Merw (Farsi dilinden: ﻣﺮﻭ) – (Marguş, Merw,Marruh, Merwan) häzirkiMary şäheriniñ ady, Fars dilinde häzir hem şeýle ulanylýar. Türküstanyñ (Merkezi Aziýanyñ) iñ gadymy şäheri bolup häzirki Baýramaly şäheriniñ ýanynda ýerleşendir. “Mary”, “Merw” atlary tutuş daş töweregi gurşap alyp duran ýerler hem göteripdir. Merw şäheri biziñ eramyzdan öñki VII asyrda öñki Erk-gala şäherçesiniñ ýerinde döräpdir we gysga wagtyñ içinde tutuş wahanyñ (oazisiñ) paýtagty bolýar hem-de Ahmedinleriñ döwletiniñ bir bölegi bolýar. B.e. öñ 330-njy ýyldan 323-nji ýyllar aralygynda Aleksandr Makedonskiniñ soltanlygynyñ (imperiýasynyñ) düzümine girýär (Margiana Aleksandriýasy), b.e. öñ 323-nji ýyldan 250-nji ýyllar aralygynda Selewkidleriñ döwletiniñ (Atiohiýa Gäur-gala şäherçesi), b.e. öñ 250-nji ýyldan 209-njy ýyllar aralygynda bolsa Baktriýa patşalygynyñ düzümine girýär. B.e. öñ III asyryñ soñynda b.e. öñ 224 ýyla çenli Part (Arşaklylar, Parfiýa) soltanlygynyñ düzüminde özbaşdak dolandyrmaga hukukly bolan aýratyn welaýat hökmünde berk orun tutýar. 224-651-nji ýyllar aralygynda Merw Eýran sasanidleriniñ ygtyýaryndady. 651-nji ýylda bolsa Arab halifatynyñ Türküstan (orta Aziýa) welaýatlarynyñ biridi. X asyrda ýazylan “Hudul-älem” atly kitabda ýazylyşyna görä, ol uly Horasanyñ iñ uly şäherleriniñ biri bolmyş, öñler Horasan emirleriniñ paýtagty bolup, soñlar Buhara paýtaht bellenipdir. “Hudul- älemiñ” näbelli ýazyjysy “Merw safaly we nygmatly ýer, onuñ galasy bar, şony Tähmuris saldyrypdyr, şonda (sasanid) paşalarynyñ köp köşkleri bar we bütin Horasanda şondan gowy şäher ýok..., ol ýerde gowy pagta bitýär...” diýip ýazypdyr. Gadymy çeşmelerde Mary “Merw-e Şahjan”, “Merw-e Şah-jahan” atlary bilen gabat gelýär. Orta asyrda uly Horasanyñ meşhur şäherlerinden biri hasablanypdyr. Ilkinji gezek Mewi abadanlaşdyran Jemşidiñ kakasy Tähmuris (pişdady dinastiýasyndan) diýlip görkezilen taryhy çeşmeler hem bar. İñ uly ösüşe Merw Beýik türkmen-seljuklarynyñ soltanlygynyñ we Horezm şalarynyñ Döwletiniñ düzüminde bolan wagty (XI ortasynda XIII asyra çenli) ýetýär. 1221-1222 ýyllar mongollaryñ çozmagy netijesinde şäher düýbinden weýran (harab) edildi we talanyp, ýaşaýjylary öldürildi we sürgün edildi. Merw şäheri seljuklar döwründe Soltan Sanjaryñ paýtagty bolýar. Emma oguzlar Sanjary ýeñenlerinden soñ, üç gije-gündiz şäheri garat (talañ, harab) edýärler, şol sebäpli şäherde kän weýrançylyk emele gelýär. Bu şäher soñabaka ýene-de abadanlaşýar ýöne Çingiz hanyñ döwründe mongollar şäheri düýpden weýran edip, onuñ müñlerçe ilatyny gyrýarlar, göýä diñe dört adam diri galanmyş. Şeýlelikde, tä Şahruhyñ döwrüne çenli Merw şäheri weýran bolup galýar. Şonuñ döwründe (XIV asyr) Merwa ýene- de jemagat (köpçülik, halk) üýşüp başlaýar, şäher abadanlaşyp ugraýar. Merw şäheriniñ abadanlaşmagy, medeni merkeze öwrülmegi ugrunda Soltan Sanjaryñ (XI-XII) eden hyzmaty uludyr, şonuñ döwründe şäherde uly kitabhanalar, köşkler emele gelipdir, ol weýran bolan şäheriñ ýanynda täze şäher saldyrypdyr. Bu iki (köne we täze) şäher barada Nowaýy özüniñ pars dilinde ýazan bir şygrynda “Ỳaş Merwynyñ ýürek mülki yşk arkaly abadandyr. Köne Merwyny hem-de täze şäheri bina eden Sanjardyr” diýip ýazypdyr. Merwynyñ suwy geçmişde Murgapdan ybarat bolan Merwerut üpjün edilipdir, ol derýa Merwda gutarýan eken. • Giçki orta asyr döwründe (XIII- XVII asyrlar) Merw tutuş Murgab wahany (oazisi) ýaly çuññur kynçylyklary we çökmekligi başyndan geçirýär hem-de soñ hiç haçan dikeldilmeýär. • Gadymy Merw şäheri umumy meýdany 1000 gektar bolup, ol deñitaýy bolmadyk gorag, köşk, din we medeni jaýlarynyñ toplymydyr. 1990-njy ýyldan başlap Merwiñ ýadygärlikleri “Gadymy Merw” medenitaryhy goraghanasynyñ düzümine goşulýar. • 1990-njy ýylda Gadymy Merwiñ arheologiki ýadygärlikleri UNESCO nyñ (United Nations Educational, Scientific and Cultural Organization) karary bilen Bütindünýä taryhy ähmiýetli hem-de Bütin adamzat üçin medeni- taryhy ähmiýetini saklamak maksady bilen dünýäniñ gyssagly gaýtadan dikeltmek we gorap saklamak işlerine mätäç bolan 100 sany ýadygärlikleriniñ hataryna goşulýar.
Gadymy Merw şäheriniň taryhy.
-
student3
13 years ago
- wah, maryda.döwrunde betinden abrayly yer bolan.
-
ependi
13 years ago
- sagbol
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- Тувелеме, шу барада гызыкланярдым.
-
YaSwami
13 years ago
- Maru-şahu-jahan diýen ýer baryp eýranda ýerleşýar how, ol gum bilen kesekden ýasalan häzirki Mary barada däl, Soň parslar o taýdan sandjarmy ýa oguzymy kowýalar, türki halk (kim bilýär türkmenem bolsa bilemmok) parslary 300 ýyl agalyk edýär,300 ýylam kän zat how. Onsoň o taýdaň kowýalar welin şol murgabyň gök-sök bitýän ýerine göçüp Adyny goýan bolýalar, Aslynda mary diýmek ýylanlaň mekany diýmek, şol taýda Yylan kän eken, meni daşlamaň, ýöne turkmenler hakykatdanda şonuň ýaly şäherde ýaşanda, ýöne häzirki mary däl, ýadyma düşenok Persopol dp adam bar oýtýän. Daşlamaň, nerwiňizem saklaň, men pahyr her hili sögünjede çydaýanlaý :)
-
ependi
13 years ago
- poh iýmesenaý
-
nohurlyagza
13 years ago
- yaswami sen owmage mynasyp gaty tasin teoriya one surdun. mary (mar-y) dogurdanda mar (yylan) saheri diymek bolyarow.
-
student3
13 years ago
- yaswami sena özunce taze acy$ etdiñow berekella !
-
yrsgal
13 years ago
- oguzlar sanjary
ýeñenlerinden soñ, üç
gije-gündiz şäheri garat
(talañ, harab) edýärler, şol
sebäpli şäherde kän
weýrançylyk emele
gelýär
йокардаки ерде огузлар дийипдир велин. Солтан санжарын ози огуз несли далмай.
-
student3
13 years ago
- teoriya one surdun. mary (mar-y) dogurdanda
mar (yylan) saheri diymek bolyarow. nohurlyagza | 2011-11-03 00:36:
ay how su wagt soltan sanjar binasy nirede yerlesya merw ady ,maru shahu jahan ,atlary ýylanyn koplugi bn baglydyr ola yöne adynyn gelip cykysy,gadymy margus merwem maryda yerlesya ,gadymy sowda merkezi bolan,awrayly bolan,paytagt säher bolan okamadynyzmay taryhdan
-
yrsgal
13 years ago
- мерв шу вагткы марын ери. Шаят галалар гозе горунип дур.
