Hormatly müşderiler! MTS TM"Kompaniýasynyň öz işine başlamagynyň öň ýanynda, Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk kärhanasynda hem her gün diýen ýaly täzelikler bolup geçýär, müşderilere täze hyzmatlar hödürlenýär. Ine, bu gun bolsa Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk kärhanasy öz müşderilerine "Men jogap berip bilemok!" atly täze hyzmaty berip başlady. "Men jogap berip bilemok!" hyzmaty Eger-de siziň telefonyňyz öçürilen ýa-da siz hyzmat ediş çäginden daşda bolsaňyz, onda siz "öz sözüňizi" galdyryp bilersiňiz! Onuň üçin 0880 gysga belgä SMS habaryny ibermeli. Habaryň teksti şu aşakdaky ýaly bolmalydyr. TEXT Men jogap berip bilemok! "Men jogap berip bilemok" diýlen ýere öz sözüňizi ýazyp bilersiňiz. Hyzmat gurnalandan soň size "SMS habary gurnaldy" diýlen habar geler. Haçanda siziň telefonyňyz öçürilen wagty, size başga bir müşderi jaň etse, şol müşderä siziň gurnan habaryňyz barar. Hyzmat Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň ähli müşderilerine mugt ýerine ýetirilýär. Hormatlamak bilen: Toýly SAZAKOW we Altyn asyr öýjükli aragatnaşyk kärhanasynyň sorag-jogap gullugynyň operatorlary. ÜNS BERIŇ! Şu habary bizden rugsat alman Azatlyk radiosynda cap etmek gadagandyr!!!

Köneler, Shamahyly tarapyndan 12 years ago
    turkmenntug 12 years ago
  • sag bol gowy habarlarña,dost. Azatlykda chap etmejek borus :)
    virmenaard 12 years ago
  • nemejan, toylyjan, bu avtootvetchikmi? yada dine sms baryarmy jan eden kisa?
    Gooool 12 years ago
  • gowy hyzmat eken. barladym. sagbol. yene aytsana tazelik bolsa.
    missindependent 12 years ago
  • 0880 gysga belgä sms habaryny ibermeli. habaryň teksti şu aşakdaky ýaly bolmalydyr.
    text men jogap berip bilemok!-diyipsiniz welin,jogap nadogry buyurma diyip gelyar-a...
    onsonam, bir zat sorajakdym-mts achylmagynyn edil onusyrasynda müşterileri yitirmejek bolup her hili taze hyzmatlar hodurlan bolyanyz.Hokman shuna cenli garashyp oturmalydymy?!
    Bayramsoltan 12 years ago
  • Menem gurnadym. Öñünden TEXT sözünem hökman yazmaly.
    flame 12 years ago
  • Menem gurnadym
    Guccitm 12 years ago
  • Tazelik ucin tenkyu
    makgush 12 years ago
  • Bah erwet däl, boljak. Altyn asyram betelýärow:-)
    heartbreaker 12 years ago
  • A men başgarak soz gurup gurnadym. Boljak eken
    Bayramsoltan 12 years ago
  • Mena: "özüm sizden bizar bolup öchurip goydum, gaydyp edayman" diydim :-D
    heartbreaker 12 years ago
  • Emma nadip shol yazgy yazylmaz yaly etmelika?
    Multyk 12 years ago
  • 0880-ne uly harp bilen diñe TEXT ýazaýmaly bolony,aýrylar.
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© talyplar.com 2007-den bäri diri