Bardy agzy hatap ýaly bir itim. Göwsü bar göwsünden kem däldi atyň, Ýöwselläri bolmaz gurt-gara görse, Top kimin atylşy meňzärdi barsa. Ýüregi suwlydyr gaýly gijeler: Sen çaý içseň –ol söweşe tijener. Çarhlap-çarhlap naýza ýaly dişlerin, Seripdi kän çal börüleň läşlerin. Gartaşsada syr bildirmän nalaman, Süri goýny gorap gezdi Alabaý...
OL ITDI, AH, ÝÖNE NÄHILI ITDI! (ýa-da Alabaý hakda hekaýat)
-
1merdan
12 years ago
- Paýsyz adam ýaly ýagdaýy teňdi,
Uzyn gün agzyna zat alman oňdy.
Şol agşam giçden soň gopdy harasat.
Gaý gopdymy-bolybergin seresap.
Agyr süri çar tarapa urunýar,
Ne-hä ýyldyz, ne-de asman görünýär.
Täze it çarp urup kakýar pelesaň,
Alabaýym şindem ýatyr garasam,
-Haý Alabaý haýda!
-Haý, Alabaý bas!
Alabaýdan bolsa çykanokdy ses.
Birden ses eşdildi: “Haý, tokly gitdi!”
Bildim, bu gygyrýan çoluk ýigitdi.
Bir çetde täze it çyňsady çirkin,
Börüler “Hebeşi” dalandyr, mümkin...
-
1merdan
12 years ago
- Harasat ýatyşdy,sabady söweş,
Ýerkümäň burçynda ýatyrdy Hebeş.
Dalanan ýeri ýok seretsem säher.
Ganjarypdyr diňe sag gulak sähel.
Alabaýym bolsa hiç bir ses üýnsiz,
Ýatyrdy öňküje ýerinde müýnsiz,
Ganym gyzyp gahar aşypdy çakdan,
Goşanyň gözlerin dolduryp okdan,
Alabaý howlukman galdy tirsege,
Goşa nili çenäp durun gursaga.
Barmagym mäşede, nazarym itde,
Ýoldaşlarym baş egip dur bir çetde...
Ne-hä ýallaklaýar guýrugyn bulap,
Ne-de delminýärdi ol ötünç diläp,
Pälim üýtgäp, ganym gyzsada gaty,
Bagyşladym beýle ärýürek iti.
-
1merdan
12 years ago
- Ylla göwnü galan namysjaň kişi-
Şol güniň özünde terk etdi goşy.
Ýalbardym ýakardym: bolmady gitdi,
Öz bahasyn bilýän buýsançly itdi!
Çaga dek hamsygyp galdy çolugym,
Wah, ne güne goýdy zoňtar gylygym!
Gitdi, depelere duwlanyp gitdi.
OL ITDI, AH, ÝÖNE NÄHILI ITDI!
-
menbet
12 years ago
- gowy hekaya eken sag bol yetirenin ucin obadash! Oz itimiz yadyma dushup gitdi, pahyr ir yogaldy:-(
-
Abadan
12 years ago
- Bolsa'da öldùrmändir ! Gowy hekaýa eken,okanyña degýär.
-
sahett
12 years ago
- hawa hekaya örän gowy yöne käbir yerine düşünmedim.Tüweleme merdan dost yetirenine.bu kitapdan alynanmy?
-
Filip
12 years ago
- Sag bol! Alabay itlermizin tohumy yitmesin!
-
1merdan
12 years ago
- Sähet dost kitapdan alnan. Nirsine dü$inmedik bolsañ aýdyp otyr.
-
menbet
12 years ago
- arasynda kone sozler bar menem dushunmedim meselem: hatap, hebesh, zongtar we sh.m.
-
1merdan
12 years ago
- hatap-hatja ýaly açylýan, ýagny giň açylýan agyzly
hebeş-itiň ady
zoňtar-gylygy adamyň, ýagny kesir, özdiýenli diýen sözler bilen manydaş
... bu meniň düşünişim(ýalňyş bolsa bagyşlaň, ýada jeza beriň)
-
menbet
12 years ago
- saola:)
-
aysyzgije
12 years ago
- tuweleme, gaty gowy goshgy eken, sheyle goshgular koprak yazylmaly. yadadyk soyguden.
-
akylym1989
12 years ago
- Alabaý ýaly itler köp bolsun, ýetireniňe minnetdar.
-
heartbreaker
12 years ago
- emma gynansakda bu zamanlarda ol itler duybunden azalyp gidip baryar, olaryn deregini gurculer tutdy. menem yolbars atly bir dayaw copan itim bardy, kabir gorip gonshulam ol janawary awuly manty berip oldurdiler, kashka shol wepaly it dostumyn koyen aryny olardan alyp bilseydim...
-
heartbreaker
12 years ago
- emma gynansakda bu zamanlarda ol itler duybunden azalyp gidip baryar, olaryn deregini gurculer tutdy. menem yolbars atly bir dayaw copan itim bardy, kabir gorip gonshulam ol janawary awuly manty berip oldurdiler, kashka shol wepaly it dostumyn koyen aryny olardan alyp bilseydim...
-
makgush
12 years ago
- Ýetireniñe sagbol gullukdaş:-) ýene ýazyp dur.
-
turkmenntug
12 years ago
arasynda kone sozler bar menem dushunmedim meselem: hatap, hebesh, zongtar we sh.m.
menbet | 2012-05-22 11:34:32
hatap - Düýäň hataby,bilýänsiňiz,"düýäň eýeri" -diýeýin.şol hatap ýaly agzy açylýan,ullakan kelleli it diýjek bolunan.kellesi uly,"gazan ýaly"- itler tohum hasaplanýa.
hebeş - itiň ady ( keşbi howuňy basýan -diýen manyda ite dakylýa bu at ) weli,men ite şu at dakylsa halamok...
zoňtar - buda gödek,ýerliksiz hereket ýada ses ...
...meň pikrimçe goşyny diňe alabaý hakdadyr öýtmeli däl ... basnýa okan ýalyrak okamalymyka diýýän ...
-
Ayyuzli
12 years ago
- hebesh - gara manysyny berenokmy? ya men hebeshi bilen garyamykam?! negrlara hebeshi diyilyar oydyan.
-
turkmenntug
12 years ago
- dogry ,negrlere ( nigeriýalylara )aýdylýa hebeşiler diýlip ,aýlanyp dolanyp üýtgeşik manylarda ulanylýada bu sözem ...( şoň üçin halamok şu at dakylsa ite)
-
Makintos
12 years ago
... bu meniň düşünişim
(ýalňyş bolsa bagyşlaň,
ýada jeza beriň)
1merdan | 2012-05-22
12:04:53
saña jeza berip bolmazlay merdan aga
-
superoglan
12 years ago
- bet bet dos prosta soz yok
-
dominic
12 years ago
- Tuweleme ellerne saglyk dost yetirenne sagbol
-
pida
12 years ago
- ... bu meniň düşünişim
(ýalňyş bolsa bagyşlaň,
ýada jeza beriň)
1merdan | 2012-05-22
12:04:53
oho.., hijem erbet dal!
1merdan 12 years ago- Ir baharyň güneşine meýmiräp,
Ýatyrdy Alabaý gapdalda garap..
Gürrüňimiz onuň özü hakdady-
Ornun “Hebeş” bilen çalşyrmakda-dy,
Mysal, ol bu gürrüňi halaman,
Bize gyýa-gyýa bakdy Alabaý.
Diýýän ýaly: Entäk güýç-gurbatym kän”
Aýaklaryn peşäp delmindi haýwan.
Bolmajagyn bilen ýaly ahyry,
Ýaplandy-da ýatyberdi agyly.
Dözmän, baryp sypaladym başyny,
Datmady öňüne goýan aşymy.