-
student3
13 years ago
- mary mar ýylan adyndan gelip cykan we su yerde gadymy merw yerle$en,gadymy swilizasyany tapdylara hol arada gazuw agtarys islerinde . Tv 4 den gorkezmedilermay
-
yrsgal
13 years ago
- я свами сенем гум блен кесекден ясалан, он учин овлап отырма.
-
nohurlyagza
13 years ago
- nohurdyr dostlarym dunyan paytagty
kurujdey obamda alemin tagty.
-
student3
13 years ago
- я свами сенем гум блен кесекден ясалан, он
учин овлап отырма. yrsgal | 2011-11-03 00:44:47
hak aydyañ
-
AshyrdadeBelarus
13 years ago
- Натдинизай муны бее...
Марылылара бир йылан дийдиниз, бир мару шаху жахан дийдиниз, бир гум бн чаге дийдиниз, оны муны невере етдиниз, а дурмушы булап зындынызай сиза. Биз пахыр едебияты билмансон.
-
hannesli
13 years ago
- eger merv shu wagytky mary welayatynda yerleshmese onda nirede yerleshyar ha? Hawa mary welayatynda yerleshyar ol binalar galalar nireden bolsun. Soltan sanjar 1153 we1154 yylarda oguzlar b.n urushyar we yenilyar sanjary ata danyp merwe suyrap getiryaler! Yzyny son yazarn...
-
student3
13 years ago
- nohurdyr dostlarym dunyan paytagty
kurujdey obamda alemin tagty. nohurlyagza | 2011-11-03 00:47:1
ha ha ha ha her kimin öz gaygysy kel gyzyn är gaygysy.senem nohurmy ha ha ha $atlaram gelip $atyrystan dunyan paytagty diysinle ha ha gaty gulkunc
-
magnit
13 years ago
- tema manyly hem hemme maglumatlary b.n ylalashyan! Gapdalyndan Bashka kim name diyse gemirmesin, taryhy kitapdan gowy bilyaniz yokdur!!!!
-
Tanamadykbamy
13 years ago
- nohurdyr dostlarym dunyan
paytagty
kurujdey obamda alemin tagty.
nohurlyagza | 2011-11-03
00:47:1
ha ha ha ha her kimin öz
gaygysy kel gyzyn är
gaygysy.senem nohurmy ha ha
ha $atlaram gelip $atyrystan
dunyan paytagty diysinle ha ha
gaty gulkunc
student3 | 2011-11-03 01:00:12
kim gurlese gurlesin welin tatlar gurlemesin
-
student3
13 years ago
- kim gurlese gurlesin welin tatlar gurlemesin tanamadykbamy | 2011-11-03 01:13:14
ay tata aslada gurlemesin welin nohury sokusuna gulkum geldilay
-
magnit
13 years ago
- milletcilik gerekdal oglanlar! Gurrun dine mary we merw barada! ))
-
student3
13 years ago
- dogry milletcilik gerek dal koroci mary solar yaly ekenda bah sagjabol adgjmptw dost
-
Tanamadykbamy
13 years ago
- Dogry aytyañ magnit milletcilik gerekdäl. Meñä diymedigmow halaýyk gecirersiñiz. Aramyzda tatlaram bamykanay
-
YaSwami
13 years ago
- stop,stop gadyrdanlar, Maru-Şahu-Jahan türkmenleňki nokat. Köşeşdiňizmi ! Ýöne häzirki gorýän palçyk bn ýarym çig kerpişden gurlan binalar mowzoleý ýagny gubruň gümmezi, guburnama jaýy , prosto meşgur adamlar ölende hormatyna şonuň ýaly guburnama mowzoleýi gurulýar. Meniň diýän şäherim hakykatdanam görkäna, şu wagtam akylyňy täsir edýär, ol daşdan ýasalan, olom bitinligine däl.Onsoňdo gadyrdanlar Maru-şahujahan dp atlandyrýan döwletiň ady, şu häzirki mary welaýat bn çäklänmändir diýjek bolýan. Gadymda häzirki ýaly granissa ýa-da araçäk bolmandyr, ýurt ertir biziňki, birigün oloňky bolupdyr. Aýtdyma