Maý aýynyň ýakymly howasy göýä meý içen ýaly aklyňy aýlaýardy. Seýilgähiň içinde skameýkada oturan ýerimden ýüzi täze çyrpylan otlaryň, açylan gülleriň ýakymly ysyny ysgap, uzakdan eşidilýän çüwdürimiň sesine goşulyşyp gelýän guşlaryň jürküldisini diňläp oturyşyma, bu gözelliklerden asla ganyp bilmeýärdim. Bu seýilgähde meniň ýaly duşuşyga gelenler, ýöne aýlammaga-görmäne gelenler baga-da az däldi. Honha geçip barýan çagaly-çugaly maşgalanyň uzak obalaryň birinden Aşgabada gezmäge gelendigini egin-eşiginden we daş-töweregine, şol sanda maňa açgözlük bilen seredişlerinden bilip bolýardy. Men skameýkada oturan ýerimdem zol-zol sagadyma seredýärdim. Sagat sekizden 5 minut işleýärdi. Maýajan bilen adaty duşuşýan ýerimizde, hut şu oturgyçda şu gün sagat 7-de duşuşmagy wadalaşypdyk. Bu gün öňa göýä öňkülerden köpräk garaşan ýalydym. Duşuşygy irräk belleşäýseňem kem däldigini görkezjek bolýan ýaly, öňümden bir gyz-oglan gol tutuşyp geçip barýar. Meniň oturgyjymyň çep gapdalynda ösen gür ýaprakly leýlisaçyň ýumşak ýaprakly şahalary şol tarapdan maňa mymyk öwüsýän şemalyň badyna käte meniň çep egnimi kakyp geçýär... Ynha-da meniň burnuma, tanyş, maňa juda bir ýakymly ys geldi. Men daş-töweregime garanjakladym, emma tanyş, garaşýan ýüzümi görmedim. Ýöne bu hökman şol bolaýmalydy. Maýajan bolaýmalydy. Maýajany ysyndan tanaýandygyma buýsanç duýgusy meniň aňymda uçgunlady. Beýle ysyň başga hiç kimde bolmaga haky ýok diýip men çynlakaý oýlandym. Ýöne töwerekde Maýajan gözüme kaklyşmansoň, ýerimden turdum-da üç-dört ädim öňe ýöredim. Sagyma-çepime seredenimde, meniň oturan oturgyjym bilen aralykda, leýlisaçyň beýleki tarapyndaky skameýkada Maýamyň maňa bakyp, ýylgyryp otyranyny gördüm. Men onuň ýanyna nädip baranymy duýman galdym. Ýanynda jaýlaşyp, öňki endigim boýunça golundan tutup, şol wagtky ýagdaý bilen baglanyşdyryp, oňa çyn ýürekden söýgi sözlerimi sözledim: Maýam, ynanýaňmy, men seniň geleniňi hut ysyňdan bildim, ýalňyşmandyryn. Ysyňy alanymdan, ýüregim gürsüldäp urdy. Meni bihuş edýän bu ajaýyp ysyň başga hiç kimiňki bolup bilmejekdigini men bilýän. Maýam, ýene-bir gezek goýbersene. Şol ysdan meniň serim sämeýär... Ýuwaşja pyssyldy ses we meni bihuş edýän ýakymly ys, bilemok, meni näçe wagtlyk ýene-de lezzetiň täze belentligine uçuryp alyp gitdi. Düşünen bolsaň arap bolarsyňmy?

Köneler, sukomoto tarapyndan 7 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir