Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamyny ösdürmek boýunça degişli ministrligiň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipeler barada aýdyp, dünýä tejribesinden ugur alyp, orta mekdeplerde okuwyň möhletini 11-12 ýyla çenli uzaltmak meselesini öwretmek we teklipleri bermek,mugallymlary taýýarlamak,işleriniň hilini ýokarlandyrmak , mekdeplerde Internetden giňden peýdalanmak, Internet ulgamyna birikdirilen orta mekdepleri artdyrmak şeýle hem, elektron okuw kitaplaryny döretmek babatda anyk tabşyryklary berdi. Şeýle hem ýene 1-nji synpa gelýän okuwçylara döwlet tarapyndan berilýän kompýuterleri okuwda netijeli ulanmaga degişli anyk tabşyryklary berdi. Okuwçylara kompýuter sowatlylygyny öwretmek işini bu ulgamda degişli tejribesi bolan mugallymlaryň alyp barmalydygyny belledi. Umuman, siziň köpüňiz bu habarlar hakda bilýänsiňizem ,emma käbir daşary ýurtda okaýan talyp agzalara ýa-da işleýänleriňde anyk bilmegi üçin ýazaýdym. Eger bu teklip edilen zatlar goldanyp okuwlar 11-12 ýyla gitse meniň pikirimçä gowy bolardy. 1-njiden mugallymlaryň sagat sany köpelýär. 2-njiden okuwçylaryň bilim derejesi ýokarlanýar gözýetimi giňeýär. 3-njiden indiki ýyl okuwa arkaýyn tabşyryp geçip boljak,çünki uçurym bolmaýar. Kemçilikli taraplary hakda hem birini aýdyp biljek ol hem şu okuwçy gyzly-oglanly mesele, okuwy doly gutarmanka ýok bolup gidiberýäler.(soňundan olaryň yzyndan ylgaýanam synp ýolbaşçylary bolýar) umuman, erbet pikirä däl eger ýola goýulsa menä begenmän durjak däl. Goý biziň okamadyk,almadyk orta bilimimizi ýaş nesiller alsyn. Ýurdumyzda okamaga, öwrenmäge ähli mümkinçilikler döredildi, diňe oňat bahalar bilen mugallymlaryň gaharyny azyrak getirip okaýmak galdy. Sözümiň ahyryny 2012-2013 nji täze okuw ýyly bilen gutlamak isleýän. Talyp ady alan talyplara okuwlarynda uly üstünlik arzuw etýän.Okap ýören talyplara, bilim işgärlerini hem täze ýetip gelýän okuw ýyly bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn! Talyp ady almadyklar sizem men ýaly gynanyp oturmaňda indiki ýyla berk biliňizi guşap okaň okasaň bolmajak zat ýok ekeni, menä göz ýetirdim.
Täze okuw ýylynyň öňäsyrasynda.
-
ttmli
12 years ago
- goy, gelejekki altyn nesiller siz mugallymlaryn $amchyrag miweleri bolsun!
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- Ahlimizinki hayyrly bolsun akyl acan temandaky pikirlerine gosulyan yone sol 12yylyn 10sy adaty okuw galan 2si hunar boyunca yorite okuw bolsa yokary okuwa tayar yaslar kopelerdi(talyp bolsan uysup gutlarys mena sona ynanyan sebabi sen sol ada doly mynasyp)
-
Bayramsoltan
12 years ago
- Kemchiligina aydyp bilipsiñ akyl. Sebabi shu yylky 10a gechyanlerden 12 yyl boldumy diyip sorasam, "hawa, bizi okuwda garratjak bolyalar. Meñ wagtynda öylenesim/chykasym gelyar" yaly nägilelikli sözleri eshtmek bolyar. :-)
-
URGENCLI
12 years ago
- Sagbol akyly..1989
-
URGENCLI
12 years ago
- Tekegyzy sen aydyanlaryny goldayan, gaty dogry
-
makgush
12 years ago
- Dogrudanam orta mekdeplerini 12 ýyla ýetirseler gowa bordy welin, mysal üçin 12 boldy diýeli, okaýan okuwçylarymyzyñam ýaşy 19-a dagy baraýýar öýdýän ýalñyşmasam:-) indi meñ düşünip bilmeýan zadym, erkek oglanlar şu wagt 18 ýaşynda harby gulluga gidýärler, onsoñ 12 ýyl okap ondan soñam mümkin ýokary okuwlara girenlerä girer welin, a girmedikler näderkä:-) 19 ýaşda gulluk ýakmaýmasa, tak i tagam köp oglanlar 17-de arza ýazyp çaltyrak gullugyny dynasy gelýär. Wi ýene bir zat, aýdaly ine şu ýyldan mekdepler 12 ýyl boldy diýeli, onsoñ 2 ýyldagy türkmenistanda uçyrym bolmasa, harby bölümlerdede adam ýetmezçiligema başlar, oñ sebäbem oglanlar heniz okuwlaryny tamamlanok. Öñküje gulluk edip ýörenleremä gaýdar öýlerine:-) ýerlerine gelmeli esgerlerem heniz okap ýör, kimi ibererkä ýa harby gullugam 3 ýyl dagy bolaýsa başga zadam gerek däl:-)
-
Agent007
12 years ago
- Gulluk 1yyl boldy,bushlugymy berin
-
makgush
12 years ago
- Aý meñ üçinä gulluk 1 ýyl 2 boldy bildirýän ýeri ýok, buçlygyñy gitmedikler bererlaý
-
Agent007
12 years ago
- :-D
-
littil
12 years ago
- menem esitdim welin ynanman otyrdym cyn ekena.
-
smile9
12 years ago
- ay edil 12 yylam orta bilim üçin köpüräk bolaymasa. 10 yyl ylayyk şu wagt. okuwçylar beter azaymasa, 10 yylda bilim almajak okuwçy 12 yylyň içindede almaz. orta okuwy gutaryançaň 20 dagy yaşap gidyäň. hany gulluk, yokary okuw, iş, maşgala... bar ömrüň orta mekdepde geçäyjek yalylay...
-
virmenaard
12 years ago
- 12 yyl bolsa kop sistemalarda uytgeshmeler bolar. gulluklarda we yokary okuw jaylarda uytgeshmeler bolar. dine orta mekdebi 12 yyl edip beyleki zatlarda uytgeshme etman goymazlar.
-
sahett
12 years ago
- tüweleme her kimiñ görjek öz bähbidi bar bu üytgeşmede
ttmli 12 years ago- ays sagja bola akylym! Senin mugallymcylyk karinde $u okuw yilinda uly ustunliklerin yaran bolmagyny dileyarin!