size 300 ýyl agalyk edipdir dp. soň parslar peti bizar bolup. Türkmenleri gysyp çykarýa Maru şahu jahandan (persopolis-Jemşidiň jamy) diýbem atlandyrýar. Hažirki Mary şol `Maru-Jahan diýäniň gyradaky soňky galan etrabymy nämemi, aslynda şu ýerde görülüp eşdilmedik ýylana köp bolupdyr, marda ýylana çokunýan adamda bara dp eşitdim. hatda ýylanlar adam sypatyna öwrülýär diýibem eştdim. Ýöne şol diýän Maru-şahujahan häzirki Marda ýerleşmändir. Meselem Serahs türkmen terotoriýasynda-da bar, eýran terotoriýasynda-da bar, ýöne şu Maryň tutan mesgeni, howasy seýle bir ýakymly bolupdyr welin, ýylanlaryň köplügine garamazdan, kakoýtosandar şu taýda mesgen tutmagy makul bilinýär. entegem aýdaýjak welin ependi maňa sökdidä :)
-
student3
13 years ago
- yaswami mary bir etraby dal de paytagty bolan granisada bolmandyr o dogry
-
mirasymyz
13 years ago
- Ependi sökme-how, şu ýaswama!
-
ependi
13 years ago
- oýun etdimä men aýdyber:)
-
Friendship
13 years ago
- Bir-iki sany agzañ aýdan maglumatlary üçin taryh üýtgemez.
-
Ibrahimovic
13 years ago
- merw men watanym. Kim name diyjek bolsa menkini gemirme 1,2 kitap okap alym cykjak bolma mlya.
-
Friendship
13 years ago
- A$akdaky bina bolsa, soltan sanjaryñ kö$gi bolan. Sanjar paty$a ölenden soñ onuñ guburyny öz kö$günde ýerleýäler.
-
student3
13 years ago
- ibrahimowic sen nirinden maryn?
-
ependi
13 years ago
-
Jasminka91
13 years ago
- Adgjmtpw yetiren maglumatlanlaryn ucin sag bol.
-
ependi
13 years ago
-
student3
13 years ago
- sapa dost onardynay $una gördunuzmi subutnamasy ba aydylanlan
-
ependi
13 years ago
-
ependi
13 years ago
-
ependi
13 years ago
-
student3
13 years ago
- ependi meñ öyum su ymaratyn anarjygyndada(oyuni goren yaly begenyan smaylik)
-
ependi
13 years ago
- basym barýas onda
-
Aristokrat
13 years ago
- Adgjmptw sagbol maglumatyña, ependi sañada minnetdar suratlar bilen bezäniñ ücin gowy maglumatlar tapypsyñyz.
-
nohurlyagza
13 years ago
- persepolis diyanina dashyrak lay yaswami. yakynrakdan basga saher gozlesene.
persepolis eyranyn anry bashydalay.
-
nupokodi
13 years ago
- ey men owam yone beyle zatlary bilemokdym dogrymy yada yalnmy
-
magnit
13 years ago
- müsürde $a bolanyndan öz marymda geday bolanym gowydyr!!!!!
-
lennec
13 years ago
- merwin gadymyyetde 5 ady bolan margiyana,merw,margush,maru-shahu-jahan,mary
teman awtorynyn yazan zatlary bilen doly ylalasyan
-
Aristokrat
13 years ago
- Yaswami señ taryp edýän persepolisiñi biziñ eradmyzdan öñki 330 ýylda aleksandyr makedonski otlady (ýakyp ýok etdi). Nohurlyagza bizem "mar" söziniñ "ýylan" diýen manyny añladýanyny bilýäs. "margu$" söziniñ asyl manysyny dü$indirip bilýän ýok. $oñ üçin öz beýik akylyñy ulanyp dissartasiýa ýazyp bilersiñ
-
nohurlyagza
13 years ago
- marguş ýylan bilen guş bolarda. ýa-da guşkelle ýylan dimek we şeme.
-
student3
13 years ago
- ay tuweleme marymyz her zat bolday gusam boldy ýylanam.
Adgjmptw 13 years ago- Wikipediýadan alnan maglumatlar esasynda taýýarlanan.