Kriştiýano Ronado bilen Leonel Messi ýekşenbe güni oýnaljak El-Klassiko duşuşygyndan öň gol salmakdaky ýaryşlaryna "bileklerini çermäp" girdiler diýseňem boljak. Bularyň ikisiniň arasyndaky "gol dueline" geçen möwsünde bolşy ýaly bu möwsümde hem janköýerleri tarapyndan tolgundyryjy ýagdaýda seredilse gerek. Messi geçen möwsümde 73 pökgüni derwezä gönükdirip nemes futbolynyň we dünýäniň rowaýaty futbolçysy Gerd Mülleriň uzak wagtlap saklap gelen rekordyny täzeläpdi. Ronaldo bolsa şol möwsüm 60 pökgi salypdy. Bu ikisi bu möwsümde hem ýaryşa girişip başladylar. Messi Spartak Moskwadan 2 pökgi geçiren bolsa, Ronaldo öten agşamky oýunda Aýaksyň derwezesinden 3 pökgüni öz adyna ýazdyrmagy başardy. Ýyllar bäri dowam edýän bu göreş bu möwsümde hem gyzgalaňly dowam eder. Oktýabr aýynyň 7-ne boljak El-Klassikoda hem bularyň ikisem biri-biriniň derwezesine gol salmak üçin jan ederler. Elbetde, ýeňen tarapam özleri bolasy geler.

Köneler, messibet tarapyndan 11 years ago
    barsa 11 years ago
  • Messi bar futbol bar. Ronaldo bar penalty bar.
    Yegen 11 years ago
  • Messin dawno eshshii,
    Ronaldo cozip deshdii.
    Messi oyna doz gelman,
    Fanatyna kan garashdy..
    tejenjik 11 years ago
  • Futbol diymek ronaldo diymek:-)
    akylym1989 11 years ago
  • real öñeeee 2 sine hem üstünlik
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri