BUÝSANJYM Eziz Türkmen halkym ömür manym siz Baryňyz bagryma basasym gelýär Siziň ýüzüňizde owsun atyan bagt Meniň serim aylap sermest eýleýär Aksakgal gojalar eziz atam siz Ak saçly eneler eziz enem siz Uçar ganatym siz altyn bagtym siz Hydyrym siz Ylyasym siz eren siz Islegim kän wah bolsady diyenim Siziň her biriňe şa tagtyn berjek Daragt dey depämde gül-çeçek eyläp Allahyň ýanyna arşa göterjek Eziz Türkmen halkym arkadagym siz Doganym siz, gardaşym siz, arkam siz Baryň jem eyledim köňül köşgünde Ýagşy günde yaman günde hoş günde Ruhana Türkmenim men sizi söyyän Tüys ýürekden söyyärin men hemmäňi Bu ümmülmez älem elimde bolsa Bagş eylejek heriňe bir dünýäni Ýaşlar juwan yaşlar men sizi söyyän Ýaşaýşa yalkym siz, yagşa yarsyňyz Ylahydan gelen çeşme-çay deyin Meniň gursagyma akyp dursuňyz Gül çagalar kalbymdaky heyjan siz Bal çagalar siz ýaşaýşyň şerbeti Her bir ataň depesinde täji siz Her bir enäň gursagynda tugrasy Ýalňyz aladam siz eziz Türkmenim Işde hem, öýde hem, otyrkam tenha Ýüregme sygdyryp baryňyz söyyän Gujagma sygdyryp bilemok emma Siziň bagtyňyza ömrüm bagş edyän Men sizi ýürekden söyyän halaýyk Ýüregme sygdyryp baryňyz söýýän Meniň halkym Türkmen neneň ajaýyp Nurana Türkmenim men sizi söyyän Ýüregme sygdyrdym ezizläp sizi Ähliňiz ýüregme sygdyryän arman Sygdyryp bilemok gujagma sizi beyik atamyzyň jaýy jennetde bolsun

Köneler, URGENCLI tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir