Bir zamanlar bir ullakan alma agajy bar eken. bir oglanjyk günde onuň ýanyna gelip üstüne dyrmaşyp, almalaryny, iýip şahalaryndan aslyşyp, saýasynda ýatyp oýnaýan eken, ol agajy gowy görýän eken, agajam ony. olar dost bolupdyrlar. Oglan ulalypdyr. bir gün ol agajyň ýanyna gelende agaç oňa "gel, meniň şahalarymdan aslyş, oýnaly" diýipdir. oglan oňa "men indi ulaldym, aladalarym kän, ýaşamaly, pul gazanmaly" diýipdir. agaç oňa "gel, meniň almalarymy ýygyp al, olary satyp gerek zatlaryňy al" diýipdir.oglan onuň almalryny ýygyp alyp gidipdir-de yzyna gelmändir. birnäçe ýyldan soň dolanypdyr we alma özüniň jaý gurmalydygyny aýdypdyr. alma oňa şahalaryny beripdir. oglan şondan soň ýene görünmändir. ýöne, alma şonda-da ony ozalkysy ýaly gowy görüpdir we garaşypdyr. bir gün ol garransoň gelipdir. agaja özüniň şu durmuşdan, maşgala meselelerinden ýadandygyny, uzak ýerlere gidesiniň gelýändigini aýdypdyr. agaç oňa "meniň galan bölegimi al, özüňe gaýyk ýasan, deňiz bilen başga ýerlere git" diýipdir. adam onuň galan düýbünem alyp gaýyk edinip, uzaklara gidipdir. agaç ýene ýeke özi gussa batyp galypdyr. birnäçe ýyldan soň ol adam ýene gelipdir. agaç oňa "gynansamam indi saňa bermägge indi hiç zadym galmady, iýmäge alma-da, çykmaga şahalarymam ýok" diýipdir. adam oňa "indi meniň alma iýmäge dişimem, şahalara çykmaga ýagdaýymam ýok" diýipdir. "maňa hiç zat gerek däl, men ýadadym, diňe dem alsam boldy". agaç oňa "gel onda, meniň töňňämiň üstünde otur" diýipdir. adam oturypdyr we agaç begenjinden ýylgyrypdyr, onuň dosty indi hiç ýere gitjek däldi. bu agaç- ata-enedir. olar çagalaryny bagtly etjek bolup hemme zadyny berýäler. çagalar bolsa köplenç olaryň gadyryny bilenok, haçan-da bilenlerinde bolsa, köplenç giç bolýar.

Köneler, hazeleye tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir