…Arada milli kitaphanada Ahmet Bekmyradowyň makalalaryny yzarlap ýörşüme “Sowet edebiýaty” žurnalynyň 1986-njy ýyldaky sanynyň 4-nji nomeri elime düşdi, dogursy ýalňyşmasam şol 4-5-6 edilip goşlyp tikilen öýtýän. Meni ilki bilen özüne çeken zat ýaş şahyr ady bilen berilen Şiraly şahyryň goşgulary boldy. Şahsyýet hökmünde-de, şahyr we ýazyjy hökmünde-de hormat goýýanym üçin “ýaş” diýilýän döwürdäki “galam işledişi” meň üçin gyzyklydy… ….öňümde otyran dört sany gyzyň gürrüňinden ýaňa okan zadyňy alybam boljak däldi, içimden: “behh, beýlede adamlar bolar ekenow diýdimde, žurnaldan gözümi aýyrmasyzdan, ruçkany stola üç gezek urdym: -tyrk, tyrk,tyrk -gyzlar dym-dyrs boldylar. Geň galaýmaly ruçgaň sesi “ÝUWAŞŞŞ” diýen duýduryş bolyp aňlarynda galan bolmalyda elbetde… .. Arhiwden okan goşgym bolsa şeýleräkdi :
Yşgyň mazary...
-
Yegen
14 years ago
- Sag bola Merdan dost yetirenine! Shiralyn islan goshgusyny okasanam pikire çumduryar. Yenede yetirip durun Merdan aga.
-
AHAL
14 years ago
- sagjabol, gowy goshgy.
-
Makestm
14 years ago
- Sagjabol go$gy gowy eken merdan dost
-
Yzganttm
14 years ago
- Sagbol merdan aga gaty gowy go$gy eken ýene ýetirip dur agam
-
Koneurgenchli
14 years ago
- gowy manyly goshky eken sagja bol paylashanyna yenede shular yaly goshkylary yazyp dur
-
sahett
14 years ago
- Kitaphana köpräk gatna onda,biz goşgy okar yaly
-
1merdan
14 years ago
- Bor sähet aga
-
sahett
14 years ago
- sen mana aga diyme merdan men belki sen bilen den-dus bolaymaly.
-
1merdan
14 years ago
- Aý indi hormatda dost (we ýazýan temadyr teswirlerñiz belkide menkiden has hormata mynasyp)
-
Shajy
14 years ago
- gowy oran gowy dost
-
turkmenntug
14 years ago
- gowy goshgy eken!sag bol!Merdan aga!
-
Simpotyaga
14 years ago
- gosgy diyip suna aydaysan sagbol awtor yetirip dur!
-
akylym1989
14 years ago
- 1merdan beýle goşgulary okap başlapsyň weli söýgä uçurana dälsiň. goşgy hakda aýtsam örän manyly gowy goşgy ekeni. paýlaşanyňa minnetdar
-
Shahyrjyk
14 years ago
- beh goshgyn adynay "yshgyn mazary", inin jiggildap gidya, oylandyryjy sozlem kan
-
1merdan
14 years ago
- Akyl.. Go$gy y$ykdan doýanyñky bolaýmasa
1merdan 14 years ago
Belki, seň boýnuňda
Ol beýik ýazyk,
Düşünýäň,
Ökünýäň,
Ýüzüňem aşak…
Belki meň ýalňyşym kükregim ýaryp,
Durun huzuruňda, ýeňsämi gaşap….
Bu ne ýalňyz hasrat,
Bu ne täk düwün?
Eýsem bu gün gözlemekmi kärmiz?
Ine bildigemdä kimiň päkligin,
Ine, tapdygamda günäkäri biz!
Birimiz “perşde”
Birimiz “şeýtan”
Bar, şeýle hem eken,
Şeýle-dä ine!
Ah nireden gelip awuly peýkam
Sanjylyp dur ýüregimiziň göwsüne?
Ýürek dymýar şeýle agyr purstda,
Ýigrenç bilen söýgüň arasy ýakyn…
Kerbela çölüne dönen gursakda
Şehit ölen söýgüň mazary ýatyr
Ajy derman kimin ýuwduldy lebiz,
Geçir söýgüm zat goýmadyň uýmaga,
Ant içip,
“Söýýän” diýip ýetişdigem biz,
Otly gitdi…
Ýetişmedik söýmäge!
Köçede duş gelseň sowulýaň biryani
Başym alyp çykaýynmy şäherden?
Şeýdip bu gijede bir özüm barýan-
Aýak sesim diňläp ýatyr Bäherden.
Bu gije kalbymda harasat gopýar,
Oýlar çyra üýşen çirkeýler ýaly…
Gökde topar ýyldyz maňa göz gyrpýar.
Ýekelige gyjyt berýän mysaly.
Başymyz ýalaňaç söýgüň öňünde-
Adyl hökum täzeledi keşbimiz.
Men bilmedim:
Nädip syndy
Bir günde
Şunça ýyllap diken söýgü köşgümiz?...
Haýsymyz günäkär?
Parhy ýok bu gün.
Synamyzda başga derdiň azary:
Ot ýaly ýürekde-
Çigişen düwün.
Kerbela çölünde-
Yşkyň mazary.