soňky döwürlerde türkmenabadyň “jeýhun” studiýasynyň öňi köp adamly, oňa barýanlar ýurtda barha artyp barýan hip-hop ýa-da rap stilindäki aýdym-saz bilen meşgullanýan aýdymçylar. aýdym-sazyň bu stili, günbatar ýurtlarynda bolşy ýaly, soňky döwürlerde türkmenistanda hem barha ýaýrap barýar, yurtda “zumer ças”, “iska”, “syke” ýaly ençeme rap toparlary hereket edýärler. bu stilde aýdylan aýdym-sazlaryň hökümet ýolbaşçylarynyň göwnünden turýanlygyny aýtmak kyn. sebäbi telekanallaryň ählisiniň hökümet tarapyndan kontrollyk edilýän türkmenistanda bu stilde aýdylan aýdymlar mawy ekranda asla görkezilmeýär. emma, muňa garamazdan, rap hem hip-hop aýdymlary türkmen ýaşlarynyň arasynda gün saýyn ornaşyp barýar. olar bu aýdymlary mobil telefonlary arkaly biri-biri bilen paýlaşýarlar. türkmen telekanallarynda görkezilmänsoň, öz aýdymlaryny “youtube” saýtynda ýerleşdirip başlan türkmen rapçylarynyň muşdaklary, türkmenistanda internet çäkli bolsa-da, az däl. meselem özüni “syke” diýip atlandyrýan toparyň 2011-nji ýylyň oktýabr aýynyň 6-nda “youtube” saýtynda ýerleşdirilen “çyra” atly aýdymy geçen dört aýyň dowamynda 24,000 gezek diňlenipdir iňlis hem türkmen dillerinde aýdym aýdýan “zumer” atly beýleki rap toparynyň “youtube” saytynda ýerleşdirilen “i am ok, ýa men ok” diýen klibine hem 17,000 gezek tomaşa edilipdir. sebäp näme? eýse, şeýle kynçylyklara we çäklendirmelere garamazdan, ýurtda aýdym-sazyň bu stiliniň barha ýaýrap barmagynyň sebäbi näme? bu soraga ýaşlara degişli meseleler bilen içgin gyzyklanýan germaniýaly žurnalist taher şirmuhamedi şeýle jogap berdi: —türkmenistanda rapyň giň ýaýramagynyň bir sebäbi rap resmi telewideniýede berilýän aýdym-sazlara alternatiw hökmünde görülýär. sebäbi telewideniýede efire berilmeýän rap aýdymlarynda soňky döwürlerde hasam ýaşlaryň kynçylyklary, durmuşy, seýle-de olaryň geljegi barada aýdym aýdyp başladylar. mysal üçin, olaryň käbirleri türkmen-türk mekdeplerinde okaýyşlary barada aýdýarlar. türkmen telewideniýesinde görkezilmeýän meshur turkmenistanly rapçylardan biri hem marodyr. maro, ýagny maksat kakabaýew, 2010-njy ýylyň ýanwar aýynda näbelli sebäplere görä, başda wagtlaýyn, soňra masgala dawasy diýlen sebäplere göra, iki yyl azatlykdan mahrum edilipdi. hökümet wekilleri bu meselede jikme-jik maglumat bermeýärler, emma “türkmen inisiatiwasy” toparynyň maglumatyna görä, “olaryň tussag edilmeginiň sebäbi meşgullanýan käri bilen bagly bolup biler”. kimler halaýar, kimler halanok aýdym-sazyň bu görnüşiniň ýurtda gitdigiçe ýaýramagyna hökümet ýolbaşçylary bilen bir hatarda oňaýsyz garaýan intelligensiýa wekilleri hem bar. olardan biri hem şwesiýada ýaşaýan türkmen şahyry şiraly nurmyrat: —rap äheňinde aýdylýan dik-durma aýdymlar türkmen sungatynyň böwründe dörän agyr bir kesel bolaýmasyn. özüm-ä, dogrusy, dutar bilen gyjagy bir gyra süýşürmekligi bagtly ýaşap oturan maşgalany aýrylyşdyrmak bilen barabar bir jenaýat hasaplaýaryn. rap aýdymçylarynyň kyncylyklary diňe bir hökümet eýeçiligindäki telekanallarda olara garşy dowam etdirilýän senzura, hökümet we käbir intelligensiýa wekilleriniň oňlamazlygy bilen çäklenmän, bu sungat ykdysady taýdan hem basyş astynda. türkmenabatdaky käbir audio-wizual önümleri satýan dükan eýeleriniň aýtmagyna görä, “olara rap aýdymly diskleri satmaga rugsat edilmeýär”. emma beýle çäklendirmeler türkmen rapçylarynyň sussuny basyp bilmejege meňzeýär. muňa her gün diýen ýaly artyp barýan, hatda ýaşaýyş jaýlarynda diňe bir kompýuter we mikrofondan ybarat çäkli serişdeler bilen iş alyp barýan studiýalaryň sanynyň artyp barýanlygy hem şaýatlyk edýär. žurnalist taher şirmuhamediniň aýtmagyna görä, söz we metbugat azatlygy çäkli bolup galýan türkmenistanda we merkezi aziýada halky öz pikirini beýän etmegiň bu usulyndan saklamak aňsat düşmez. türkmenistanda öňi alynmaga synanyşylýarka, türkmen rapçylary diňe bir ýurduň içerki meseleleri bilen çäklenmän, palestina ýaly halkara problemalar hakda hem öz pikirlerini rap aýdymyna geçirýärler.
Rap aýdymlary gitdigiçe meşhurlyk gazanýar
-
handsome1
12 years ago
- "dine bir zady bilyan
repsiz yasayys yok" :-)
(st)
-
Shahyrjyk
12 years ago
- 100de100hiphop.com
"men her yerde 'tagma ep' albom yaly gezyan bombaly,
men erbet ac flowa,
mysaly somaly"
zumer aka evrika abdy dayy...
-
Shahyrjyk
12 years ago
- 100de100hiphop.com
"men her yerde 'tagma ep' albom yaly gezyan bombaly,
men erbet ac flowa,
mysaly somaly"
zumer aka evrika abdy dayy...
-
prezident
12 years ago
- öňler diss ýazyşyp ýörkälerä degmediler, indä wobşe degmeýäleroow
-
maddow
12 years ago
- haha dogry.degjek bolsalaram usulyny tapyalara(nick uytgedyaler)garaz goshulyan menem rap'chilere ressppeectt
-
magnit
12 years ago
- rapin politika name dahyly baraý ? Goy aytsynlar
-
magnit
12 years ago
- awtor çeshmäni görkezmeli ekenin ýa özun ýazdynmy ?
-
sahett
12 years ago
- (azathabar)---cesme
-
Phenomen
12 years ago
- Respect all people (RAP)
Tmrapyn duybini tutan kim bilyan bamy
-
prezident
12 years ago
- azat orazow bilen ýazberdi mahmudow
-
Phenomen
12 years ago
- yöne o wagt ginden tmrap diylenokdy 2006 tmrapda guycli itergi berildi sebabi hustle squad bn darkroom doredi
-
prezident
12 years ago
- mümkin! ýöne düýbini şolar tutdymyka diýýän ;)
-
Gagu
12 years ago
- Dübüni tutan bizin aramyzda how millet.olar dartar bn vipboy bilenizokmy
-
magnit
12 years ago
- sen hundamendinde-de bizin goshandymyz bolmaly gagu
-
asbezo
12 years ago
- slm. oglanlar men bir rap aydym gozleyan. kone bir aydym ol MC..(birzat) bolmaly ady aydymcynyng. yadyma dushenok. sozleri de: "Sozlerin gutaryan yerinde bashlayandyr aydym" diyip bashlayar. aydym ady da yalmyshmasam "Yagmyr" bolmaly. Bilyan bolsa jogap yazsyn gayrat edip. Sagbolung!!!
-
handsome1
12 years ago
- yokarky st aydymy. Hip hop stilinde. Menem onrak dinlapdim.
-
Abadan
12 years ago
- Temany okap baslanymdan bildima azathabarlardandyny,sobir gurleyis,yazys ,sobir stil. Geceyin tema -tema teswir yazanam rap dinleyanler. Menem oz
pikirimi yazayyn,tm rap diylen zada dinlap gören adam dal. Su gowy rapmy$ diyip"-sen cyra men cyra,gel cykaly bir-bire"dìýip bir sanawaç dinletdiler. Bagy$lañ welin namesinin gowdygna dû$medim. Ilkä "cyra"diyen söze dúsmedim,dù$ùndiren soñlaram nämesinin gowdygna dû$medim (döwurden gaty yza galýan bolmalym men naverna). rap öz bol$una bir sungatdyr welin,köp adamlara ol sungata dú$mek kynrak dú$ýär.
Bu temada meni özune ceken zat rap dalde,sonky wagtlar kabir agzalañ temalary azathabarlar alyp goýýanlygy. Yørute so saytdan habarlary okayan adam köp bolmaly onda.
-
sahett
12 years ago
- abadan men alyp goydum onym dogry.ol saytdan habarlary okayan kopdir belki,yone yalnysyrak maglumatlaram bar meselem bu youtube-de basga turkmen raperlaryn 24-mune yetenlerem bar yone name ucindir bular hakynda bellap gecipdirler.
-
jumanji
12 years ago
- rapyñ ba$yny tutan dj begga "suw sep" 2003 ýyl.
-
idealman92
12 years ago
- turkmen rap-y onem bardy.gaty onden bari,yone menin pikirimche s.t,iska,zumer yaly raperlar has meshhur etdiler.syke,era89,macro we s.m sonrak chykdy
-
student3
12 years ago
- repin ba$y Atabaý Çargulyýewdan ba$lan bolaymasa "Mährijemal" aydymyndan
-
ArslanchikCool
12 years ago
- Menin bilshime görä repin duybini Zumer 2002-2003de tutdy yone meshgurlygyny 2005de gazandy
-
ArslanchikCool
12 years ago
- Abadan repa dushunmedim diyyan weli. .hazir kocheden birini tutup opera dinlet ona voobsh dushunmez. .yone onada dushunjek adam dörar wagty gelende. .edil repin wagty gelshi yaly ;-)
-
idealman92
12 years ago
- dogry aydyan arslan.shu wagt rap-e dushunmeyan gaty az.sebabi her yash oglan-gyz dinleyar
idealman92 12 years ago- rap-y hokumet yatyrjak bolsa-da oser.dine bizde dal,kop yurtda-da rap sungatyna garshy goresh alyp barylyar,shonda-da rap sungaty osyar