 years ago
- Ashyr dade gayrat et teper tvoya ocered
Hayranmen 12 years ago- a men öldi diýseler ynanyp ýörüpdirin