Häzirki wagtda ýer togalagynda­ ky ähli futbol muşdagy 2 topara bölündi diýsek, ýalňyş bolmaz. Başgaça aýdylanda, islendik fut­ bol janköýerine häzir dünýäniň iň ökde ýyldyzy kim diýlip soralsa, köpüsi Lionel Messi diýse, aglaba­ sy hem Kristiano Ronaldo diýip jo­ gap berer. Bu iki ýyldyzyň dünýä­ niň iň öňdebaryjy klublarynda çy­ kyş edýändigi, bir çempionatda bolmagy futbol oýnunyň şowhu­ nyny, ikisiniň arasyndaky dartgy­ ny has-da artdyrýar. Iki ýyldyzyň äden her ädimi metbugatda uly habar bolýar oturyberýär. Messi asuda durmuşda ýaşasa, Ronaldo azda-kände gopgunlyrak durmu­ şy halaýar. Muny onuň metbugat­ da berýän beýanatlaryndan hem aňmak mümkin. Häzirki gürrüňini etjek bolýan zadymyz iki futbolçy­ nyň arasyndaky geň galdyryjy ha­ sabatdyr. Olaryň arasyndaky bäs­ deşlik belki-de eýýämden olaryň çagalaryna-da ýeteýýän ýaly... Portugaliýaly futbolçy Kristiano Ronaldo 1985-nji ýylyň 5-nji few­ ralynda, argentinaly Lionel Messi 1987-nji ýylyň 24-nji iýunynda dünýä inýär. Ýagny Messi Ronal­ dodan 869 gün soň dogulýar. Ençeme ýyldan soň, has takygy, 2010-njy ýylyň 17-nji iýunynda Kristiano Ronaldonyň ogly bolýar. Şu ýylyň 2-nji noýabrynda-da Lio­ nel Messiniň ogly dünýä inýär. Ýagny Ronaldonyň kaka bolma­ gyndan 869 gün soň, Messi hem kaka bolýar.

Köneler, Friendship tarapyndan 6 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir