köçämizde iki çaga urśdy: yglap çykdy her gapydan bir aÿal. gök gapydan orta boyly ogulśat, ak gapydan uzyn boyly aÿjemal. "seniñ mañkalyña urdurmak üçin ÿolda ÿatan düÿbi gopan tañka ÿok!" gök gapyly goÿar ÿerde goÿmady, o goÿmasa ak gapylam goÿanok. ogulśadyñ eli durśyna hamyr, aÿjemalyñ eli durśyna palçyk. aÿdymlarda wasp etmeli gelinler śeÿdiśip dursalar erbedem boljak. "çagañ śol agaçdan bärik geçmesin!" "śol kesekden bärik geçmesin señkem!" ÿuwaś-ÿuwaś köśeśmegiñ deregine, gelinleñ dawasy bekeśdi kem- kem. gelinleñ ikisem at ÿaly gelin- billeri bir gysym, gözleri goçak: eger ÿolda- yzda duśaÿsañ dagy, gañyrlyp- gañrylyp bakasyñ geljek. men nädip olara akyl bereÿin? ömrümboÿy edip śolaryñ waspyn, iñ gowy gośgymy, gowy aÿdymmy, śeÿle gelinleriñ ÿüzünden tapdym. emma häzir weli, giden bir gopgun: öz- özüñ utanyp, bakÿarsyñ aśak. ak gośaryn galgadyp dur aÿjemal, gara saçyn hüžžžerdip dur ogulśat. çagajyklar eÿÿäm ÿaraśypdyrlar. ejeleri bolsa hum ÿaly çiśip, śol gygyrśyp durlar,                         gygyrśyp durlar... onÿança śarkyldap açyldy iśik. śarkyldap açyldy ÿene bir iśik. çykdy her gapydan epeÿ bir kiśi: ak gapydan buÿra saçly akmyrat, gök gapydan gara murtly gulkiśi. her haÿsy özüniñ aÿalyn golldap,  akmyrat topuldy saçyny sallap, gulkiśi topuldy murtuny sallap... ine śeÿdip iki gelin dört boldy! toba-essagpyrulla!            kerim gurbannepesow

Köneler, Merw92 tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir