Bu dünýädir gelip geçmeli dünýä Gaýrat edip okaň 5 wagt namazy Bir keser sen donuň biçmeli dünýä Gaýrat edip okaň 5 wagt namazy Bu namazdyr gör içiniň çyragy Ýene 8 jennet içre buragy Allahyň owal mundan soragy Gaýrat edip okaň 5 wagt namazy Jan çykanda nepi köpdir namazyň Bi huda geçirme gyş bn ýazyň 5 wagt namaz bilseň algyr tabhazyň Gaýrat edip okaň 5 wagt namazy Bir ertir namazy aýry tutmagyl Şul hususdan hunar bolar yatmagyl Eziz janyň dowzah içre atmagyl Gaýrat edip okaň 5 wagt namazy Her bir wagtyň 80 hukut jezasy Soralar bir güni namaz kazasy Ajap ýagşy Hudaýymyň ryzasy Gaýrat edip okaň 5 wagt namazy Bi namazlar bu dünýäniň arkydyr 5 wagt namaz ýalançynyň hakydyr Kapyr bilen musulmanyň parhydyr Gaýrat edip okaň 5 wagt namazy Bu namazdyr ybadatlar soltany Bu namazdyr mömin bendäniň ýary Bir gün guralar magşar bazary Gaýrat edip okaň 5 wagt namazy Bi namazlar towhy hak ýolda ýörmez Ömri uzyn bolup ýagşylyk görmez Bi namaz öýünde perişde durmaz Gaýrat edip okaň 5 wagt namazy Bi namazlar bir gün janyn aldyrlar Ak esgi dek gül ýüzüni soldyrlar Magşar güni garnyn otdan doldyrlar Gaýrat edip okaň 5 wagt namazy
Namaz
-
kaya tm
12 years ago
- Alla razy bolsun!
Avtory kimay bu goshnyn?!
-
ependi
12 years ago
- sagbol
-
missmaysa
12 years ago
- allah hemmamizdenem razy bolsyn,amin. Awtoryny bilemok kichi wagtym yazyp alypdym we sizede yetiraydim
-
kaya tm
12 years ago
- amin, sagbol, manyly goshgy.
Ependi, tema degishli gurrunler edilse gowy bolmazmy?!
-
handsome1
12 years ago
Bi namazlar bu dünýäniň arkydyr
5 wagt namaz ýalançynyň hakydyr
Kapyr bilen musulmanyň parhydyr
Gaýrat edip okaň 5 wagt namazy
shu yeri has hem tasirli eken.
awtor, tanry yalkasyn!!!
-
handsome1
12 years ago
- awtor hem , sen hem ( awtor senmikan diyip pikir edipdirin) :-)
-
mirasymyz
12 years ago
- Sagbol Maysa goshgy uchin. On okap goren goshgym dal eken.
Bash wagt namaz diyilyan gapyndan akyp duran derya bar bolsa shondan bash wagtyna yuwnup duran yalyda. Shol yuwnup duranda kir galmashy yaly namaz okayan adamyna her namazynyn arasynda eden kichi gunaleri bagyshlanyar.
Allatagala bizin namazymyza matachligi yok. Bizin Allaha matachligimiz bolanson okayas. Sansyz bize berlen nygmatlaryn shukri hokmunde.
Hasap guni Imandan son ilkinji tabshyrmaly hasabymyzam namaz boljak.
Shonun uchin her edyan ybadatymyzy dine Allahyn razy boljak shekilinde etsek, yagny sen Allahy gormesenem Allahyn seni gorup we eshidip otyrandygyny bilip etsek inshallah hasabymyzy Allahyn rehmeti bilen yenil tabshyrarys.
Allahym hasap guninde okan namazy yuzune zynylanlardan eyleme! Magtymguly atamyz sheyle diyyar: Okagyn namazyn misli pir kimin.
-
Yzganttm
12 years ago
- Maysa dogan alla sizden razy bolsun! Sagbol ýetireniñ ü.n. Yslam dininde kelemeýähe$etden soñra ýagny "lä ilähä illallah muhammede resurallah"dan soñra namaz gelýändir.
-
Oguzogly
12 years ago
- Salam mirasymyz men hem size goshulyan
Inshalla Tealla hemmamizden razy bolsun kyyamat magshar gununde gunamizin yenil bolup sogabymyzyn agyr gelmegine sebap bolyan dinin sutuni Namazdyr
mahriban agzamyz maysa yetirenine minnetdar
-
Oguzogly
12 years ago
- Nesip bolsa Namazyn mustakaplary we wajyplary barada menem yetirmekch inshalla.
