Bir okana bara,birem dokana, Saña doka diýemok men jan inim. Oka-oka,ba$yñ goýup kitaba, Durmu$ agyr,bilýänsiñle han inim. Ot bolmadyk ýerde,tüssede bolmaz, Bir bilimlä,ýüz bilimsiz taý gelmez, Bilgin almaz bilen,kesilýär almaz, Dünýäniñem, ýaradyl$y bar inim. Ýa$aýy$da söýgi,ölüm güllede, Bilgin akyl,sellede däl,kellede, O diýilýän,kyrkdan soñam gelmese, Adam diýýänimiz,haýwandyr inim. Kemally gu$,çagalykda uçarmy$ Bikemal gu$,höwürtgeden gaçarmy$, Ylym-bilim,asmanada açarmy$, Dilde añsat,marsa tarap ýol inim. Ýeriñ ýarygy ýok,sözüñ sütügi, Her bir ota,baglamagyn atyñy, Arslan bolup,tilkiñ awlan etini, Öz agzyña,almajak bol han inim. Kemsiz gözel bolmaz,kemsizem ýigit, Söýmegem dünýäde ullakan bagyt, Söýdiñmi diýseler,jogabym nagyt, Däli boldum,däli boldum,jan inim. Bilimliñ ýoly köp,ogrynyñ ili, Bilek birin ýykar,bilim müñini, Ogal ahyr,ýok etjek zat zemini, Küteklikdir,küteklikdir han inim. Akylly gam çeker,akmagam çilim, Öz ilinde,gadyry ýok hiç güliñ, Sözle hözirin gör,üç barmak dilñ, Ýöne sözlän söziñ,dür bolsun inim. Meñ doganym bolsañ,dogryñy sözle, Il gün nirä bolsa,$o ýoly gözle, Kämilleriñ giden,yzyny yzla, Beýiklerde,müñ keramat bar inim. Dünýäde hemme zat,göwnüñe görä, Ýa$aber deñle$ip,egniñe görä, Öwmegin pälwany çignine görä, Kellede-de,müñ bir emel bar inim. Bal tutan barmagyn,ýalar diýýäler, Bir nijeler,söýi$ýäler söýýäler, Biwepalar,ýurekleri gyýýarlar, Wepa bersin,saña du$an ýar inim. Haýy$ etýän,uzakda bol töhmetden, Saklan mydam,ýersiz ýere öwmekden, Ki$iñ göwnün,jöwen ýaly döwmekden, Da$da etsin,Hudaý seni jan inim. Vento: $ahsy döredijilik.
Jan inim.
-
turkmenntug
12 years ago
- orun ýene diýip goşgyny aglatmaňda...
-
pawel
12 years ago
- sagja bol Vento dogan gowy düzipsiñ
-
Makintos
12 years ago
- bet bet
-
Friendship
12 years ago
orun ýene diýip goşgyny
dogry!
aglatmaňda...
turkmenntug | 2012-11-07
10:11:44
Goshgyñy haladym, vento dost! Belki, indiki bäsleshiklerde...
-
akylym1989
12 years ago
- gynanma wento entek gelejegiñ uly indiki ýaryshlarda üstünlik
-
URGENCLI
12 years ago
- gowy
-
rainsson
12 years ago
- tuweleme bet bet Vento!
-
dominic
12 years ago
- tüweleme galamyn ujy nayzan ujy yaly bolsun dosdum. depderi yyrtmaz alada etme
-
Ayyuzli
12 years ago
Ki$iñ göwnün,jöwen ýaly döwmekden,
Da$da etsin,
sheydewersin-da....
-
Friendship
12 years ago
akylly gam çeker,akmagam çilim,
men akmak...:-)
-
Ayyuzli
12 years ago
akylly gam çeker,akmagam çilim,
men akmak...
Friendship
ak yurekden boyun alanyn ucin jezan kemeldiler ))))
-
Friendship
12 years ago
akylly gam çeker,akmagam çilim,
men akmak ekenim...:-)
-
Friendship
12 years ago
akylly gam çeker,akmagam çilim,
:-)
men akmak...
friendship
ak yurekden boyun alanyn ucin
jezan kemeldiler ))))
ayyuzli | 2012-11-09 04:58:25
sahett 12 years ago- gutlaýan eýelän ornuña...goşgyñ hakynda aýdyp aýdyp aýdylmazy çykdy...düz ýene düz vento