eje ,eje  sen name  ucin bardesin, kakam  aglamjyrap  ejen taze  oyi indi  bari...  diydi
senin  öyin  aynalary  name üçin  yok , gapysy name  üçin yok... sen bu öye  nadip girdin  eje, köçelerin  gaty  dar, 
yol  üstinde  seninki  yaly bir  süri  öy  bar. sen mana  gerek...
hiç  gormazdym sen barkan. yatamda-da duyyardym senin ayagujumda oturanyny  we meni mylayym öpüşini...
gijelerine gorkyan eje...  eje,  
ejem name üçin gelmeyar diyip  sorayaryn, "ejen  taze bir öye göçdi" diyyar  kakam.
göçmek,göçmek  name diymek eje...
önkisi yaly kakamda öpmeyar meni,
göçen öyünden  ejemi alyp  gel diyyarin,
ejem  dem  almaz ol  yerde, ejemin içi  gysyar olyerde  diyyarin, ejem gidenden bari sen  meni söymeyarsin... name  bolar  ejemi  yzyna getir  diyyarin, kakam  yene  aglayar,
men bu yyl  okuwa başladym, geçen gün mollymym her kim bir  surat çeksin  diydi, men senin öyüni çekdim eje,
gonşylaryn öyünide  çekdim, yol boyy düzülen agaçlaryda,  okap bilmedigim yüzüne bir zatlar yazylan ak daşlaryda,
hatda öyün töweregindaki gülleride,
mollymym  eline aldy, surata bakdy-bakdy,
namüçindir  gözleri yaşdan doldy, 
yanagymy şeyle bir ogşady, 
sonra mana  seredip aglamaga başlady...
mollymymda  aglayar eje, 
seret, olda gowy görmedi senin taze öyüni
gowy görsedi, "nahili owadan surat "diyerdi,
yyldyzly gol çekerdi, belkide diwara asardy,
emma...
her gün irden klasdaşlarymy ejeleri getiryar,
partadaşymyn ejesine, 
dayza sende göçjekmi taze  öyüne diydim,
"yok, diydi  bizin öymiz bar" 
aa...bizin öymizde bar emma ejem göçdi,
belki içi gysar, belki meni  küysarde dolanar diydim, 
dayza, sen bir göçme diydim,
hyjgyra-hyjgyra aglamaga  başlady,partadaşymyn ejesi,
her kim aglayar eje, ahli kişi aglayar,
hiç kim senin  taze öyüni gowy görmeyar,
meni söymeyanmi? meni küysemyanmi?
name bolar,  dolan, sana  mataç...
kawagt  okuwa sen akit,
seni hiç  gynanandyrmaryn,
geçen gije kakam"name üçin öldin sen"
diyip sana  gygyryardy,
ölmek , ölmek  name diymek eje...ölmek, 
sen öldin, aa... akwaryumdan çykaran balygymyz yaly bir gezekde dem almarsynmy?
hiç gülmersinmi?
name  bolar, çyk ol öyden seni küyseyarin,
sana mataç, name bolar! dolan...
dolanmajak bolsan menide  yanyna al, eje,
eger, eger  mende göçsem sen yaly,
söz beryarin, çagamyda yanymda aljak, eje
dolan eje, dolan... sana mataç,  dolan...
 

Dolan, dolan eje...
- 
                vento
                13 years ago
                
 - bayba Bet ,betinem beti bolayypdyr bula, berekella brat
bow bary beden başlaýdymy. Bagyšlarsyňda biziňem bar bolup bilšimizdá bu. 
- 
                vento
                13 years ago
                
 - B harpyndanda sivee.
 
- 
                Mergen0492
                13 years ago
                
 - Gynanchly!
 
- 
                smak95
                13 years ago
                
 - menina shuny okap ukym tutdy
 
- 
                Gurbangul
                13 years ago
                
 - menina shuny okap ukym tutdy
smak95 | 2012-01-04 14:58:14
barde bir chagan yureginin agysy yazylypdyr, kimdir birinin bolsa ukusy tutyarmys. hayran galaymaly. 
- 
                Gurbangul
                13 years ago
                
 - oran gowy yazylypdyr. sag bolun. arasynda talyplar.com a girer yaly shular yaly gowja zatlary hem yazyp durun!
ejeler mukaddesdir, olaryn gadyryny dirika bilelin! yene bir gezek sag bolun! 
- 
                makgush
                13 years ago
                
 - Gowy ýazylypdyr, sagbol.
 
- 
                ALADIN
                13 years ago
                
 - Gowy eken kim ýazanam bolsa,gynanclam bolsa pikir etdirtýär,eneleñ gadyryny görkezýär...
 
- 
                ttmli
                13 years ago
                
 - minnetdar!
 
- 
                suvat
                13 years ago
                
 - gaty gowy yazylypdyr, gozune yash aylanyar
 
- 
                Jemka91
                13 years ago
                
 - Gowy tema, ýetireniñiz ün sagboluñ
 
- 
                Younglord
                13 years ago
                
 - Gaty gowy hemde gynancly tema eken menä haladym köp sag bol sivee
 
- 
                Ayjagash
                13 years ago
                
 - Gynanchly tema eken. Bir dwoyurnyy gyz doganym yadyma dushup gitdi. Yuregine degyar hekaya.
 
sahett 13 years ago- mena name diyjegmem bilemak doly okabam bilmedim