Paýtagtyň demirgazygynyň iň çetinde ýerleşýän, ilat arasynda «Çoganly gonamçylygy» bilen tanalýan gonamçylyk eýýäm dolup gelýär. Gonamçylygyň müjewüriniň aýtmagyna görä, ýene-de 3-4 aýdan bu ýeri doly biter. Gonamçylygyň müjewüriniň mälim etmegine görä, bu ýerde ortaça, bir günüň dowamynda 7-8 adam jaýlanýar. Käwagt ondan-da köp adam ýerlenýär. Bu gonamçylyk ýurduň öňki prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň görkezmesi boýunça 2000-nji ýylda açyldy. Şol ýylyň maý aýynda Aşgabadyň etegindäki we Ahal welaýatyndaky öwlüýälerde merhumlary jaýlamak gadagan edilipdi. Saparmyrat Nyýazowyň görkezmesi esasynda merhumlary gumuň eteginde, Çoganly obasynda açylan täze öwlüýäde ýerlemek karary çykaryldy. Adamlar muňa bialaç razy bolan hem bolsalar, olaryň hossarlary soňky deminde özlerini öňden bar bolan öwlüýälerde, ata-babalarynyň gapdalynda ýere bermegi haýyş edýärdiler. Häzirki wagtda paýtagtyň merkezinde ýerleşýän birnäçe öwlüýäler bar. Olaryň ep-eslisi 1948-nji ýylda aýylganç Aşgabat ýer titremesinde wepat bolanlaryň gonamçylygydyr. Ýurduň öňki prezidenti S.Nyýazow 2002-nji ýylyň noýabrynda özüne garşy terrorçylykly hereketiň amala aşyrylmagy bilen bagly waka sebäpli, her bir kişä özüne howp salyp biljek adam hökmünde garap başlapdy. Ol hatda haýatyň aňyrsynda-da özüne tüpeň çenäp duran kişini göz öňüne getirip başlapdy. Paranoýýa derejesine ýeten S.Nyýazow howly jaýlarynyň ählisiniň haýatlaryny ýykmagy buýurdy. Netijede şäherdäki hem-de şähere golaý bolan Ruhabat, Änew, Abadan şäherlerindäki howly jaýlarynyň ählisiniň jaýlarynyň haýatlary ýykyldy. Bu meselede paýtagtyň çäginde ýerleşýän 1948-nji ýylyň Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň gonamçylyklaryna hem ýürek awama bolmady. S.Nyýazowyň görkezmesi bilen ähli gonamçylyklaryň haýatlary ýykyldy. Haýatlary ýykylan gonamçylyga hemmeler daşyndan gynanýardylar. Sebäbi haýatlary ýykylan ol gonamçylyklar harabalyklary ýatladýardy. Ýöne 2008-nji ýyldan Berdimuhamedowyň görkezmesi bilen, haýatlary ýykylan bu gonamçylyklaryň daşyna täzeden haýat aýlamak işleri geçirildi. Paýtagtdaky gonamçylyklar durkuna getirildi. Çoganly gonamçylygynyň dolup gelmegi ýaşuly nesli alada goýýar. Häzirki wagtda resmi taýdan bu gonamçylygyň deregine täze gonamçylygyň nireden bellenjekdigi barada habar ýok. Ýöne ýaşuly nesil soňky günde öz ýatan mazarlarynyň ýene 10-15 ýyldan ýerinden süýşmezliginiň aladasynda bolýar. Munuň üçin sebäpler hem bar. 2006-njy ýylyň awgust aýynda täze jaýlar gurulýar bahanasy bilen Saparmyrat Nyýazow Garadamak gonamçylygyny doly sürmek we onuň ýerinde beýik ymaratlary galdyrmak hakyndaky karary çykarypdy. Şol kararyň çykan gününiň ertesi esgerler merhumlaryň mazarlaryny gazyp, olaryň süňklerini daşyna çykaryp zyňypdylar. Bu aýylganç waka aşgabatlylaryň heniz hem ýadyndan çykanok. Şu sebäpden täze gonamçylygyň nirede peýda boljakdygy ýaşuly aşgabatlylary alada goýýar. Чешме http://www.chrono-tm.org/tm/archives/239
Paýtagtyň ýeke-täk gonamçylygy dolup gelýär
-
adatyadam
12 years ago
- Gowy yazgy. Dine ayatda diri adamlaryn dal, eysem merhumlarynam rahat yatmagynyn aladasyny etmeli. Garadamak gonamchylygy yykylanda hemme adamyn diyen yaly gargynjyny alypdy. Ya$alyp oturan jaýy ýykmagy gecip olin jaýyna chenli hyrydar bolmak nama gerekdi. Choganlydakyny anarlygna gineldilse bolmazmyka?
-
dominic
12 years ago
- Herkime alla iman bersin bashga name diyeyin........
-
URGENCLI
12 years ago
- Dogry
-
YaSwami
12 years ago
- 7-8 adam olyandigine ynamym bar lukmançylyk prodažny boldy, çaga dogurmakdan hantama, ol bolmana nä dürs bejergiden ölýaniň hetdi hasaby ýokmykan diýan, 2,520- 2,880 adam olyar ýylyna,eger 7-8 adam bolsa,
PS:paranoýa islendik atyny ýeke çapyan han daldifeya, bu keselden gutulan yok, yone ozi olmaka encheme halky yokl siwilizasiyany yza çekyar. Bo halk ara psiholoklaryň gorkezmesi!
-
burguttm
12 years ago
- Be ýatanlarada gün ýok diýsene?!
-
sahett
12 years ago
- men hronika tm ynanamok.
-
idealman92
12 years ago
- Gynanjymy bildiryan jesetleri gozgalan adamlaryn yakynlaryna.emma yagdaylar edil beyle erbet daldir.gynanyan yerim,dowrun uytgemegi bilen yurduma dunya yuzundaki "nägehanlar"(spirtli içgiler,bitertip jynsy gatnaşyklar,neşe serişdesi,erkin gyz söwdasy we s.m) geldi,emma idili lukmanlar gelmedi
-
Dubaii
12 years ago
- Bu adamlardanýaña öläde gün ýok.
-
Isgender
12 years ago
- Awtory sen dal bolsanam beyle nejis habara goz yetirman halka yetirmeli dal ekeniniz. Olenlerin skeleti cykarylmaz hijem, ononam turkmen owliyany yitse gowy goryandir, yzy galmasa. Olenson bolmanda kime geregay sen, dirikan gadryn bilinse kayyl gezde yorda
-
Ayyuzli
12 years ago
- Bolmandyr...
Sowetskiy moskowskiyde de caga owluya bar eken. Kiceldilipdir. Hytaylylar jayam gurupdyrlar surulen yere. Yone o jaylarda rahat yashap bolanokmysh. Catrygyn.ozunde de hali shindi awariya bolup durya. 4-5sina ozum gordumem. Nama yormalydygyny bilemok...
Olum statistikasy bolsa gorkunc. Smertnost osdi. Keselcilikler kop.esasan yash ayal-gyzlarda rak keseli kopeldi. Ishing dushup yokarky onkologiya baran ozun bolma.... Hyryn-dykyn. Alla hemmesine shypa berewersin!!! Lukmancylygyn talyplaryny carelerden doly boshatmaly we okuwlarynyn hilini hakykatdan hem yokarlandyrmaly. Imho
lukmantm 12 years ago- imanly bolsunlar......
Awtor dogry bellap gecdiniz öñler biz kicirak okuwcy wagtlarymyzda "copanata" gonamcylygyn dashy zabor b.n ýapykdy son onun dashynyn zaboryny ayyrdylarda bir az kiceltdiler
aý garaz huday saklasyn ......