Salam gadyrly Talyplar.com sahypamyzyň agzalary we myhmanlary. Siziň hemmäňizi täze luw ýyly bolan 2012-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýan. Goý, bu ýyl Türkmenistan we bütin dünýä üçin dost-doganlygyň, agzybirligiň, parahatlygyň ýyly bolsun. Şeýle hem bu ýyla gadam basanymyzdan mawy ekranymyzda iki sany teleýaýlym hem peýda boldy. Olar "Aşgabat" we "Türkmenistan sport" teleýaýlymlary. Bu iki teleýaýlym hem hemmämiz üçin peýdaly bolsun. Dogrusyny aýtsam sport kanalyň açylmagy biziň üçin peýdaly bolarmyka diýýän. Düýn-öňňun wolleýbol bolup duran eken. Talyplardan düzülen "Talyp sporty" bilen howpsuzlyk gullugynyň "Gala" ýygyndylary Türkmenistanyň wolleýbol federasiýasynyň kubogyny almak üçin finalda duşuşdylar. Oýun gaty çekeleşikli geçdi. 3partiýanam "Talyp sporty" zordan ýeňip kubogy eýýeledi. Düýn hem Mary welaýatynda geçen taekwan-do boýunça Türkmenistanyň çempionatyny berip duran ekenler. Aý garaz men-ä gyzygyp görüpdirin. Belkem türkmen sportynyň ösmegi üçin peýdaly kanallar bolsunda. Geçeliň esasy gürrüňimize. Temaň adyndanam belli bolşy ýaly gürrüň ertir.com-da galan "algy-bergimiz" barada. Has dogrusy 6-12 ýeňilişimiziň "aryny" almaklyk barada. "Şol ýagyşly gün ýadyňa düşýärmi, Ependi aga" diýişleri ýaly bizem şol ýeňlişimizden soň hiç kimiň gözüne görünip bilmedik. Her kimden bukulyp gezdik. Garaz 1994-nji ýylyň dünýä çempionatynda Abş garşy oýnanda Kolumbiýaň öz derwezesine atdanlykda gol salan goragçysy Andres Eskobara döndük (degişmekden aýyrmasyn). Adyny agzamsoň bu oýunçy hakda-da kelam agyz aýdaýyn. Eskobar şol öz derwezesine salan golundan soň Kolumbiýaň narkomafiýasy tarapyndan 6 gezek atylyp öldürilýär. Elbetde bu waka Kolumbiýa gaýdyp gelenlerinden soň bolýar. Dünýä çempionatyna gatnaşmaga Abş-a barmakalar bilermenleň pikiriçe Kolumbiýa dünýä çempiony bolar diýip garaşylýardy. Dünýä ýygyndylarynyň arasynda-da 4-nji ýerde-di. Kim bilýär näme maksatlarynyň bardygyny, Abş-a gelenlerinden soňmy ýa öň Kolumbiýaň oýunçylarynyň kimisiniň çagasyny ogurlaýalar, kimisiniň maşgalasyny gorkuzýalar. Garaz futbola mafiýa gaty erbet derejede bulaşýar şol döwürde Kolumbiýada. Üsti-üstünede öz derwezäňden gol salmak mafiýaň baştutanlarynyň ganyny kellesine uran bolmalyda. Onda-da ganym duşmanlary Amerikaň garşysyna oýnanlarynda. Bu uly kelleler degişli adamlara 3milýon dollar berip işi ýapdyrýalar we diňe atan adam 30 töweregi ýyl basylyp gidýär. Türmede akylly gezdi diýibem 11ýyldan soň boşadýalar. Emma, Kolumbiýaň 27 ýaşly Eskobaryny welin näçe pullar dökseňem yzyna gaýtaryp bolmaýar. Bu pajygaly wakany bütin dünýäň futbol muşdaklary özlerine sapak edinmelimik-ä diýýän. Millionlaryň oýny bolan futboly dostlukly, agzybir, parahat tomaşa etmeli. Bu bir diňe oýun, oýun, oýun. Biziň şu internet saýtlarymyzda hem her kim bir tarapy özlerine tutunyp, beýleki tarapy ýere sokýalar. Hatda erbet-erbet suratlar montaž edip ýörenlerem bar. Heý, nireden gelip, nirä bardym. Aslynda şu duşuşygy geçirip bolsa Andres Eskobara bagyşlap geçirsek hem bolarmyka diýýän. Goý, gaýdyp şular ýaly wakalar gaýtalanmasyn. Indi futbol duşuşygymyz hakda aýtsak, ertir.comçylar-a "Alyň aly meýdany" taýýar. Futbolçylaryňy ýygnap geliberiň diýdiler. Geçen gezek gatnaşan Ata aga, Bravo, 1merdan, Shahriyar, Broker, Leonardoo, Notyetperfect dillenibermelidir how. Başgada kim gatnaşjak bolsa şu ýere jogap ýazaýsyn. Şu wagt gatnaşjakdygyny aýdanlar Mirasymyz, Bravo, Leonardoo. Sanymyz ýetmelisine ýetensoň wagtyny hem belli ederis. Hany onda jogabyňyza garaşýas. Uzagrak ýazyp kelläňizem agyrtdym öýdýän. Futbol bu bir ýönekeý oýundyr. Manýaklyk derejede janköýerlik etmeli dälmik-ä diýýän.

Köneler, mirasymyz tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir