Hüçjetyslam Zeýneddin Abu Hamyt Muhammet bin Muhammet bin Amet Gazaly Tusy 450/1058-nji ýylda Horasanyň Tus şäherinde garyp maşgalada dogulýar. Onuň kakasy garyp adam bolyp, ýüplik dokamak bilen güzeranyny dolandyrýan eken. Bu sebäpden oňa Muhammet Gazzal diýlipdir.....
YMAM GAZALY
-
1merdan
12 years ago
- Gazaly 505/1111-nji ýylda dünýäden ötýär. Ol ömrüniň soňky ýyllarynda sopyçylyga ýüz urýar. Emma kitap ýazmagy, talyp okatmagy hem terk etmeýär. Ölüminden bir ýyl öň fykh ylymynyň usluýetini beýan edýän “Al-mustasfa” (“Saýlama kitap”) atly eserini ýazyp tamamlaýar.
-
1merdan
12 years ago
- Ol 505/1111-nji ýylyň dört tirkeşikleriň dördünji aýynyň 14-ni (bazar güni) gijesine zikir, tagt-ybadat etmek, Gurhan okamak bilen geçirýär. Säher bilen täretini täzeleýär we ertir namazyny okaýar. Soňra öňüne kepen goýyp, oňa ýüzüni sürtýär we: “Eý, Taňrym! Ömrüm Seniň erkiňe gurban bolsyn!” diýýär. Onsoň ol ýüzüni kybla tarap öwürýär we süýnüp ýatýar. Şol wagt oňa Taňrynyň: “Eý, ruh! Taňryňa razy bolyp, dön!” diýen emri bolýar. Gazaly ajal şerbetini içen dek janyny Taňra tabşyrýar.
-
makgush
12 years ago
- Gowy tema, sagbol ýetireniň üçin merdan! ymam agzam barada menem juma namazynda bir "almaly" rowaýat eşidipdim, gyzykly eken.
-
vipboy
12 years ago
- + malades agam
-
smak95
12 years ago
- gyzykly eken
-
mirasymyz
12 years ago
- Sagbol Merdan gaty gyzykly maglumatlar eken.
-
ttmli
12 years ago
- sagja bol garda$. Minnetdar
-
vipboy
12 years ago
- 1merdan aga sholar yaly uzyn yazan bolan bolsanam yaltanman okadym.
Ayyyy din hakda gurrun achylsa gyzykly goryanlay.
Esasam sholar yaly wakalary
-
Friendship
12 years ago
- Gowy maglumat. Sag bol, agam, ýetireniñe!
gowy tema, sagbol ýetireniň üçin
merdan! ymam agzam barada
menem juma namazynda bir
"almaly" rowaýat eşidipdim,
gyzykly eken.
makgush | 2012-01-20 03:04:14
makgush, belki, bu rowaýaty ýetirersiñ?! (eger, kyn görmeseñ!)
-
wulkan
12 years ago
- Dost kellane doneyin biz un beyle uzak temany yetirenine brawo!
-
menbet
12 years ago
- men bir sorag bereyinde size!
Turkmenler yslam dininden on haysy dine uyupdyrlar? We yslam dinine uymana name sebap bolupdyr?
-
1merdan
12 years ago
men bir sorag bereyinde size!
Turkmenler yslam dininden on haysy dine uyupdyrlar?
menbet | 2012-01-20 18:26:38
-
1merdan
12 years ago
men bir sorag bereyinde size!
Turkmenler yslam dininden on haysy dine uyupdyrlar?
menbet | 2012-01-20 18:26:38
gadymy döwurde müňýyllyklaryn dowamynda orta aziyanyn halklary(türkmenlerem) zaratuştraçylyk dinine uyup yaşapdyrlar.
bu dini pygamber zaratuştra yayradypdyr.
zaratuştraçylyk dini ilki bilen aleksandr makedonskiy tarapyndan soňra horezme we ürgenje weyrançylykly zarba uran arap serkerdesi kuteýba tarapyndan (712-nji ýyl) uly zyýan çekipdir we yitip gitmäge golaylapdyr.
-
1merdan
12 years ago
yslam dinine uymana name sebap bolupdyr?
menbet | 2012-01-20 18:26:38
Soragy anygyrak, dolyrak berseň, bu taýda häki bir bir iş etmek dälde dine uýmak hakda gürriň gidýär obadaş?
-
1merdan
12 years ago
- tema degişli düşünmedik zatly islendik agzalar soramaga haklydyr, sagja bol menbet gyzyklanmaň üçin
-
menbet
12 years ago
- Saola
-
URGENCLI
12 years ago
- muhammet gazaly hakda tema açyp gaty dogry edipsiň 1merdan dost. kop maglumatlar beripsiň. ymam gazaly hakda gaty az adam bilyä meň pikirimçe emma ol hokman owrenilmeli şahsyyet.
sagbol maglumatlaryň uçin 1merdan
-
URGENCLI
12 years ago
Ikinji sözüm- Men on ýyldan bäri halkdan üzňe ýaşadym.Soňra wezir Fahrylmülk meniň ýene ders bermäge başlamagymy isledi. Men oňa: “Bu meselede dogrymy sözlesem, adamlar maňa duşman bolarlar” diýdim. Ol “Soltan adalatlydyr. Seniň tersine bir hereket bolsa, soltan saňa arka durar” diýdi
şu yerine düşünmedim 1merdan mumkin bolsa düşündirip beräyseň.
-
1merdan
12 years ago
Ikinji sözüm- Men on ýyldan bäri halkdan üzňe ýaşadym.Soňra wezir Fahrylmülk meniň ýene ders bermäge başlamagymy isledi. Men oňa: “Bu meselede dogrymy sözlesem, adamlar maňa duşman bolarlar” diýdim. Ol “Soltan adalatlydyr. Seniň tersine bir hereket bolsa, soltan saňa arka durar” diýdi
sag bol Ürgençli soragyňa başardygymdan jogap bereýin agam...
şu yerine düşünmedim 1merdan mumkin bolsa düşündirip beräyseň.
URGENCLI | 2012-01-20 22:50:34
-
1merdan
12 years ago
- Medresede fykh ylymyndan ders bermegine garamazdan sopuçylyk Gazalynyň durmyşyna täsirini dowam etdirýärdi. Bir gezek dogany Ahmet Gazaly Abu Hamydy takwalygy ündew edip, ýene özüniň dünýewi mertebe üçin müderrislik edip ýörendigini ýazgaryp, şu iki beýti aýdýar:
Eý, wagzçy! Diliňde dogry ýol ündediň,
Adamlara janygyp pent-nesihat eýlediň.
Ömrümden kasam bolsyn! Özüň ýol gelmediň,
Sözüňe amal etmegi, berjaý edibilmediň.
Bu sebäpden ölüminiň öň ýanynda beýik müderris ýene ders bermegini terk edýär. Alymlar, dostlary we ýakyn adamlary ondan müderrisligi taşlamazlygy soraýarlar we oňa köp ýalbaryp : “Köpçülige peýdaly işden el çekmek şerigat tarapyndan rowa bolmaz” diýýärler
Gazaly: “Men işlerimi gözden geçirdim we olaryň Allatagalanyň razylygy üçin däldigine göz ýetirdim. Ders bermek barada hem oýlanyp gördim we bu işiň ahyret üçin dälde, eýsem mertebedir-şöhrat gazanmak üçindigine düşindim. Imanaym: “Seniň ömrüň köpüsi ötdi. Indi ömrüňde örän az zaman galdy. Öňüňde uzak sapar bar. Şu wagta çenli hemme amalyňy, ylymyňy özüňi mertebeli edip görkezmäge, Abraý gazanmaga gönükdirdiň. Indi ahyrete taýýarlanmasaň, haçan taýýarlanarsyň?! Diýip seslenýär. Men ahyrete ýeke täk ýolyň bardygyna, onuň bolsa takawalykdygyna, nebis isleglerinden çekilmekdigine düşündim. Allatagala meniň dilimi baglady. Men ders berip bilmejek bir hala düşdim. Özüme zor salyp, gelen talyplaryň hatyrasy üçin ders bermäge synanyşýan. Ýöne dilim bir sözü sözlemeýär. Dilimde tutuklyk, kalbymda hesret höküm sürüp, iýmek-içmekden kesildim. Bedenim kuwwatdan gaçdy. Tebipler maňa her hili em edip gördüler. Emma hiç peýdasy bolmady. Olar çäresiz bolyp galdylar. Meniň kalbyma ajaýyp ruhy hal aralaşdy. Olar çäresiz bolyp galdylar. Meniň kalbyma ajaýyp ruhy hal aralaşdy. Onsaň güýç-takadymyň ýetdigiçe Allatagala ýalbaryp başladym. Beýik Taňry meniň diligimi kabul etdi. Ol maldan, maşgaladan, dost-ýarlardan uzaklaşmak bilen ýakynlaşmagy kalbyma guýdy” diýip, olaryň sözlerini asla diňlemeýär we Bagdatdan çykyp, Tusa gidýär. Ol bu ýerde özüniň hüjresinde ýaş şägirtlerine sopuçylyk ýolyny syrlaryny öwredýär.
Netijede, Gazaly Bagdada gitmän, Tusda galmagy karar edýär..
-
1merdan
12 years ago
- garaz Soltan sanjara duşan wagty, ýagdaý şeýledi, Gazalynyň durmyşynda sergezdançylyk ondan öňem bolan(aý uzak taryh ol agam)
-
1merdan
12 years ago
Medresede fykh ylymyndan ders bermegine garamazdan sopuçylyk Gazalynyň durmyşyna täsirini dowam etdirýärdi
Şu awzasy okap "Fykh" ylmy näme diýen soragam ýüze çykyp biler....
-
1merdan
12 years ago
- ...mütekellimler kelem ylmyny parz saýdylar we olar: “Kelam ylmy bilen ýeke täk Allatagala tanalýar we onuň sypatlary bilinýär” diýdiler. Fakyhlar: “Ol fykyh ylmydyr, Fykyh ylmynyň üsti bilen ybadatlar, halal-haram zatlar, özüňi alyp barmakda, haýsy zadyň halaldygy, haýsy zadyň haramdygy bilinýär” diýdiler
-
1merdan
12 years ago
- Mütekellim- ylmy näme? diýip sorasaňyz....
-
1merdan
12 years ago
- Mütekellim-Kelam ylmy boýunça alym ol ylym däl alym
-
URGENCLI
12 years ago
- yadaman okap çykdym 1merdan dost
kop-kop sagbol. ymam gazalyny tanamakda maňa eden komegiň üçin we şu gymmatly maglumatlary biz bilen paylaşanyň üçin
-
URGENCLI
12 years ago
Eý, wagzçy! Diliňde dogry ýol ündediň,
Adamlara janygyp pent-nesihat eýlediň.
Ömrümden kasam bolsyn! Özüň ýol gelmediň,
Sözüňe amal etmegi, berjaý edibilmediň.
şu yeri hasam täsirli eken
beh ol özüni gorajagam bolman gaytam ökunip öz yalnyşlyklary hakda oylanypdyr.şeydibem hemme zatlardan geçip derwüşligi saylapdyr
muny biziň haysy birimiz başaryp bileris.kimdir biri bizi adalatly tankyt edende öz pikirimizi goramak uçin jan edyäris.dost-yarlarymyzam bize komege yetişyär
şeydibem biz yalnyşyarys.
gazaly bolsa adalatly tankytdan goranmakçy hem bolman gaytam ondan netije çykarypdyr.derwüşligi saylapdyr. we taryha baky giripdir.
-
magnit
12 years ago
- berekella merdan, yaltanman yazypsyn :)
-
Aristokrat
12 years ago
- Sagjabol gowy tema acypsyñ dost
-
tekegyzytatyana
12 years ago
- men un in gymmatly alymlan birini kopculuge yetirenin un sagbol. Nyzamiye medresesinde wezipeli yagdayyny taslap sandan sohratda el cekip derwus bolup oba kent aylanan alyma dine bas egmek bolar.men ymam gazalyny yene bir tarapdan sylaglayan ol halkyn edim-gylymyny din bn baglansdyrdy. Halka yakyn eserleri bn halky yslamyn gazaply gornusunden saplady. Ihyayu ulumi-din(yalnys yazan bolsam duzedip yazay) atly dort tomluk kitabi turkmen diline hem terjime edilip baslandy. Bilyansiniz kitap kyrk bapdan duryar sonun birinji baby kitap gornusunde cykdy. Miras tarapyndan cap edilen kitabyn birinji bolumi "ylym barada kitap" dp atlandyryldy. Men kitabyn turkce gornusini okapdym yone turkmence gornusunin cykanyna welin gaty beegendim dowamy bolar dp umyt edyan.