-
missmaysa
12 years ago
- dogry aydyanyz mirasymyz,namaz okamayanlar sizem okamana chalshyn,namaz her bir insanyn parzy,hem de namaz okamakda uly bir lezzet bar,
-
Blackangel
12 years ago
- gaty dogry aydylan zatlar
-
Turkmenhanymy
12 years ago
- Gowy tema acypdyrsynyz missmaysa.Menem namaz hakda sheylerak bir setirleri okapdym:
Iki yol gorkezdim,hem akyl berdim,
Yoluny secmegi erkine goydum.
Rehmetimi zyndyn,zuluma galdyn,
Diyse Allahyna ne jogap berjek.
Ne ucin terk edersin parz sunneti,
Duymadynmy?Jennetimi,Jenneti
Sen dalmisin Muhammedin ymmaty
Diyse Allahyna ne jogap berjek.
Men seni yaratdym hosh guller kimin,
Goz berdim,gash berdim sumbuller kimin,
Amalyny sozle bilbiller kimin"
Diyse Allahyna ne jogap berjek.
Uly pygamberi men sana berdim
Jennetde men sana uly yer goydum
Sen pany dunyade ne ucin bosh durdyn
Diyse Allahyna ne jogap berjek.
-
Yzganttm
12 years ago
- Turkmenhanymy $u aýdan go$gyñy doly ýazyp 1 tema a$jak mena
-
syrlyalem
12 years ago
- diysen gowy yerlikli duzulen goshgy,Allah razy bolsun yetirenine
-
Jemka91
12 years ago
- Allah razy bolsun Minnetdar...
-
turkmentalyp
12 years ago
- Bakara süresi:
43. Namazy dolulygy bilen berjaý kylyň. Zekaty beriň we ybadat edýänler bilen bile ybadat ediň.
45-46. Sabyr we salykat (namaz okamak) bilen medet soraň. Elbetde, ol (namaz okamak) agyr işdir. Eger özleriniň Perwerdigärlerine ýüzbe-ýüz boljagyny we şübhesiz Oňa dolanjagyny bilýän dana zatlara (agyr däldir).
110. Namazy doly berjaý ediň we zekady beriň! Özüňiz üçin näme ýagşylyk eden bolsaňyz, ony Allah huzurynda taparsyňyz. Şübhesiz, Allah eden amallaryňyzy görüp durujydyr.
153. Eý, muminler, sabyr etmek we namaz okamak bilen (Menden) medet soraň! Elbetde, Allah sabyr edijiler bilen biledir.
177. Ýüzüňiz Maşryk we Magryf taraplara öwürmegiňiz ýagşylyk däl, belki, Allah, ahyret gününe, perişdelere, kitaplara, pygamberlere iman getiren, özi ýagşy görse-de, malyny garyndaşlaryna, ýetim-ýesirlere, misgin biçärelere, ýolagçy mysafyrlara, dilegçi-gedaýlara we gullary azat etmek ýolunda berýän, namazy doly eda edip, zekatyny berýän kişi we wadalaşanda, wadalaryna wepa edijiler we hususan, agyr-ýeňil günlerde we jeň-jedel wagtynda sabyr, takat edijiler ýagşy kişilerdir we, ine, şolar asyl takwadyr.
238. Ähli namazlary we esasan günorta namazy – öz wagtynda berjaý ediň! We Allah üçin boýun synan halda duruň!
277. Elbetde, iman getirse, ýagşy amallar eden we namazy doly berjaý edip, zekat berenler üçin Perwerdigär öňünde ýalkanmak bar. Olar üçin hiç hili howp-hatar ýok we olar gamgyn bolmaýarlar.
-
turkmentalyp
12 years ago
- Al-Imran süresi:
43. Eý, muminler, täki gepleýän gepiňizi bilmegiňiz üçin, serhoş halda namaza golaý gelmäň! We ýene saparda bolmasaňyz, tä ýuwunmaýançaňyz, junub (arassa däl) halda (namaza ýakyn gelmäň). Eger näsag ýada saparda bolsaňyz, ýada, hajathanadan çykan bolsaňyz, ýada hatynyňyz bilen ýakynlaşan bolsaňyz, we suw tapyp bilmeseňiz, arassa toprak (çäge) bilen teýim edip, ýüzüňize we elleriňize sürtüň. Elbetde, Allah geçiriji we rehimlidir!
Düşündiriş: Bu içgi barada nazyl bolan ikinji aýatdyr. Eger birinji aýatda (Sygyr süresi, 219-njy aýat) içgide köp peýda we zeleller bar, onuň zyýany peýdasyndan köpräk diýlen bolsa, musulmanlar üçin iň beýik makam bolan namaz wagtynda (“Namaz – muminiň tagtydyr”. Hadysdan) serhoş bolmazlyk buýurmak bilen Kuran Kerim onuň haram zatdygyna yşarat edip, oňa muminlerde nälet oýadýandyr. Nobatdaky içgi barada gelýän aýatda ony haram diýlip yglan edilýär. Şerigatyň ähli hökümleri, ine, şol soňky aýata esaslanýar.
Junub – erkek we aýalyň ýakynlaşmagy ýada her hili suratda erkek we aýaldan jyns suwy çykmagy netijesinde şol erkek aýal junub (näpäk) bolýar.
Teýim (taýammum) – suw tapyp bilmedik ýada tapsa-da, nähilidir bir sebäp bilen ony ulanmaga kadyr bolmadyk kişiniň päk topraga el urup, ýüzüne we ellerine sürtmek bilen päklenişdir. Bu amaly etmekde taharaty (täreti) gusl (ýuwunmagy) niýet edilýär. Her ikisini goşup, niýet etmek hem mümkin.
101. Sapar kylyp, başga ýerlere baranyňyzda, eger dinsizleriň pitnesinden gorksaňyz, namazyňyzy kasr (gysga) okasaňyz hem günä ýokdur. Çünki, dinsizler size açyk duşman bolan kimselerdir.
Düşündiriş: “Kasr namaz” diýip, dört rekat farz namazy iki rekat edip, gysgaldyp okamaga aýdylýar. Kasr namaz okamak üçin pyýada ýörelende, azyndan üç gije-gündiz ýoly geçmegi niýet edip sapara çykan bolmaly. Bu aralygy ulamalar 80-100 çykarym diýip belgiläpdirler.
103. Namazy okap bolanyňyzdan soň hem, durkaňyz, otyrkaňyz, ýanbaşlap gyşaranyňyzda, hemişe Allahy ýatlaň! Hatyrjemlik ýetişenden soň, namazy doly okaň! Elbetde, namaz muminleriň boýnuna farz edip goýuldy.
142. Elbetde, ikiýüzlüler Allahy aldajak bolýarlar, ýöne Allah olaryň özüni aldap goýandyr. We haçan namaza tursalar, ýaltalyk bilen il gözüne durýarlar we Allahy az ýatlaýarlar.
162. Ýöne olaryň arasyndan bilimleri pugta bolanlara hem-de size nazyl edilen zada we ondan öňki nazyl edilen zada we ondan öňki nazyl edilen zatlara iman getirýän muminlere, hususan, namazy berjaý edýänlere, zekaty eda edýänlere, Allaha we ahyret gününe iman getirýänlere – ine, şolara beýik sylagy eda etjekdiris
5-nji süre:
6. Eý, muminler, namaza durmankaňyz, ýüzüňizi hem elleriňizi tirsegiňize çenli ýuwuň, başyňyza pash çekiň, (ýagny, öl elleriňiz bilen sypalaň) we aýaklaryňyzy aşaklaryna çenli ýuwuň! Eger hapa bolsaňyz, ýuwunyň. Eger näsag ýada ýolagçy bolsaňyz, ýada hajathanadan çykan bolsaňyz, ýahudy hatynlaryňyza goşulan bolsaňyz we suw tapyp bilmeseňiz, päkize toprak bilen teýim ediň. Allah sizi kynçylyga sezewar etmek islemeýär, belki, siziň päklenmegiňiz we şükür etmegiňiz üçin size beren Öz nygmatyny kemally edip bermek üçin şeýle edýär.
-
menbet
12 years ago
- gowy goshy eken sag bol awtor!
shunyaly zatlar okasam gorkup bashlayan, aslynda niyet etyan okamagy, yone shu wagt yagny talyplyk dowrunde kynyrajyk bolyamykan diyyan.
-
makgush
12 years ago
- Many almaly goşgy eken, sagbol ýetireniñe.
Makestm 12 years ago- Maysa gowy sözler bu dunya adamlar ömur baky gelenok men sana hormat goyan