Umumy adamzat meselesi hakda, Bilýän ençe-ençe işler edildi. Belki ösiş bize hökmanam däldir Şonda-da Şonda-da, öňe gidildi Kim arzuw etmedi parahat ýurdy Gohsyz galmagalsyz ýatyp turmagy Kime ýokýar ajal okly gyrgylaň Gökde çar tarapa perwaz urmagy Gör neneň hezillik bir ýurda barsaň Ilki pasportyň däl soralsa halyň Soň saglyk amanlyk çekip üç güne, Ondan soň soralsa maksat hyýalyň Ýurtlaň arasynda tikenli sim däl, Miweli baglardan edilse haýat, Ol baglar ýaragly esgere dälde Söýgi wadalaryna bolsalar şaýat. Resmi “Ak tamda” atom hakda däl, “Aralyň” duzynyň gamyny iýseler Araplaň baýlygnyň gylla ýaryny, Ýeriň garyplaryna paýlaň diýseler “Çelsä” pul ýagdyran Raman agamyz Afirika birje nazar salsady, Dünýäň dostlaşanny görip, Göründen, Lelin aga tirsegine galsady Bilmedim, Bilmedim Bilmedim neüçin? Egaizim aňymyzda at salýar Asly Adam ata dogan ýer şary Bir-birinden aýrylmaga gyssanýar. Türkmen, nems, ýewreý we şuňa meňzeş Doganlary bölüşdirýäs uýalman, Milletçilik ösüp barýar gün saýyn, Adamçylyk parçalanýar aýalman.

Köneler, 1merdan tarapyndan 12 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir