--Näme, indi asyl gelenok daýym? Diýip ejesinden sorardy gyzy. --Işi köpdür, basym geler—diýsede, Bu “geler-geleriň” gelenok yzy. Goňşulara geläýdigi bir adam, Gyz ýene daýysyn salady ýada. Daýysynyň beren oýnawaçlarny Öňüne süýşüren çagy negada. Egirýän iginden sowaşyp eli, Gurjaklara garap doňardy ene --Ýegençi nirede, hany ýegençi?— Diýip, söwer dogan Gelermiň ýene? Ak depeli dor atyňy sepjedip, Ak telpegiň buýralarny ykjadyp, Gyz baryny gözenekden jykladyp, Çynar boýly dogan Gelermiň ýene? Gapynyň agzynda kişňärdi atyň. Dünýäme degerdi boýyň-syratyň. Dulumda saralyp gitdi suratyň. Gerçek sypat dogan Gelermiň ýene? Unutdyňmy obamyzyň ýolyny. Sypalaýyn bedewiň ýalyny. Soramaga Bibigüliň halyny Gül ýüzli doganym Gelermiň ýene? Dula bakyp doňup galan enäniň, Ilmezdi gulagna gyzynyň sesi. Bir gün agşam goltyklary pişekli Öýe geldi gyzjagazyň daýysy Hyrçyn dişläp, için çeken Bibigül Hemä aglaýardy, hemem gülýärdi. Soldat bolsa çep duldaky keşbine Ylla müýnli ýaly nazar salýardy Diýýär göýä: “Geň görme sen ýaşlygym, Seň öňüňde däldirin men günäli” Surat bolsa yraň atýar yşyga, Hamana, başyny ýaýkaýan ýaly
GYZJAGAZYŇ DAÝYSY
-
makgush
12 years ago
- Sagbol gullukdaş=) ýetireniň üçin gowy goşgy.
-
ependi
12 years ago
- betow klasdash:)
-
mavibonjuk
12 years ago
- 1merdan dogan minnetdar.gowy goshgy.
-
vipboy
12 years ago
- kursdash hakykatdan bet ekeni saul yrtirenin u,n:)
-
makgush
12 years ago
- Baýba:-): gullukdaş, klasdaş, dogan, kursdaş
-
vipboy
12 years ago
- 1merdan senden bagtly adam banyka bu dunyade
-
turkmenntug
12 years ago
- sag bol agam.paýla$anyña!
Berdinazar agañ eserlerini halaýan men.agras TÜRKMEN ýa$uly...
-
littil
12 years ago
- gowja goşgy sposiba bize ýetireniň üçin.
-
Bahbit
12 years ago
- Мердан бетинден тапйанай кэте кэтелер сенем
-
Younglord
12 years ago
- Bu gosga cyndanam sutatyn basyny yaykatjakday
-
Jasminka91
12 years ago
- Gowy,manyly,gynancly go$gy ekeni 1merdan payla$anynyza sag boluñ.
-
Younglord
12 years ago
- Mähhi näme aglajak bolyanmay hä
-
Jasminka91
12 years ago
- Yokla myrry aglajaga bolamokla, ýöne gosgydaky ýagdaýa gynandym:(
-
Merw92
12 years ago
- Gowy goshgy eken yetirenize minnetdar!
-
Jemka91
12 years ago
- Sagboluñ ýetireniñiz ü/n.(pi$eklem bolsa geldi daýy
-
1merdan
12 years ago
- Hudaýnazarowdan ýenede bir goşgy, uruş döwri hakda
Elinde bir tagta kagyzy bardyr,
Onuňam bir ýüzü drobdan doly.
Ýazarsyň: “Köpden köp dogaýy salam”
Gözel eje bolsa dymýandyr häli,
“Salamdan soň diýjek sözüm: “eý oglum”
Soň bakarsyň Gözel ejäň ýüzüne,
A ol bolsa geplemezden öňürti,
Ellerini ýetir eýýam gözüne.
--Ýaz oglum,-- diýende sandyrar sesi.
--Ýaz : “Balam, sag bolsaň
Gurgundyr eneň,
Aýagyň üşemän durýarmy, körpäm,
Gulakjynyň barmy, iýmitiň neneň?
Menem birgada-da aşbazlyk edýän
Tüwümizem şükir, gelipdir buka.
Üşän bolsaň çokaý bilen dolagyň,
Iberäýsek elin gowyşmazmykan?
Balm sen süzmäni gowy görýänsiň,
Gurt seripjik goýdym ibererin tiz...
Ýoldaşlaryň bilen oňşuklyja bol,
Gygyrşyp, sögüşip ýörmegil hergiz”
Geçersiň kagyzyň beýle ýüzüne,
Ol bolsa dolydyr ady dropdan
Gözel eje bolsa söz açar indi
Täze bir temadan-täze bir bapdan.
“Aman gelseň menem seni öýersem,
Onsoň arman galmaz garry eneňde.
Kakaň pahyryň şo-ol gyrmyzy donyn
Berjek oglym kim buşlasa geleňde”
Şeýdip hat ýazdyrar günde-günaşa
Emma ýarym ýyldyr-hat ýok ogyldan,
Teý bolmansoň ýene bir hat ýazdydy:
“Jan oglym, dünýäde bar bolsaň –
Dillen”
Ahhhhhh! Diri bolmaly dillenmek üçin,
Emma körpe ogul dünýäde ýokdy.
Ene bu hakyky ajy habary
Ynanjak bolsada-teý bolanokdy.
Ol diýerdi “ýok, ýok. Diridir balam,
Ilki ene duýýar-ölse balasy”
....Gel, indi edebiýat teoriýasy!
Ýetiş, eý şahyryň giperbolasy!
Frontda duşmanyň okyndan ölen
Körpe ogly indi direltmelimi?..
Ah! Sen enter-pelegmizi öwürdüň,
On sekiz ýaşdaky ogluö ölümi.
-
Mahrish
12 years ago
- ajaýyp hemem gynançly go$gy. 1merdan sag boluñ ýetiren go$gulañyza
-
vyshybal
12 years ago
- Sagbol dostjan ömrùn bolsun, shular yaly goshgulary ýetirip durgun :(
vipboy 12 years ago- +