-
turkmenntug
12 years ago
- sag bol agam.
-
turkmenntug
12 years ago
- ... häzir bu ýerde gytlyk, açlyk, gahatlayk ýaly bela-
beterler höküm sürýär.
kynçylyklaryň derdinden
musulmanlaryň boýynlary inçelip,
üzülere geldi. seniň atlaryň
boýunlary bolsa altyn bezegleriň agyrlygyndan ýere degäýjek
bolyp dur. olara hem, saňa taňry
rehimdarlyk etsin!...
...
-
1merdan
12 years ago
... häzir bu ýerde gytlyk, açlyk, gahatlayk ýaly bela-
Indi nqme sorag bermekcimi?
beterler höküm sürýär.
kynçylyklaryň derdinden
musulmanlaryň boýynlary inçelip,
üzülere geldi. seniň atlaryň
boýunlary bolsa altyn bezegleriň agyrlygyndan ýere degäýjek
bolyp dur. olara hem, saňa taňry
rehimdarlyk etsin!...
...
turkmenntug | 2012-01-21 18:59:24
-
turkmenntug
12 years ago
- ýüplik dokamak bilen güzeranyny dolandyrýan eken.
bu sebäpden oňa muhammet gazzal
diýlipdir...
"gazzal" näme diýmek, lug'at manysy?
-
1merdan
12 years ago
"gazzal" näme diýmek, lug'at manysy?
turkmenntug | 2012-01-21 19:14:25
..gazzal-ýüň egriji
1merdan 12 years ago- .....Aýdylşyna görä Soltan Sanjar hanapy mezhebine eýeren we ymam Abu Hnypa hormat goýýan adam bolypdyr. Onuň ata-babalary hem bu ymamy hormatlapdyrlar. Ymam agzamyň mazarynyň üstine ilki türbe (gümmez) galdyran seljuk türkmenler eken. Duşmanlary Gazalyny ymam Agzama şyltak atmakda aýyplaýarlar we ony Soltana bu jähetden ýamanlaýarlar. Soltan bu sözüň anygyny bilmek üçin ymam Gazalyny öz huzuryna çagyrýar. Ymam Gazaly Hökümdaryň huzuryna barmazlyga äht edipdi. Ýöne soltanyň buýrugy hem berjaý edilmelidi. Bu sebäpden ymam Gazaly Maşada çenli gelýär we ol ýerden pars dilinde bir hat ýazyp, ony Soltan Sanjara iberýär.
Hatyň mazmuny şeýledi: “Men merhum Soltan Mälik şanyň ýanynda ýigrimi ýyl ömrümi ötirdim. Men ençeme gezek halypa bilen soltanyň arasynda ilçilik etdim. Ýetmiş töweregi dini we beýleki mazmundaky kitaplary ýazdym. Dünýäni tanadym. Bu sebäpden dünýäden, we ondaky zatlardan geçdim. Bir mütdet Şamda, Kuddusda, Mekgede boldym. Ybraýym Halylullanyň (goý, Taňryň oňa ýalkowy bolsyn) gabyryna zyýarat etdim. Şonda men hiç bir hökümdaryň huzuryna barmazlyga, olaryň kömegini almazlyga, ýardamyndan peýdalanmazlyga, bäsleşikdir çekişmelere gatnaşmazlyga söz berdim. Indi, on iki ýyldan bäri şol sözümi tutýaryn. Men mydama halypa, hökümdara Taňrydan ýagşy dileg edýärin. Şu aýdylanlary göz öňünde tutyp, men ejiz bendäniň ötünjini kabul etmegiňizi soraýaryn. Çünki siziň beýik huzuryňyza gelmegime perman berlendigini eşitdim. Permana boýun egmek maksady bilen men Maşada çenli geldim. Sözümde durmak üçin ondan bäri huzuryňa tarap ötmedim”.
Soltan Sanjar haty okap Gazalynyň ýanyna özü gitmegi ýüregine düwýär we: “Men ýüzbe ýüz duşyşyp, pikirleri hut onyň öz agzyndan eşitmegi isleýärin” diýýär. Wezir-wekiller: “Gazaly Soltanyň göwnine ýokmajak jogap aýdar we ol alymy heläk eder” diýip gorkýarlar we olar: “Gazaly şähere gelmesin! Sowal-jogap mejlisi şäheriň daşynda guralsyn” diýýärler. Şol wagt Tusyň alymlary Soltanyň huzuryna gelýärler olar: “Şahy-älem! Biz ymam Gazalynyň şägirtleridiris. Soltan hezretleri näme sorajak bolsa, bizden sorasyn. Eger biz laýyk jogap berip bilmesek, onda siz ymamyň ýanyna gidäýiň” diýýärler.
Soltan bu alymlaryň teklibine göwnemeýär we Gazalynyň ýanyna özi gitmegi karar edýär. Baş wezir Mugynyl mülke ymamyň ýanyna gitmegi buýrýar. Baş wezir ymamy şäheriň daşyna alyp çykýar we ol ikisi Soltana tarap ýönelýärler. Soltan atdan düşip, ymamy gujaklaýar we ony göçme tagtynyň ýanynda otyrdýar. Gazaly tolgunýardy. Ymamyň ýanynda karylaryň biri bardy. Ol oňa “Gurhan oka” diýýär. Kary ýakymly labyz bilen Gurhan okaýar. Aýatdan soňra ara bir salym dymyşma aralaşýar. Ilki bilen ymam Gazaly dymyşlygy bozýar. Ol Soltan Sanjara ýüzlenip, şeýle diýýär: “Adyl soltanym! Meniň iki sany sözüm bar. Birinji sözüm- Tus welaýatynyň ilaty ýaramaz dolandarylýanlygy we zulym çekýänligi sebäpli köp heläkçilik çekýär. Häzir bu ýerde gytlyk, açlyk, gahatlayk ýaly bela-beterler höküm sürýär. Kynçylyklaryň derdinden musulmanlaryň boýynlary inçelip, üzülere geldi. Seniň atlaryň boýunlary bolsa altyn bezegleriň agyrlygyndan ýere degäýjek bolyp dur. Olara hem, saňa Taňry rehimdarlyk etsin! Ikinji sözüm- Men on ýyldan bäri halkdan üzňe ýaşadym.Soňra wezir Fahrylmülk meniň ýene ders bermäge başlamagymy isledi. Men oňa: “Bu meselede dogrymy sözlesem, adamlar maňa duşman bolarlar” diýdim. Ol “Soltan adalatlydyr. Seniň tersine bir hereket bolsa, soltan saňa arka durar” diýdi.
Meniň ymam Agzama ýaramaz garaýşym barada sözler bar. Emma bu sözler hakykata laýyk däldir. Men ymam agzama garaýşym barada “Ihýa ulumid-din” atly kitabymda ýazdym. Men ony fykyh ylymynda zamananyň iňňän ajaýyp şahsyýeti hasaplaýaryn”
Soltan beýik ymamyň gorkman, hakykaty sözlemegine guwanyp: “Meniň köňlüm Yragyň we Horasanyň alymlarynyň hemmesiniň senden peýdalanmaklygyny isleýär. Siz bu ymamyň sözlerini ýazyp alyp, halkyň arasyna ýaýradyň. Goý, onuň sözleri ýurdyň hemme ýerlerine ýaýylsyn! Goý, halk meniň alymlaryma garaýşymy bilsin! Siziň ders bermek meselesine ylalaşmagyňyz gerek. Men ähli alymlaryň ýylda bir gezek siziň huzuryňyza gelip, çözüp bilmedik meselelerini öwrenmeklerini buýrýaryn” diýýär.