Adatça haýsydyr bir halkyň gelip çykyşy öwrenilse, agtaryşlar ilki onyň adyndan başlanýar. Ozaly bilen şol halkyň adynyň nähili häsiýetde ýüze çykandygy seljerilýär. Ýagdaý türkmenleriň ady babatynda hem şeýle. Indi tas müň ýyl bäri dünýäniň onlarça alymy “türkmen” sözüniň nähili ýol bilen emele gelenligi barada kelle döwýär.
"TÜRKMEN" SÖZÜNIŇ GELIP ÇYKYŞY BARADA
-
1merdan
12 years ago
- Görüşimiz ýaly türkmenleriň adynyň ýüze çykyşy hem onyň aňladýan manysy dogrysynda aýdylýan pikirler az däl, emma olaryň hiç biri hem meseläni çöp döwen ýaly edýän doly bahaly ylmy netijäniň derejesine ýetip bilenok. Eýsem türkmenleriň häzirki ady nähili ýol bilen döredikän?......
Men bu temanny alym Ahmet bekmyradowyň makalasyndan ýazdym(gönüden-göni, göçürme däl, soňam düşnikli bolar ýaly) dogry “türkmen” söziniň gelip çykyşy hakda gaty köp alymlar aýdyp geçen, Emma şol bir pikirleri sananyň bilen diňe temany sozanyň galýar, has anygy alymlar dälde ideýalar,
-
1merdan
12 years ago
- hakda aýtmak isläpdim diýjek bolýan, we bu barada sizde de gaty köp maglumat barlygyna ynanýaryn we paýlaşarsyňyz diýip umyt edýän, we alym Ahmet Bekmyradowyň şahsyn öz netijesi hakynda hem temanyň dowamynda aýdyp geçeris
-
magnit
12 years ago
“türk” hem
şu “man” sözleriniň birikmegi netijesinde “türkmen” sözü emele
gelip, ol “türküleriň ýeri, ýada ýurdy” manysyny berýär diýip ýazypdyr.
Dogrydanam shu aydylan gawat gelayjek yaly weli anyk jogap bermek kyn.
Gyzykly maglumat merdan, sagja bol!
-
URGENCLI
12 years ago
Iskender Zülkarneýiň dünýäniň köp ýerlerini özüne tabyn edip, ahyry türki kowumlaryň ýaşaýan ýerine ýetýär. Onuň çozyp gelýänligini eşdip, Ilat gündogara tarap göçýär. Şol gaçyp barýanlaryň arasynda ýigrimi dört adam ulag tapypbilmän, yza galýar. Isgender öz goşyny bilen olaryň yzyndan ýetýär. Bu adamlara barmagyny batyrman, gaýta, olaryň ýüz keşbini türkülere meňzeş görüp “türkmanend”, ýagny türke meňzeş diýip at berýär. Rowaýatda aýdylyşyna görä “türkmen” sözü ine, şu “türkmanend” sözünden emele gelipdir. Şol ýigrimi dört adam bolsa, türkmenleriň ýigrimi dört urygynyň ata-babasy hasap edilipdir.
menä ylalaşyp biljek däl
gowy tema açypsyn 1merdan sagbol
-
handsome1
12 years ago
- 1merdan sen taryhcymy? oran onat tema, sagja bol
-
URGENCLI
12 years ago
- gorkut atany okan bolsanyz ogul çaga dogulsa oňa at dakmandyrlar. oglan ulalyp bir iş bitirmeli eken we şol bitiren işine görä oňa at goyupdyrlar.bu oguzlaryň gadymy däbi bolupdyr.
belki şu däp tutuş millete at goymak üçinem ulanylan bolaymasyn. bu meniň dine öz pikirim.
-
akylym1989
12 years ago
- 1merdan ýazgyň üçin sagboluň. Emma türkmen sözi hakda Ruhnamanyň 1-nji kitabynda asly nurdan diýen manyny aňladýar diýip bellenilýär.
-
turkmenntug
12 years ago
- kitap agtaryp.kelle döwmäge degjek mowzuk.sag bol agam!
-
byagulechka
12 years ago
- Menem ruhnamadan okapdym emma beyle ginishleyin dal ,anyk ve gyzykly maglumatlaryn ucin sag bol
-
Yegen
12 years ago
- Öň men şu aşakdaky teswirimi ertircomda-da yazypdym, üýtgetmän kopiýa edäýjek, belki hakykata ýakynrakdyram:
Türk - sözi bashga bir manynam berýär.
Sada - diýen manyda hem ulanylýar. Meselem: Türkana adam ýada sen türk adamaý diýiläýýär.
Türk bilen Sada sözi manydash bolansoñ, Sada-men diýmekligi añladýar. Sada - men, sada adam, sada halk manysyna gaty meñzesh gabat gelýär. Biziñ ata-babalarymyzam giñ, sähraýy, türkana adamlar bolan. Mumkin mundan gelibem çykar, belki ýalñyshrakdyram.
-
turkmenntug
12 years ago
- ýegen aga.taryhçylar "TÜRKMEN "sözüniñ ýazgylarda peýda bolmagnyñ 10-11 nji asyrlarda ba$lanlygny aýdýa. Esasan,köp öñe sürülýänem,millete da$yndakylaryñ beren ady.diýlen tarapy.
Eger da$yndan at beriljek bolsa. Sada men,dälde, sadalar.sada ol.ýaly berilerdi.
Halkyñ özüne sada men,diýip at bermegi,gaty bir ýapy tarapa gidenogam. :)
TÜRKMEN halkynyñ $o wagtky ahwaly.sada men,ýada.sadalar diýilmäge o diýen kybapda$am däl...
-
turkmenntug
12 years ago
- "türki" sözüniñ "sada"diýlen manyda ulanylmagam gaty ýakyn wagtyñ i$i.(ýagny.türki däl dilleriñ bize kölge saljak derejä ýeten zamanyndan gaýdýa)
Parsca ýada arapça(ýa da rusca) ýazylan ýazgylar halka o diýen dü$nükli däl. Gaýry dilde gürlän adama ."türkülesene" diýlipdir.
ýagny ,öz dilimizde gûrlesene.
üýtgeýä.
Dü$nükli gürlesene.
Üýtgeýä.
Sadarak aýtsana.
...
we biz ýaly
"söz manysyn bilmeýen..." adamlara gelip. Hasam üýtgäpdir manysy...
Meñ pikrim.
-
1merdan
12 years ago
gorkut atany okan bolsanyz ogul çaga dogulsa oňa at dakmandyrlar. oglan ulalyp bir iş bitirmeli eken we şol bitiren işine görä oňa at goyupdyrlar.bu oguzlaryň gadymy däbi bolupdyr.
belki şu däp tutuş millete at goymak üçinem ulanylan bolaymasyn. bu meniň dine öz pikirim.
URGENCLI | 2012-02-12 08:10:45
menä ylalaşamok dost bu pikir bilen
-
1merdan
12 years ago
- Geçmişde türkmenleriň öz eli bilen döreden taryhyna “Oguznama” diýip at berilýär. Gadymy zamanlarda ýüze çykan “oguznama” hekaýatyna türkmenleriň nesilbaşysy Oguz handan başlanýan taryh siňdirlipdir. Onda halkyň tutyş geçmişi, ruhy gazananlary umumylaşdyrlypdyr. Reşieddiniň aýtmagyna görä, türkmenleriň köp bölegi “Oguznamany” ýatdan bilipdir. Türkmen edebiýatynyň taryhynda ýörüte oguznamaçylyk däbi bolypdyr. Bu däbiň kökleri gadymyýetiň çuňlugyndan gaýdýar. Baryp biziň eýýamymyzyň 5 nji asyrynda bir “Oguznamanyň” türki dilden gadymy parsy diline geçirilendigi barada maglumat bar.Onuň awtory Ulug han Ata bitigçi bolypdyr.Biziň göwnümize bolmasa, türkmenleriň adynyň ýüze çykmasy hem şol kitapdan tapylaýjak ýaly....
-
1merdan
12 years ago
- “Oguznamada” aýdylşyna görä, Oguz hanyň pähimdar geňeşçisi Ulug Törük düýşinde bir altyn ýaý hem üç sany kümiş ok görýär. Ol düýşiüni oguz hana aýdyp, oňa şol ok ýaý bilen oklary tapyp almagy maslahat berýär.Oguz han alty ogluny üç-üçden topara bölüp, ýaý bilen okyň gözlegine iberýär. Onuň uly üç ogly ilki bilen altyn ýaýy tapyp getirýär. Oguz han ýaýy üçe bölüp her oglyna bir bölegini berýär. Şol üç oglyna hem “bozuk” diýip at berýär. Sebäbi ol ýaýy deň böl,ek üçin döwmelidi, ýagny bozmalydy.Soň galan üç kiçi oglyüç kümiş oklary Oguz hana gowşyrýar, kakalary olaryň hersine ok berip olary “üçok” diýip atlandyrýar.Şondan soň ol bozuklardan bolan on iki sany agtygyny sag tarapa, üçoklardan bolan on iki sany agtygyny hem çep tarapa geçirip, olary iki topara bölýär. Şeýdip oguzlaryň iki taýpa birleşigi döredilýär. Sebäbi ähli “Oguznamalarda” bellenilişi ýaly, Oguz hanyň her agtygynyň ady soň-soňlar oguz türkmen urugynyň adyna öwrülipdir. Şeýlelik bilen oguzlaryň bozuk birleşiginiň kerematly nyşany ýaý-keman, onyň üçok atlandyrylýan birleşiginiň kerematly nyşany hem ok-tir bolyp galypdyr.
Okyjylaryň bu ýerde näme üçin ok bilen ýaý-a köp agram salynýar diýmegi mümkin. Munyň öz emmasy bar. Biziň pikirimizçe “türkmen” sözüniň ýüze çykyşyny oguzlaryň, ine şol keramatly nyşany ok-tir bilen ýaý-keman bolan Üçok hem Bozuk taýpa birleşikleriniňň taryhy bilen bagly bolmaly. Ozaly bilen şeýle bir mysal. Rus alymy I. F. Blaramberg 1841-nji ýylda Peterburgda türkmenleriň taryhy hakynda ýazan kitabyny neşir etddiripdir. Ol işinde “türkmen” sözi “tir-u-keman” diýen iki sözden emele gelipdir diýen pikiri orta atýar. Öz pikirini türkmenleriň geçmişde ok-ýaý-a ýa-da tir-kemana türgen bolanlygy bilen delillendirmäge synanşypdyr.Alym diýseň gyzykly meseläniň başyny başlapdyr.Ýöne ony ahyryna çenli alyp gidip bilmändir.Biziň pikirimizçe “türkmen” ady şol sözlerden emele gelipdir, emma ol diňe tir-kemana türgenligi bilen däl,öňde ýatan iki taýpa birleşiginiň taryhy bilen baglanşykly bolandyr......
-
1merdan
12 years ago
- Okyjylaryň bu ýerde näme üçin ok bilen ýaý-a köp agram salynýar diýmegi mümkin. Munyň öz emmasy bar. Biziň pikirimizçe “türkmen” sözüniň ýüze çykyşyny oguzlaryň, ine şol keramatly nyşany ok-tir bilen ýaý-keman bolan Üçok hem Bozuk taýpa birleşikleriniňň taryhy bilen bagly bolmaly. Ozaly bilen şeýle bir mysal. Rus alymy I. F. Blaramberg 1841-nji ýylda Peterburgda türkmenleriň taryhy hakynda ýazan kitabyny neşir etddiripdir. Ol işinde “türkmen” sözi “tir-u-keman” diýen iki sözden emele gelipdir diýen pikiri orta atýar. Öz pikirini türkmenleriň geçmişde ok-ýaý-a ýa-da tir-kemana türgen bolanlygy bilen delillendirmäge synanşypdyr.Alym diýseň gyzykly meseläniň başyny başlapdyr.Ýöne ony ahyryna çenli alyp gidip bilmändir.Biziň pikirimizçe “türkmen” ady şol sözlerden emele gelipdir, emma ol diňe tir-kemana türgenligi bilen däl,öňde ýatan iki taýpa birleşiginiň taryhy bilen baglanşykly bolandyr......
-
1merdan
12 years ago
- ......Ahmet Bekmyradow şu pikir bilen ylalaşypdyr elbetde, men sazlaşygy saklamak üçin bir makaladan peýdalanmakçy boldym temada(elbetde özeni hökmünde) dogry Gorkyt atada da Bogaç hana öküz öldürenligi sebäpli at dakýarlar, egerde ýagdaýa şeýle göz bilen seretsek(Ürgençli agzamyz aýdypdyra) onda yslamy kabu edip “türk-iman” bolypdyr diýlen bilen ylalaşmaly bolýar, emma .....
...Şahsyn men bu pikire goşulamok
-
turkmenntug
12 years ago
- bu pikir bolýa...
-
Raimend
12 years ago
- Mukaddes Ruhnamada "tùrk-asly ,iman-nur"ýagny asly nurdan diyip bellenip gecilýär,menä $u pikirde galýan
-
URGENCLI
12 years ago
- alym ahmet bekmyradow turkmen adynyň gelip çykyşy baradaky çaklamalara we jedellere nokat goyup hakykaty açmak isläpdi. emma...
ol otuz sekgiz ýaşynda aramyzdan gitdi. ahmet bekmyradowyn yatan yeri yagty bolsun
-
1merdan
12 years ago
- Eger türkmenleriň taryhy bilen bagly çeşmeleri içgin yzarlasaň, bir ýagdaýy aňşyrmak bolýar. Tä onynjy asyra olaryň “oguz” ady ýörgünli bolypdyr. Bu asyrdan başlap “türkmen” ady hem peýda bolypdyr. Eýýam 11-nji asyrda “oguz” ady-da, türkmen ady-da deň derejede ulanylypdyr. Muny Kaşgarlynyň “Oguzlar –türkmenlerdir” diýip berýän maglumatlary hem tassyklaýar. Bellemeli tarapy, 12-nji asyrdan soň “oguz” sözi kem-kemden aýrylyp başlapdyr. Tersine “türkmen” sözüniň işjeňligi artypdyr. Soňlugy bilen ol “oguz” sözüni bütinleý gysyp çykarypdyr. 12-nji asyrdan soňky çeşmelerde “oguz” sözü türkmenleriň ozalky ady hökmünde gelýär.
-
1merdan
12 years ago
- Elbetde “türkmen” we “tirkeman” sözleriniň arasynda tapawut bar. Ýöne dilçilik nukdaýnazardan çemeleşilende, olaryň agzyny bir edip boljak. Türkmen dilinde çekimli sesleriň biri-birine uýgunlaşmagy-singarmonizim ýörgünli kadalarynyň biri. Şu esasda “tirkeman” sözü “türkemen” görnüşine geçendir diýip pikir edýäris. Bellemeli tarapy, türkmen diýalekitiniň köpüsinde “kemana” “kemen” diýilýär. Hatda “kemenli “ diýen etnonim hem bar. Soňky asyrlarda türkmen dilinde birinji bogyndaky “i” çekimliniň ýerine “ü” çekimliniň geçmek kadasy geçipdir. Mysal üçin:, gadymy türki dilindäki “ýiniji”, “ýip”, “min”, “miň”, “tiz”, “tiwe” ýaly sözler türkmen dilinde “hünji”, “ýüp”, “mün”, “müň”, “düz”, “düýe” görnüşine geçipdir. Arap-pars dilinden alnan “mirze”, “misir”, “mişik”, “sitem”, “himmet”, “hijre” ýaly sözler hem türkmen dilinde “mürze”, “müsür”, “müşk”, “sütem”, “hümmet”, “hüjre” diýlip aýdylýar.Şu ýagdaýa görä, “tirkeman” sözü “türkeman” formasyna geçen bolsa gerek. PROFESSOR J. Amansaryýew türkmen diline häsiýetli bolan bir kadany belläpdir. Ol köp bogunly sözleriň ikinji bogyndaky çekimli sesleriň düşip galmak kadasy. Alymyň getirýän mysallaryndan görnüşi ýaly, bu kada aýratyn hem alynma sözlere häsiýetli. Mysal üçin, “telefon”, “telegramma”, “papiros”, “hökümet”, “patyşa”, “bilet”, “minut”, “eşit” ýaly alynma sözler gepleşikde hem, dialektde hem “tilpun”, “tilgram”, “paprus”, “hökmet”, “paşa”, “bilt”, “mint”, “eşt” görnüşinde ulanylýar. Edil şonyň ýaly hem “keman” sözü hem alynma söz, ol türki dile 13-nji asyrdan soň aralaşan. Ine , şu kada boýynça ozal “türkeman” görnüşinde bolan söz ahyry “türkmen” formasyny alypdyr: tirkeman-tirkemen-türkemen-türkmen.....
..... diýip taryhçy alym Ahmet Bekmyradow öz makalasynyda aýdýar
-
1merdan
12 years ago
alym ahmet bekmyradow turkmen adynyň gelip çykyşy baradaky çaklamalara we jedellere nokat goyup hakykaty açmak isläpdi. emma...
ol otuz sekgiz ýaşynda aramyzdan gitdi. ahmet bekmyradowyn yatan yeri yagty bolsun
URGENCLI | 2012-02-13 02:07:06
sag bol dost teswirler üçin, taryha hormatyň üçin aýratyn sag bol
ýöne alymyň şeýle başlangyja ýapyşmagynyň özü uly işmikän diýip pikir edýän
-
1merdan
12 years ago
Mukaddes Ruhnamada "tùrk-asly ,iman-nur"ýagny asly nurdan diyip bellenip gecilýär,menä $u pikirde galýan
Raimend | 2012-02-13 01:40:55
bolyp biler welin, ondaky aýdylşyna görä bäş müň ýyllyk taryh diýilýär, onda biz "töwratdan" gözlemeli bolýas delilleri, dogyrsy beýle dälmikän diýýän menää bagyşla welin
-
turkmenntug
12 years ago
- Nyýazow 5 müñ ýyl diýeninde Oguz handan bäri hasaplapdyr.
oguz han,b.e.o 3-2 nji asyrlarda ýa$anlygy aýdylýa
Iñ irki Oguznamaçy hasaplanylýan Ulughan bitikçiniñ "Oguznamasy" baryp,6-njy asyrda (TÜRKMEN dilinden) parsça terjime edilipdir...
-
turkmenntug
12 years ago
- we oguz han 3 nji asyrda ýa$an bolsa.we ogullarny bölip.tik,keman diýip, TÜRKMENI emele getiren bolsa,näme ûcin bu ikisini,tir we kemany, birlikde gelen ýerini, 10 njy asyr ýazgylarna çenli aralykdan tapyp bilmedik?
-
turkmenntug
12 years ago
- *tir bolmalydy!
-
1merdan
12 years ago
Nyýazow 5 müñ ýyl diýeninde Oguz handan bäri hasaplapdyr.
biziň eramyzdan öňki 3-2 asyr bolanda, bäş müň ýyllyk bolmaýan bolaýmasa diýýän
oguz han,b.e.o 3-2 nji asyrlarda ýa$anlygy aýdylýa
Iñ irki Oguznamaçy hasaplanylýan Ulughan bitikçiniñ "Oguznamasy" baryp,6-njy asyrda (TÜRKMEN dilinden) parsça terjime edilipdir...
turkmenntug | 2012-02-19 12:14:01
-
1merdan
12 years ago
Nyýazow 5 müñ ýyl diýeninde Oguz handan bäri hasaplapdyr.
biziň eramyzdan öňki 3-2 asyr bolanda, bäş müň ýyllyk bolmaýan bolaýmasa diýýän
oguz han,b.e.o 3-2 nji asyrlarda ýa$anlygy aýdylýa
Iñ irki Oguznamaçy hasaplanylýan Ulughan bitikçiniñ "Oguznamasy" baryp,6-njy asyrda (TÜRKMEN dilinden) parsça terjime edilipdir...
turkmenntug | 2012-02-19 12:14:01
-
1merdan
12 years ago
we oguz han 3 nji asyrda ýa$an bolsa.we ogullarny bölip.tik,keman diýip, TÜRKMENI emele getiren bolsa,näme ûcin bu ikisini,tir we kemany, birlikde gelen ýerini, 10 njy asyr ýazgylarna çenli aralykdan tapyp bilmedik?
biz ýokarda "tirkeman" diýlenligi, we başgada köp bolyp biläýjek ýaýgdaýlar hakda aýdypdyk.ýöne ýene bir ýazgylarda "türkmen" sözüne 5 nji asyrda da duşmak bolýarmyşyn, oňa näme diýjekGepiň gysgasy men Bir pikiri goramak islämok,
turkmenntug | 2012-02-19 12:18:30
-
1merdan
12 years ago
- ýöne hakykada ýakynyragyny aýtmak isledim
-
turkmenntug
12 years ago
- biziň eramyzdan öňki 3-2 asyr
bolanda, bäş müň ýyllyk bolmaýan
bolaýmasa diýýän
1merdan
agam.
menem edil $o bolýa
diýmedim.
$oña meñze$ bir zatlara esaslanandyr
Diýjek boldum!
-
turkmenntug
12 years ago
- ýenede ,Oguz han 3 nji asyrda ýa$an,4 asyrda ogullarny 2 topara bölûp, tir we keman toparlarny döreden bolsa.
Näme ûcin bu bölûn$ik ýa da birle$ik dörän wagtynda gyzgyny bilen tir we keman .diýlip ugralman.tersine tire,urug köpelip,ep esli bolan 10 njy asyrna gelip tir keman diýlipdir.
Tersine bolmaly dälmidi?
"Tir","keman"
TÜRKMENiñ sözümi?ene dilinde barmy?
Ýok.pars sözümi?
Beýle bolsa ýokardaky millet öz özüni atlandyrdy,da$yndan at dakylmady diýlen pikire geli$meýä?!
-
Yegen
12 years ago
- "türki" sözüniñ "sada"diýlen manyda ulanylmagam gaty ýakyn wagtyñ i$i.(ýagny.türki däl dilleriñ bize kölge saljak derejä ýeten zamanyndan gaýdýa)
parsca ýada arapça(ýa da rusca) ýazylan ýazgylar halka o diýen dü$nükli däl. gaýry dilde gürlän adama ."türkülesene" diýlipdir.
ýagny ,öz dilimizde gûrlesene.
üýtgeýä.
dü$nükli gürlesene.
üýtgeýä.
sadarak aýtsana.
...
we biz ýaly
"söz manysyn bilmeýen..." adamlara gelip. hasam üýtgäpdir manysy...
meñ pikrim.
turkmenntug | 2012-02-13 00:40:52
sen diýeniň bilenem bir tarapdan ylalaşýan Nejep, ýöne bir tarapdan şu başgaragam.
Türkmen - ady haçan gelip çykypdyr. Öňki ýazgylarda Türkmen sözi känmika, bu taýda müňýyllyklary gözlemeli däl, Türkmen sözi dörän bolsa 10-njy asyrdan bärdemika diýän.
türk - sözüniň aňlatmasy şeýle: türkana.
türkana - diýmegem, sada, sähraýy diýmekligi aňladýar.
biziň ata-babalarymyzam türkana, sähraýy adamlar bolansoň, olara Türkmenler diýlen bolmagy mümkin.
Onsoňam hiçbir halk, ýada taýpa özüne özi at dakanok, goňşy halk, taýpalar dakýar. şoňa esaslanyp dakylan bolmagam ahmal.
-
turkmenntug
12 years ago
- TÜRKMEN sözi 7 nji,6 njy asyr ýazgylarynda da du$ýa diýilýä.
Eger $eýle bolsa Ahmet agañ pikri hakykata has ýakyn hasaplanmaly...
-
1merdan
12 years ago
türkana - diýmegem, sada, sähraýy diýmekligi aňladýar.
ýegen dost bolybam biler weliinnn,10-15 asyrlardaky türkmenler dünýä nusga bolan halk, köp babatda, şumatky ösen halklar ýaly
biziň ata-babalarymyzam türkana, sähraýy adamlar bolansoň, olara Türkmenler diýlen bolmagy mümkin.
Onsoňam hiçbir halk, ýada taýpa özüne özi at dakanok, goňşy halk, taýpalar dakýar. şoňa esaslanyp dakylan bolmagam ahmal.
Yegen | 2012-02-20 23:42:47
-
1merdan
12 years ago
ýenede ,Oguz han 3 nji asyrda ýa$an,4 asyrda ogullarny 2 topara bölûp, tir we keman toparlarny döreden bolsa.
ýokarda sözüň wagt geçip üýtgeýşini aýdypdyk
Näme ûcin bu bölûn$ik ýa da birle$ik dörän wagtynda gyzgyny bilen tir we keman .diýlip ugralman.tersine tire,urug köpelip,ep esli bolan 10 njy asyrna gelip tir keman diýlipdir.
Tersine bolmaly dälmidi?
-
1merdan
12 years ago
"Tir","keman"
gadymy türki dilinde de duş gelýär, parsçada-da ýok däl(gizlemäýin)ýöne häzirki dilimizde alynma sözler känä, ýada ýoýylma esasynda başga dilden gelip üýtgän sözler.Umuman näme diýjek bolýaňa türkmentug aýtsana belli bir pikir bagyşla welin
TÜRKMENiñ sözümi?ene dilinde barmy?
Ýok.pars sözümi?
Beýle bolsa ýokardaky millet öz özüni atlandyrdy,da$yndan at dakylmady diýlen pikire geli$meýä?!
turkmenntug | 2012-02-20 09:01:59
-
turkmenntug
12 years ago
- agam gaharlanma:)))
Diýjek bolýanym.
Biz TÛRKMEN adyny,Oguznamadan ,Gorkut atadan, ... Däl,horezm döwletini guran,taryhynda Tumar han duran ,ýerli halk bolan... Halkdan gözlemeli?!
Dogrusy,maglumatym kem.maglumat toplamaga wagtymam kem.ýöne $u hakynda gyzyklanmagy maslahat berýän.
(bu pikir Nurýagdy dostumdan cykdy asly)
-
URGENCLI
12 years ago
Biz TÛRKMEN adyny,Oguznamadan ,Gorkut atadan, ... Däl,horezm döwletini guran,taryhynda Tumar han duran ,ýerli halk bolan... Halkdan gözlemeli?!
Dogrusy,maglumatym kem.maglumat toplamaga wagtymam kem.ýöne $u hakynda gyzyklanmagy maslahat berýän.
şu pikire goşulyan.
-
URGENCLI
12 years ago
- niçe alym geçdi neler bildiler
şem dey ýanyp dünyä yşyk saldylar
olaň haýsy böwüsdi tümlügi
bir erteki aydyp uklap galdylar
şu aýdylyşy ýaly turkmen adynyň we milletiniň gelip çykyşy hakynda kop-kop alymlar kelle döwdiler. olaryň hiç biri hem tümlügi böwsup bilmediler. her kim öz çaklamasyny aýdyp gitdi.
gaty manyly hem peýdaly tema açypsyň 1merdan agza
bu temada taryha hem milletiňe beyik hormat hem yhlas duyulyar
-
URGENCLI
12 years ago
- 1. adam ata
2. şis
3. anuş
4. kynan
5. mehlaýyl
6. bered
7. ahnuh (idris)
8. müteweşlek
9. lemek
10. nuh
11. yafes
12. türk
13. tütek
14. emelje han
15. bakuy Düyp
16. gök han
17. alynja han
18. tatar - mogol
19. ...... gara han
20 ...... oguz han
-
1merdan
12 years ago
Diýjek bolýanym.
Bää ahyr aýtdyňoow hooll injilde agzalýan "kir" patyşada onda Tumarisden ýeňilen(tumarda bizde)dogry bolyp biler, emma kabul edilip bilinmejek zat Nejepjan bul
Biz TÛRKMEN adyny,Oguznamadan ,Gorkut atadan, ... Däl,horezm döwletini guran,taryhynda Tumar han duran ,ýerli halk bolan... Halkdan gözlemeli?!
Dogrusy,maglumatym kem.maglumat toplamaga wagtymam kem.ýöne $u hakynda gyzyklanmagy maslahat berýän.
-
1merdan
12 years ago
- gözlegiňe sag bol, sen aslymyz hakda aýtýaň, dogry emma türkmen sözü şol ýerli taýpada bardymykan biz"türkmen" sözüni yzarlaýarys eger bolandady ......nloagzamyzyň açan temasy şuň dowamyna meňzäp gitýär
-
1merdan
12 years ago
- Bagşla türkmentug men gaharlanmadym, temaň hatyrasyna, "pikiriňi aýdyňyrak aýt" diýmek isledim
-
turkmenntug
12 years ago
- agam.menem "gaharlandyñ" diýmedim.
"gaharlanma" diýdim :)
Dogry aýtdyñ.dowamy $o ýerde ýazmaly .
-
turkmenntug
12 years ago
- ýagny.
Nlo agañ mowzugynda
-
1merdan
12 years ago
- ARhiwden ýenede bir zat tapdym belki şul mowzuga baglanşygy bardyr, garaz ukudana goýdy şu pikir şu agşam hany sizem okap görüňda:-D
-
1merdan
12 years ago
Biz TÛRKMEN adyny,Oguznamadan ,Gorkut atadan, ... Däl,horezm döwletini guran,taryhynda Tumar han duran ,ýerli halk bolan... Halkdan gözlemeli?!
Dogrusy,maglumatym kem.maglumat toplamaga wagtymam kem.ýöne $u hakynda gyzyklanmagy maslahat berýän.
(bu pikir Nurýagdy dostumdan cykdy asly)
turkmenntug | 2012-02-21 11:50:58
şu pikir hakda soňky döwür köp oýlanýan bolypdyryn özäää
-
Raimend
12 years ago
- Näme ücin türkmenler yewropeid jyns toparyna degi$li bolup,dilimiziñ altay-tùrk dil toparyna degi$li bolup galandygyna men hayran ,aslynda yewropa dillerine yakyn bolmalymyka diyip pikir edýän hem-de bu meseläniñ jogabyny yewropa dil edebiyatynyñ materiallaryndan hem gözlemeli
-
YaSwami
12 years ago
- şo bara dürtmen bolmaly ýagny dürt-düsnikli zat, men diýmek iňlisçe erkek, dürtýan erkek, görýänizmi, asly nurdan bolsa, nurynyň ýalkymy bütin ýurda ýalkym salardy,normalny bir ýurt ýa döwlet gurup bilmandir, illerede gurdurtmany bermändir, şu ýurtda dürtmen bolany ücinem, hiç döwlet normalna obşatsa edip bilmändir, hususy pikirim, şo dürtmen bolmaly, ýöne ýerden däl oow, türkmeni dürtmeseň, düýmaz diýeni,koroçe ruçka bn çyzyp dürtmen bolmaly
-
1merdan
12 years ago
şo bara dürtmen bolmaly ýagny dürt-düsnikli zat, men diýmek iňlisçe erkek, dürtýan erkek,
:-D, tapýaňaý walla senem, ýaswami dost,indi tehnikadaky (ýada gündelik durmuş üçin etýän) açyşlaryňy taryh babatda hem dowam etdiriberseň boljak.:-D
-
YaSwami
12 years ago
tapýaňaý walla senem, ýaswami dost,indi tehnikadaky (ýada gündelik durmuş üçin etýän) açyşlaryňy taryh babatda hem dowam etdiriberseň boljak.
ýoo men bara, düsenesim gelýäde, türkiman-bolsa türkmen bir imanlyga ymtylyp barýan halkama däl, arakdan gerkgäbe doýalar, soňam omyn edýäler, ýa musulmançylygam alyp baryp bilenok normalna, biza kak budto türkiman, galan türklerimizem imansyz türk diýen ýaly, asly nurdan diýseňem, o da ýaňy ýokardaky belgim. sada diýseňem, sada dälde gruby diýseňem gelişmän durjak däl, sebäbi gürleşmäne başaryp bilenok, nu duz bar ne tagam, ejeň sözini düşurmeýärler, elbetde olam nesil yzarlap gelinýar, ejä sögmek, düýn doränok, diýmek dörtmen bolmaly, hasam gelişýär häzirä, bir-birini dürtüp gün bermeyärler, şu gün men du`rtsem, ertir sen meni dürtmeli, :)
-
YaSwami
12 years ago
- Yöne çynymy aýtsam-türk-men bolmaly kim sen Turk menooow bolmaly, sebäbi başga many yök, onsoňam türkmenler hem azerbaýdjançada gürleýär, özbekçede gazakçada, ýöne başag türki milletler biziňki ýaly gürlemäni bilmeýärler, şonuň üçin turk çagalaryň atasy höküminde tanalýarmykan dp öz gipotezamy öne sürýän, yögsa şo dürtmen kellämden çykanokda :)
-
1merdan
12 years ago
1. adam ata
2. şis
3. anuş
4. kynan
5. mehlaýyl
6. bered
7. ahnuh (idris)
8. müteweşlek
9. lemek
10. nuh
11. yafes
12. türk
13. tütek
14. emelje han
15. bakuy Düyp
16. gök han
17. alynja han
18. tatar - mogol
19. ...... gara han
20 ...... oguz han
.. muňa näme diýersiň ýa swami dost?
-
Yegen
12 years ago
- Gowsy Turklerdenem sorap gorayinow shuny, olaram ozlerine Turk diyar ahyryn. Belki olardan yeterlik maglumat alarys, olaram turk sozunin ustunde kan ishlandirler..
-
idealman92
12 years ago
- "tir-u-keman" teoriyasy bilen ylalashyan
-
Kamilligetarap
12 years ago
- bahh dostlar dostlar hali hem dushunip yetmedingizmay shu teoreticeski pelsepaning bizi yalngyshdyryanyny.(meselem yene 100 y.dan haysydyr bir pelsepeci shu talyplarkomyng arhiwini dorup manga ozbek oglan diyjegi gumansyzlay. Sebabi ol dorushdirip mening dashhowuzlydygymy biler, song hem turkmenttug'yng manga koplenc 'nurybeg' diyip yuzlenyanini okar we -'kamilligetarap agza dashowuzly ozbek kishi' diyen gutarnykly karara geler. Sebabi 'beg' goshawuntly atlar dinge ozbeklering adaty(stili) diyip oz oz pikirini tassyklar, sheydibem arassa turkmenden ozbek yasar. Gelip cykyshy Turki oguzlardan dal (arassa millet) bolan turkmenleri turklere catjak bolyan shu teoretibeski pelsepecilerden menaa yadadym dostlar.
-
Kamilligetarap
12 years ago
- shunca yyllar azara galynsada gutarnykly teoriyanyng yoklygy hem sho pelsepeleng duybunden yalngyshdygyny anglatmayamy eysem. Galybersede taryh teoriceski pelsepa esaslanyp dalde materialiceski subutnamalara esaslanyp owrenilyar ahyry.materialiceski subutnamalar bolsa bize shu gunki turkmen milletining asyl gozbashy turkilerden daldigini aydyp dur.
-
Kamilligetarap
12 years ago
- bu hakda nesip.b yene 2. Ya 3 aydan yorite tema acaryn.
-
1merdan
12 years ago
Sebabi 'beg' goshawuntly atlar dinge ozbeklering adaty(stili) diyip oz oz pikirini tassyklar, sheydibem arassa turkmenden ozbek yasar.
.. beg sözü bizdede barmykan diýýän meselem, "çagryl beg", "togrul beg", "Görogly beg türkmen" w.şm
-
1merdan
12 years ago
Gelip cykyshy Turki oguzlardan dal (arassa millet) bolan turkmenleri turklere catjak bolyan shu teoretibeski pelsepecilerden menaa yadadym dostlar.
Kamilligetarap | 2012-06-15 12:43:59
türkmeni-türkemi, ýada türki-türkmene? has anygy türkmen has gadymyrak ýaly
-
1merdan
12 years ago
bu hakda nesip.b yene 2. Ya 3 aydan yorite tema acaryn.
Kamilligetarap | 2012-06-15 12:49:54
sabyrsyzlyk bilen garaşýarys dost, o taýda giňişleýin durup geçeris
-
Kamilligetarap
12 years ago
- name diysene merdan'beg' pagta bn damagymy calmaga urunmasana. Meslaning 2 ya 3nji tarapynyng hem ustunde durup gec,uns ber radoguna, arshak, tridat, tumaris bular hem turkmen topragynda shalyk eden adamlaryng atlary. Yone sheyle bolsada beg goshawundy yok.sebabi bular turki -oguzlaryng uzak gundogardan orta aziya kopcilikleyin aralashmagyndan ong shalyk etdiler. Hany ayt hazirki dowurde , shu gunki gunde turkmenler bir birlerine nuryagdybeg merdanbeg batyrbeg, geldibaybeg, hudaynazarbeg, meretbeg, amannepesbeg...(bah.dilim hem aylananogey) diyip yuzlenmegi endik edinipdirlermi. Yok bizde beyle endik yok. Hatda men yalylar geng hem goryaler.
-
Kamilligetarap
12 years ago
- yone ozbeklerde(we hazirki turklerde) soze beg goshowyndy goshmak yorgunli endik, adat
-
Kamilligetarap
12 years ago
- shu manga jogap bermeli gezek gelende mungkurlik edyan bolupsyng. Haziki dowuring diolektnda beg goshowunt ozbekler un adat , turkmenler(men) un geng zatdygy jedelsizaa. Merdan'beg'
-
idealman92
12 years ago
- kamil aga,"beg" sozi konelishen sozlerin arasyna girenligi uchin kan aydylmayarmyka diyyan gepleshikde.
-
Kamilligetarap
12 years ago
- havwa belli bir derejede konelshen. Asyl baashdan ol alynma soz. Yone hazir shu gunki gunde ozbekler un konelshen soz hem dal, passiw ulanylyan soz hem dal. Hakyk ozbekdigini angladyan yorgunli goshawunt. Men bashdan hem shuny aytjakdym. Bu soz hakda 20 y bari naturalny gorup yoren zadym bolany un sizler bn artyk jedelleshesim gelenok (esasanam 1merdan bn)
-
sukomoto
12 years ago
- kämilligetarap, türkmenleriň aslynyň oguzlardygyny (has takygy oguzlar=türkmener) nadanlyk bilen inkär edýäniňe haýran galýan men seniň. seniň özüň türkmenmi?
-
sukomoto
12 years ago
- beg sözi alynma söz däl. çagryl beg, togrul beg, oguz begleri... bu söz gadymy türkmen sözi. häzirem ýeterlik (gerek ýerinde) ulanylýar. könelişen hem däl.
-
nlo
12 years ago
- beg sözi aslynda gadymy söz .in barkisi görogly eposynda hem beg sözi gatyköp ulanylyar.ynanmasanyz görogly kitabyny açyp okap görün ..yene bir zat bizin dilimiz in gadymy türki dili.bu hakda türkiya okamaga giden talyplar gowy bilmeli.olaryn dil mugallymlary hem bu zatlary aydarlar.bizin hazirki ulanyan sözlerimiz önki osmanlylara menzeş .yene bir zat aydayyn kim gadymy halkdygy möhüm dal.esasy zat türkmen sözünin 10 asyrda belli bolan bolsa .başga halklaryn atlary bolsa onda14 we 15 asyrda emele gelen meselem özbek gazak .taryhy öwrenende bolsa şu zada dygkat çekin her bir döwlet öz taryhyny üstün goyar
-
Kamilligetarap
12 years ago
- salowmaleykum sukomoto .men artyk shu temadan gurleshmejegimi aydypdym pamoym
-
Kamilligetarap
12 years ago
- yone sheyle bolsada dowan edjek
-
Kamilligetarap
12 years ago
- sukomotobeg . Hazirki dowurde beg goshulmasy turkmenlerde yeterlik ulanylyanyny nahili tassyklap bilersing. Ozbeklerde bolsa beg goshawundy gereginden gaty kop ulanyanyny ozbektelekanalyna syn edyan her bir adam goz yetirip bilse gerek. Sebap olar ulugbeging halkydaa
-
Kamilligetarap
12 years ago
- seniň
özüň türkmenmi?
sukomoto | 2012-06-16
05:24:23 hawva men turkmen.turkmen dal bolmany haysy milletdir diyip pikir edyang.!?
-
Kamilligetarap
12 years ago
- sukomotobeg sen turkmen-turk mekdebinde okadyngmy
-
Kamilligetarap
12 years ago
- nlo aga goroglyny gadymy diyip atlandyrypsyng menaa gecen on asyryng icinde doran ady gadymy diyip atlandyrmazdym we tersine uzak taryhy dowurlere bolup goroglyny songky dowur diyerdim. Sebabi turkmening taryhy haaaas uzakdan gaydyp adamzat swilizatsiyasynyng iiiing irki rowaclanan (turki-oguzlara umuuman dahyly bolmadyk) halkdan gaydyar .
-
Yegen
12 years ago
- Olaryn ady aydyp dura Ozbek-ozbeg shondan gelip çykandyr. Beg, batyr, han-khan sozlerini bolsa mongollar in kan ulanyar. Mumkin olardanam aralashyp biler. Yone gep barde Türkmen sozunin gelip çykyshy barada gurrun gidyar. Dogrusy bu mesele gaty çylshyrymly, turki halklar diyip yone yere aydylan daldira. Diymek turk sozi gadymyýetden gozbash alyar. Nur-iman sozi has dogry gabat gelyar
-
nlo
12 years ago
- görogly gadymy eser dal .yöne beg sözüni görogly arkaly mysal getirdim
-
Kamilligetarap
12 years ago
- görogly gadymy eser dal.
nlo | 2012-06-16 08:10:35 shuny dowam eding nlo'beg aga. Shonda beg goshawundyng alyn soz, 'yokush'dygyna okylylar goz yetirer.(bashyny bashlap bereyinmi) ... ...orta aziya oguz-turkileri kopcilikleyin aralashyp oz hokumdarlygyny yoredip bashlamaka bu yerdak gudratly shalary
'tridat'beg
'arshak'beg
'tumaris'beg
'radoguna'beg
diyip atlandyrmayardyk ahyry.
-
1merdan
12 years ago
- kämil aga näme tapawudy bar, howwa atlandyrmaýardyk, soň atlandyrdyk, we indi ýene eski sözler (könelişen) boldy,,, ýene şeýle-şeýle onda parfiýalylaň nesli diýip parfmen diýmeli bolarmykan, ýok näme diýmelidigi belli türkmen diýmeli we diýilýärem gep şol adyň nädip emele gelişi hakynda, gel onda Siziň diýişiňiz ýaly wakalary taryhdan öňki döwürden yzarlap gaýdaly, ýenede şol ýere gelmeli bolaýmasak diýýän, has anygy biz bu baradaky pikirimizi taryhda ilkinji gezek türkmen sözü agzalýan ýerinden başlamak isläpdik (ýagny men isläpdim)
-
Kamilligetarap
12 years ago
- 1merdanbeg sozungi nahili edip gutardyngay.garashmandym dogrymy aytsam. Bunyng cagyryp uran yaly boldylay.
-
1merdan
12 years ago
1merdanbeg sozungi nahili edip gutardyngay.garashmandym dogrymy aytsam. Bunyng cagyryp uran yaly boldylay.
Kamilligetarap | 2012-06-16 10:21:25
meselem?
-
1merdan
12 years ago
- aslynda bilip bilmezden ýazgylarymda gödegiräk geçýän ýerim bolsa bagyşla kämilligetarap dost
-
Kamilligetarap
12 years ago
- 1merdanbeg sozungi nahili edip gutardyngay.garashmandym dogrymy aytsam. Bunyng cagyryp uran yaly boldylay. (bor bu bolushynga garamazdan yeri gelende aytsam turkmen sozuning nahilije sebaplere gora doran bolmagyna garamazdan shu turkmen halkynyng asyl gozbashy oguz-turkilerinden daldigini aytmak isledim. Yone bu temada daldi. Ozbashdak tema acmakcydym. Sen islapding bu temada... ...)
-
1merdan
12 years ago
- SIZ DOGRY aýtýaňyz kämilligetarap agza, halkyň gelip çykyşyny öwrenmeli (belki adyndanam öň) ýöne muňa garamazdan "türkmen " diýen söz bir ýerden çykypdyra, "men tema açmak üçin oýlap tapmadyma ýagny ol sözü:-)"(elbetde bu degişme). a ýokarda başlajak bolan pikirleriňizi entäk täze temaňyzda dowam ederis buny link hökmünde peýdalanyp,...
-
Kamilligetarap
12 years ago
seniň
özüň türkmenmi?
sukomoto | 2012-06-16
05:24:23
hawva men
turkmen . turkmen dal bolmany
haysy milletdir diyip pikir
edyang.!?
-
sukomoto
12 years ago
- yok men asla türkde okamadym.
sen pars-kürt ýa täjikmikäň öýtdüm.
beg sözi türkmen atlarynda duş gelýär.
mysal üçin begsoltan begmyrat, ogubeg..
oguz begleri, görogly beg, seljuk beg, çagryl beg, togrul beg (ruhnamadan).
sen näme özüňi ähli halklardan aýratyn, tapawutly tutup, bäş millýon ilatyň bilen özüňi dünýäniň merkezidirin öýdýäňmi? türkmen milletiniň garyndaşy ýok, ýerden ýeke çykan diýjek bolýaňmy?
-
Kamilligetarap
12 years ago
- sukomoto bet turkmen men seng soragynga adam yaly jogap berdimaa.'hawva men turkmen' diydim. Hany indi senem meng soragyma jogap berda
'turkmen dal bolmany
haysy milletdir diyip pikir
edyang.!?.'
-
Kamilligetarap
12 years ago
- 2 nji sorag sen turkmem -turk mekdepde okadyngmy!? 3nji sorag sening kakang turkmen ejeng turk'mi !?
-
Kamilligetarap
12 years ago
sen näme özüňi ähli halklardan
aýratyn, tapawutly tutup, bäş
millýon ilatyň bilen özüňi
dünýäniň merkezidirin
öýdýäňmi?
sukomoto | 2012-06-17
21:33:01
ine shu sozung sening turkmen dal diymage esas doredya we turkmeni pes hasaplap asgermezcilik edyandingi tassyklayar.
-
Kamilligetarap
12 years ago
- ay. Turkmening asly hem turk diymek asyl sen yaly turkmen halkynyng gozbashy hakda gozlegler edip okashdyryp dengeshdirip goresi gelmeyaning gepi. (yokardaky 10 njy asyryng taryh yazyjylarynyng bashga maksady bolan. Bu hakdada sooong nesip.b aydaryn)(beg goshawyndyng alynma sozdig hem subut edip bererin.yokarda bashyny bashlapdym welin nlo aga dowam etmese ozum dowam ederin , nesip.b yene 2-3 aydan. ) shu gunki gunde san taydan az bolmagynyng (6 million) ozunge yeterlik sebapleri bardyr.(buny gecen 10 asyryng taryhyndan habary bar adamlar bilyandiremdey)
-
Kamilligetarap
12 years ago
(ruhnamadan).
sukomoto | 2012-06-17
21:33:01
yone mening nesip.b yene 2-3 aydan acjak temamda aytjak zatlam ruhnamada yok zatlardyr. Ruhnama daky taryh teoreticeski pelsepe, men bolsa materialiceski naturalny subutnama esaslanyp sozlejek.
-
sukomoto
12 years ago
- men türkmen, türkmeniň asly hem oguzlar diýen adamy näme üçin türkler bilen baglanyşdyrmaga çalyşýanyňa haýran galaýmaly. gynansaňda begenseňde, men türkmen-türk mekdepde-de, uniwersitetindede, türkiýedede okamadyk. men türkmeniň asly türk diýmedim, men türkmeniň asly oguzlar diýdim. seniň soraglaryň meniň jogaplaryma baglanyşanok. pikileriňi gowja gözden geçir dostjan.
-
Kamilligetarap
12 years ago
sen näme özüňi ähli halklardan
aýratyn, tapawutly tutup, bäş
millýon ilatyň bilen özüňi
dünýäniň merkezidirin
öýdýäňmi?
sukomoto | 2012-06-17
21:33:01
hawva sukomoto'juk' (juk diymek gadymy turkce serdar diymekdir,hool link'den okadym). Umuman hawva sukomotojuk bu habar sani gaaaaty gynandyryan hem bolsada, aslynda turkmen orta aziyada(shu toprakda) adamzat swilizatsiyasynyng iing irki osen ojagyny esaslandyran halkdyr. Bu swilizatsiya turki oguzlaryng uzak gundogardan orta aziya aralashmaka hatda rowayatdaky atasyny olduren oguz beg dogulmanka bolandyr. Men sana bosh pelsepe aydyp otyramok ozung goray, hanha altyndepe, hanha gongurdepe , ana iiiirki anew medeniyeti, galybersede sahel songurakgy dowlet parfiya... ... Bulardaky barlaglaryng netijesini bu yerdaki halkyng turki oguzlar daldigini tassyklady. Men ol halka guwanyan. Turkiler bolsa bu topraga parfiya dargandan song aralashdy .
-
Kamilligetarap
12 years ago
- aha. Sukomotojuk bu teswirinde turkler oguzlaryng nesli dal diydi. (gaty geng) siz bu hakda name diyip bilersingiz hormatly okyjylar !!
-
sukomoto
12 years ago
turkler oguzlaryng nesli dal diydi
nirä tarap barýanam bolsaň jukgullamanjyk gürlesene. onsoňam meniň diýmedik zadymy diýdi diýme. men türkleň asyny bilemok we şoň üçin ol barada zadam ýazmadym. bagyşla welin, seň kelläň düzüw däl öýdýän. beýle bolsa men jedelleşip durjak däl.
okyjylar muňa näme diýerkä?
-
Kamilligetarap
12 years ago
- ,,, ýene
şeýle-şeýle onda parfiýalylaň
nesli diýip parfmen diýmeli
bolarmykan, ýok näme
diýmelidigi belli türkmen
diýmeli we diýilýärem gep şol
adyň nädip emele gelişi hakynda
1merdan | 2012-06-16
10:03:16
name diysene (okde) 1merdan sen adyng gelip cykyshy hakdaky bagana gizlenip halkyng gelip cykyshy barada yazypsyng. Men... ...
-
Kamilligetarap
12 years ago
- men
türkleň asyny bilemok
sukomoto | 2012-06-17
23:28:21
bahh.bilmeyan zadyng hakda nadip yazyp bilyang.!? Kiming aklynyng yerinde daldigi shu yerdenem belli'how. Ine... ...
men türkmeniň asly
türk diýmedim,
sukomoto | 2012-06-17
23:03:34
-
Kamilligetarap
12 years ago
men türkmen, türkmeniň asly
hem oguzlar diýen adamy näme
üçin türkler bilen
baglanyşdyrmaga çalyşýanyňa. men türkmeniň asly
türk diýmedim, men türkmeniň
asly oguzlar diýdim.
sukomoto | 2012-06-17
23:03:34
ine shu sozung turk' lering asly oguz dal diyen manydan bashga eysem name !?
-
Kamilligetarap
12 years ago
men türkmen, türkmeniň asly
hem oguzlar diýen adamy näme
üçin türkler bilen
baglanyşdyrmaga çalyşýanyňa. men türkmeniň asly
türk diýmedim, men türkmeniň
asly oguzlar diýdim.
sukomoto | 2012-06-17
23:03:34
ine shu sozung turk' lering asly oguz dal diyen manydan bashga eysem name !? Beyik Magtymguly diyyara 'soz sozleyip soz manysyn bilmeseng... ... (ay.borlay.sening yaly payhassyz bn artyk gurleshmek islamok. (yada islamak) )
-
idealman92
12 years ago
- kamilligetarap aga,tema achyp shol yerde anyk dushundiraysene?!
-
Kamilligetarap
12 years ago
- kamilligetarap aga,tema achyp
shol yerde anyk
dushundiraysene?!
idealman92 | 2012-06-18
00:41:21
nesip.b dost
-
Kamilligetarap
12 years ago
- juk soz un gaty gorme'how sukomotobeg . Diydimg men ol linkde okadym. Senem okap gor atang seljuk sha nyng ady sheyle manyda eken (sel-juk) (juk-serdar manyda) 'konelshen' sozleri gaytadan ulanalyng-da'how. (1merdan aytmyshlayyn 'eski' sozler, ('eski' bolsa 'tryapka' bolyamy!? Biz tarapda 'eski' 'tryapka' sozlerini bile ulanyalar) )
-
vipboy
12 years ago
- .
-
Ayyuzli
12 years ago
- Turkmenler dunyanin 5nji siwillizasiyasy bolan.
-
Yegen
12 years ago
- Kamilligetarap, sen turklerin Badalgam Merw diyen kitabyny okap gordunmi. Ony bir turk yazyjysy yasyar, turkmençade terjime edilen kitap. Kitaphanalardan gozlesen taparsyn, men kan okadym ol kitaby. Aytjak bolyanym, shol kitapda turkmenlen hemde turkiyan nadip dowleti gurushlary hakda kan gyzykly materiallar yazylan. Dogry, parfiya, anew medeniyeti bize haçan gelip aralashdy, bu mekanda onem naçe halklar hokum surdi, ony anyk bilyan yok. Bu toprakda on dinozawrlaram yashap geçen. Taryhy yzyna saradyp gaytalap gorup bolyan bolsady, onda bu yazgylary yazmanam hajaty yok. Yone turkmen halkam bir yerden emele gelendira, mumkin olanam ady asyrlar geçip uytgap biler. Ilki oguz bolsa, son seljuk bolandyr, ondan sonam eyyam geçdigiçe turkmen ady galandyr. Sebabi bir halkyn ady asyrlap durmayar, olan ady ýyllar geçdigiçe uytgeyar. Isle haysy dowleti mysal alay. Bulam sheyle, Turkmen sozem bize sonky dakylan at bolmaly, sizin aydyshynyz boyunça. turk-turkmen ikisem birrak many anladyarmyka diyan mena
-
Kamilligetarap
12 years ago
- (hawva orslaram bile dolandyrypdy turkmenler bn gecen aryrda) sen ol okan kitaby yene bir gezek okamagy maslahat beryan yegen. Menem oongler seng okan kitabyng yalyjak kitaplary okap turkmening turkler bn gelip cykyshy birdir diyip pikir edyardim.yone taryh dinge ikimung yyldan ybarat dal. Ondan angyrsy hakda bilmeyan bolsang gozlap tapyp okamagy maslahat beryan. (yada garashsang ozum hem yazjak t.com'a)
-
sukomoto
12 years ago
- hawa kämilligetarapyň aýdyşy ýaly, taryh gaty aňyrdan gaýdýar. ýegeniň belleýşi ýaly, Bu toprakda on dinozawrlaram yashap geçen. türkmenleriňem aňyrsy dinozawrlardan bolmaly.
-
Kamilligetarap
12 years ago
- sukomoto eyyam 2nji gezek tutush turkmen masgaralap ustunden gulip dursyng, oz atang hakda nadip beyle sozleri aydyp bilyang.
-
Yegen
12 years ago
- Uff.. Gep dushundirip bilmedim oydyan size, bolmasa dushnuklema yazdymmykam diyan. Yokarda biri "durtmen" diyip dogry bellapdir.. Menem size shony dushundirjek bolup otyryn kakelap. Taryhy yazgylara ynanmayan bolsan, sen nama esaslanyp yazjak Kamilligetarap. Yada arheologiya ynanyanmy, yada taryhy yzyna saradyp gordunmi
-
Yegen
12 years ago
- Sebabi onun ady Suko
-
Kamilligetarap
12 years ago
- sukomoto sen eyyam 2nji gezek
tutush turkmeni masgaralap
ustunden gulip dursyng, oz
'atang' hakda nadip beyle sozleri
aydyp bilyang. ?
-
Kamilligetarap
12 years ago
- yegen dost menem taryhy yazgylara bipsent dal. nesip.b okuw egzamenlaryn biryanly bolsun song ... ...
-
Kamilligetarap
12 years ago
- yegen dost menem taryhy yazgylara bipsent dal. nesip.b okuw egzamenlaryn biryanly bolsun song ... ...
-
sukomoto
12 years ago
- şirdir türkmen, ärdir türkmen (BST).
ýolbars ogly türkmeniň (Magtymguly)
dinozawryň ýolbarsdan nämesi kem? haýwan diýjek bolýaňmy? ýolbars haýwan dälmi?
öz ataň? hawa öz atam. näme üçin diňe meň atam? a sen türkmen dälmi?
-
Kamilligetarap
12 years ago
- how. Yazan zadynga akylyng yetyami. Bosh. Kim turkmen bolsa shoda haywan diyayipsingmi. Sen ya-ha turkmen dal, yada absolyutny aklyng yok.
-
Kamilligetarap
12 years ago
- geplemedik bolangda samsyk'lygyng bilinmezdi
-
Ayyuzli
12 years ago
- bagyshlan welin, ikinizem hormatlanyan agza diyip bilyan. buz ustunde tozan arap, her bir soze tseplyatsya edip oturmak gelishenok size. nace gundur dowam edya. sonky dowurde acylyan temalaryn icinde in gowularynyn biri diyip otyrdym, sony bulashdy. in azyndan, yokardaky gymmatly maglumatlary yazan agzalaryn hakyna girmang. galyberse-de, turkmenistan ya hut turkmen barada maglumat gozleyan bir del yurtlynyn garshysyna shular cyksa, utanc bolmazmy?!
hormatlamak bilen.........
-
sukomoto
12 years ago
- hahhahaha, başga näme ýazjak diýsene. seň bilen deň bolmaýyn, ýogsa men kemsidip başlasam gowy bolmaz.
-
idealman92
12 years ago
- sukomoto dost,sana birje yumruk beraysemda!name how kamilligetarapdan gepde yenilip gaharyna turkmenlere sogyan?akyllyja bolay?!bolyar,sogsen sog,yone butin halky bir chukura atma!
-
idealman92
12 years ago
-
idealman92
12 years ago
-
sukomoto
12 years ago
- idealman nädogry düşünipsiň, türkmenleri ýere sokýan men däl-de ol. men oň ýaly sümüklilerden gepde ýeňilmeýän hiç wagt, ýöne edýän samsyk gürrüňleri jogap bereniňe degenok.
-
Kamilligetarap
12 years ago
- türkmenleri ýere sokýan men
däl-de ol.
sukomoto | 2012-06-19
02:06:03
bahh.shunca sozungden song nadip aydyp bilyang ha ol- 'men dal' diyen sozungi,(sozum yok sanga) yada hany gorkezda sho mening masgaralayan yerimi (imanyny yuwudan tohmetci sen suko...)
-
Kamilligetarap
12 years ago
- men kemsidip başlasam
gowy bolmaz
sukomoto | 2012-06-18
23:36:
ozungce yeterlik bolmadymy, turkmeni, ata babasyny bundan artyk kemsitmek niyeting hem barmy. Ya hut meni kemsitmekciming ,(ay hovwala taryhdan pikir alysharlyk bilimi bolmadyk 'icigara' adamyng edayjek ishi shu)
-
Kamilligetarap
12 years ago
- edýän samsyk
gürrüňleri jogap bereniňe
degenok
.sukomoto | 2012-06-19
02:06:03
men hali gurrung etmedim diyen yaly, yokardakylar dinge girish, nesip.b turkmening hakyky abrayly taryhyny aydynglashdyrjak uly temany indi acaryn, temam dinge sening un samsyk tema bolmagy mumkin sebabi sen turkmene gowni yetmeyan, hatda hemmaning uyshen yerinde ony haywana dengap bilen 'icigara' adam.
-
sukomoto
12 years ago
- ynanaýmaňow şuňa. ýalançydyr.
başda normalny birimikäň öýtsem, halys nadan adam ekeniňaý. kimi allasaňam meni aldap bilmersiň. beýle aldasyň gelse, bolýa aldaber adamlary, men goşulmaýaryn.
-
Yegen
12 years ago
- Hany goyalynla indi, gyzmalyga yol bermalin, asuda gurrun edelinlan
-
turkmenntug
12 years ago
- armañ oglanlar. sukamoto aga, kämiliñ aýdýan zadam köp alymlary oylandyran zat. Kämil dost.senem maglumatlary goyýanchañ goh etmeli däl ekeniñ.
-
idealman92
12 years ago
-
idealman92
12 years ago
agzybirje bolaly
1merdan 12 years ago- Häzirlikçe türkmenleriň ady duşýan iň irki maglumat (taryhy çeşme) onynjy asyra degişli. Şol asyrda ýaşan Makdysy Syr derýa boýlaryna syýahat edipdir. Ol şol töwereklerde ýerleşen Beruket hem Balaç şäherleri barada maglumat berip baryşyna: “Berkuet-uly şäher. Ol hem Balaç häzirki wagtda musulman goşunlaryndan gorkup, yslamy kabul eden türkmenleriň garşysyna ýerleşen serhet galalary” diýip ýazýar. Soň ol sözüni dowam edip: “Ordu-kijijek şäher. Onda türkmenleriň hökümdary ýaşaýar”-diýip belläpdir. Şu ýerde bir zady bellemek gerek: Makdysy öz işinde “Oguz” hem “Türkmen” sözlerini tirkeşdirip ulanypdyr. Iň esasysy bolsa, şol döwürlerde onuň görkezýän ýerlerinde oguzlar däl-de, garlyklar ýaşapdyr. Makdysydan bir asyr soň ýaşan Mahmyt Kaşgarly “Garlyklar-oguzlardan başga, bular hem türkmendir” diýip ýazypdyr. Diýmek, Makdysy öz işinde-de garlyk türkmenleri barada maglumat beripdir.
Türkmenleriň gelip çykyşy hem olaryň bu ada eýe bolyşy barada has töwerekleýin maglumaty on birinji asyrda ýaşan Mahmyt Kaşgarly beripdir. Ol özüniň meşhur “Diwany lugat attürk” diýen sözlüginde ilki “Oguzlar-bular türkmenlerdir” diýip ýazypdyr. Soň kitabyň ahyrragynda bolsa, “Türkmenler-bular oguzlardyr” diýip ýazyp, türkmenleriň adynyň ýüze çykyşy barada gyzykly bir rawaýat getirýär. Şol rowaýatda aýdylşyna görä, Iskender Zülkarneýiň dünýäniň köp ýerlerini özüne tabyn edip, ahyry türki kowumlaryň ýaşaýan ýerine ýetýär. Onuň çozyp gelýänligini eşdip, Ilat gündogara tarap göçýär. Şol gaçyp barýanlaryň arasynda ýigrimi dört adam ulag tapypbilmän, yza galýar. Isgender öz goşyny bilen olaryň yzyndan ýetýär. Bu adamlara barmagyny batyrman, gaýta, olaryň ýüz keşbini türkülere meňzeş görüp “türkmanend”, ýagny türke meňzeş diýip at berýär. Rowaýatda aýdylyşyna görä “türkmen” sözü ine, şu “türkmanend” sözünden emele gelipdir. Şol ýigrimi dört adam bolsa, türkmenleriň ýigrimi dört urygynyň ata-babasy hasap edilipdir.
Mahmyt Kaşgarlydan birneme öň,973-1048-nji ýyllarda ýaşan Biruny hem şuňa meňzeşiräk maglumat beripdir. Onyň mineralogýa hakynda ýazan traktatynda şeýle sözler bar: “Geçmişde şeýle bolypdy. Oguz türkleriň yslamy kabul edenleri hem musulmanlara garyşanlary iki tarapyňarasynda terjimiman boldy.Şunlukda Oguzlar yslamy kabul edenlerinde olara “türkmen boldy’ diýdiler Musulmanlar bolsa olaryň türkmen bolanlaryna “türkmanend” diýdiler”. Biziň “terjiman”(terjimeçi, dilmaç) sözüni aýratyn görkezmegimiziň öz sebäbi bar. Taryhy ylymlaryň doktory S. Agajanow şu söze agram berdi. Ol “terjiman” sözü soň “terguman-türkmen” görnüşüne geçendir diýen çaklamany öňe sürdi. Ýöne biziň pikrimizçe, onuň bu çaklamasy heniz doly esaslandyrlan yly netije däl. Taryhçynyň nazarlan sözü türkmenleriň taryhy durmyşynada, etniki gurluşyna da, ruhy-pishologik häsiýetinede onçakly bap gelenok.
Umuman, orta asyr taryhçylarynyň köpüsi türkmenleriň ady öňde ýatlanan “türkmanend” sözü bilen bagly diýen pikire gol ýapypdyr. Ilki bolyp dünýä taryhyny ýazan Reşieddin hem şeýle pikiriň tarapynda bolypdyr. Onyň “Jamy at-tawaryh” diýen işinde şeýle sözler bar: “Dünýädäki ähli türkmenler öňde ýatlanan ýigrimi dört kowymdan(Şondan öň ol oguzlaryň ýigrimi dört urugyna birin-birin häsiýetlendirme berýär-A. B.) ýa-da Oguz hanyň ýigrimi dört neberesindendir. Ozallar “türkmen” sözü bolmandyr. Ähli türkmen keşpli söhra taýpalaryna umumy “türk” diýip at berlipdir. Her taýpanyň aýratyn ady bolypdyr. Oguz kowumlary öz ülkelerine gaýdyp, Mawerennahara (Syrderýa bilen Amyderýanyň aralygy-A. B)hem eýran topraklaryna gelenden soň olar şu ýerlerde önüp, köpelip gitdiler. Suw hem howa şertleriniň täsiri bilen kem-kemden olaryň ýüz keşbi täjiklere ýakynlaşyp ugrady. Emma bütünleý täjiklere meňzemezdi. Şonyň üçin hem täjik ilaty olara “türkmanend” diýip at berdi. 17 nji asyr hywa taryhçysy Abylgazy hem özüniň “Şejereýi terakime” diýen işinde Reşieddin tarapyndan aýdylan ýokarky pikiri täzeden gaýtalaýar.
Dogursy şu hili düşindirişler soňky döwür taryhçylaryny özüne doly imirindirip bilmedi. Köp taryhçylar ony folklorlaşan düşindüriş hökmünde kabul etdi. Hakykatdan hem, ol belli derejede ýasama görünýär. Galyberse-de, meseläniň esasy tarapy bar. Irki zamanlarda bir halkyň köplenç iki ady bolypdyr. Olaryň ilkinjisi şol halkyň özüne dakan ady bolsa, ikinjisi oňa goňşylarynyň hem beýleki halklaryň beren ady. Muňa taryhdan näçe diýseň mysal getirse boljak. Edil şonyň ýaly, bu ýerde hem türkmenlere häzirki adyny parslar dakan bolyp çykýar. Geçmişde türkmenler pars dilinden ýokarky “türkmanend” sözüni alyp, özlerine at dakypdyr diýseň, munyň özü onçakly heňe gelmeýär. Eýsem halkyň öz dilinde özüne dakan ady näme bolypdyr? Esasy mesele ine şunda. Edil şunyň ýaly, ikinji bir ýagdaýy hem ýatdan çykarmaly däl. Bir halka beýlekiler tarapyndan dakylan at şol halkyň diliniň tebigatyna hem doly laýyk gelip durmandyr. Iň bärikisi bir halkyň özü tarapyndan döredilen ady beýleki dillerde köp üýtgeşmelere sezewar edilipdir. Hatda olaryň kä birini tanap hem bolmaýar. Muny türkmenleriň öz adynyň hem irki rus senenamalarynda “taurmen” görnüşinde, orta asyr arap çeşmelerinde bolsa “terakime” görnüşinde ýazylyp gelendigi hem tassyk edýär.
Giçki orta asyr gündogar taryhçylary “türkmen’ sözüni has başgaça düşindirmäge synanyşypdyr. Şerf Merwzi. Badreddin Aýny, Ibin Kesiri, Mehmet Neşiri ýaly taryhçylar türki halklaryň yslamy kabul eden bölegine “türkmen” diýlipdir diýen pikiri orta atypdyr. Mysal üçin, 14 nji asyr taryhçysy Neşiri şeýle ýazýar : “Hijriniň üç ýüzünji ýylynda (häzirki hasap boýynça 999-njy ýyla düşýär-A. B) türkileriň iki müň öýlüsi yslamy kabul edip, musulman bolypdyr. Şonyň üçin olary “türk iman” diýip atlandyryp başlapdyrlar. Soň-soňlar sesleriň özgermegi hem diliň sazlanmagy bilen olar “türkmen” diýdiler”. Biziň pikirimizçe, “türkmen” sözüniň manysyny ýokarky ýaly düşündirişden gözlemegiň ylmy esasy ýok. Birinjiden, “türkmen” sözü Neşiriniň diýýän döwründen has öň bar. Ikinjiden, hut 10 njy asyrdan başlap, türkileriň yslamy kabul eden diňe bir bölegine däl, eýsem ähli oguz taýpalaryna “türkmen” diýlip ugralypdyr. Üçinjiden, araplar baryp 7 nji asyrda türki kowymlaryň köpüsini öz dinine uýdurypdyr.Şuňa esaslanyp, araplara tabyn bolan ähli türki halklary “türkmen” adynyň aşagyna salmak taryhy hakykata gabat gelmeýär.Dördünjiden “türkmen” adynyň şeýle düşindirilşi oguzlaryň, ýa-da türkmenleriň şol döwürdäki etniki gurulyşy bilen hem doly badaşyp baranok.
Geçen asyrda türkmenleriň arasyna syýahata gelen wenger alymy A. Wamberi türkmenleriň ady “türk” hem “men” sözlerden emele gelip, ol hakyky “hakyky türk” manysyny berýär diýen pikiri öňe sürýär. Aşgabatda ýaşaýan A. Alyýew hem şeýle pikiriň tarapynda durypdyr.Fransuz alymy J. Deni, wenger alymy L. Ligerti. Türk alymy I. Kafesogly dagy hem şol pikire goşylypdyr.
Geçen asyryň ahyrynda belli rus alymy N.A. Aris tow türki halklaryň taryhyna bagşlanan saldamly işini neşir etdiripdir. Alym şol işinde gadymy türki dilde “bon” ýa-da “man” sözüniň ýer, ýurt manylaryny aňladýanlygyny belläp, “türk” hem şu “man” sözleriniň birikmegi netijesinde “türkmen” sözü emele gelip, ol “türküleriň ýeri, ýada ýurdy” manysyny berýär diýip ýazypdyr. Akademik W. W. Bartold onuň bu işine ýörüte syn berip, bu çaklamany ylmy taýdan esassyz hasaplapdyr.