Bir kishi beýleki kishiden shu gün aýdan näçesidigini soraýar. Aýyñam shol gün 11-i eken. -Dost aýtsana, shu gün aýdan näçesi bolmaly?! -Aý gardash! Menem shony oñly bilemok. Ýöne düýnä däl, öññun aýyñ 9-ydy! Ertir dälde, birigünem aýyñ 13-i bolýar, ertirem 12-si bolaýýar öýdýän! Ýöne shu gün aýyñ näçesidigini welin bilemok gardash! -äää...???
Güleliñaý!
-
Yegen
13 years ago
- Pishigi öý eýesiniñ ýüregine düshýär. Adam pishigi bir gaba salýar-da uzagraga äkidýär we tashlap gaýdýar. Emma pishik eýesinden öñürti öýe dönüp gelýär. Bu ýagdaý birnäçe gezek gaýtalanýar. Ahyrsoñy eýesi pishigi has uzak bir ýere tashlap gaýdýär we gaýdyshyn yzymy tapmasyn diýip çylshyrymly ýollardan gaýdýar we netijede özi azashýar. Bialaç öýdäki aýalyna jañ edýär:
-Eshidýäñmi, neme… pishik geldimaý…?
-Hawwa!?
-Hany ony telefona çagyrsana:(
* * * *
İki dost ýoldan barýarlar. Garshydan owadan bir gyz gelýär we dushlaryndan geçende gyz gülýär. Dostlañ biri beýlekisine diýýär:
-Gördüñmi! Bu gyz maña ýylgyrdy!!!
-Haha:-)… Bashga kime bolsun? Menä seni ilki görenimde gülmekden ýaña bir hepdeläp özüme gelip bilmändim!:-):-):-)
-
Yegen
13 years ago
- Bir gezek bizde-de sheýleräk ýagdaý bolupdy, bolan waka!
Dostum bilen trotuardan ýöräp barýardyk, ýoluñ beýle ýüzündäki trotuardanam iki sany gyz geçip barýardy. Ýanymdaky dostum gyzlary gördüde olara tarap gygyryp lak atyp ugrady, ikimizem olara añkarlyp barýardyk! Birdenem güpürt-tapyrtlyk boldy! Seretsem dostum oñarmak üçin goýlan üsti açylan lýuka gaçsa nätjek. Entegem ýapyshyp ýetishipdir elini diräp, doly gitmändir. Baý, gyzlar shonda bize bir güldilerä!
Zordan çekip çykardym! Menem saklanybilmän dostuma hem gülkimem gelýär, hemem gaharymam! Lak atmak nämä gerek diýda, gyzlara añkarlyp! Haha:-)
-
Abadan
13 years ago
- -wah, shular ýaly görk
görmegim bilen shunuñ ýaly
töññä nädip bardymkam
diýsene...
yegen |2011-06-29 06:48:33
:-Dhahahaha...:-D
-
Yegen
13 years ago
- Wuhahahahaha:-)
-
Abadan
13 years ago
- Bah Yegen bet gulyan welin,äñiñ a$ak gacaymasyn barlap gör? :-D :-D)))
-
Tourist
13 years ago
- Betje eken
-
Tourist
13 years ago
- Betje eken
-
Tourist
13 years ago
- Betje eken
-
Tourist
13 years ago
- 3gezejik gidayipdir
-
blackrain
13 years ago
- Ikinji degişme gowja eken. Görýäňmi, aýal diýilýäni köp öwüberseň göterlip, özüniň kimdigini ýatdan çykaraýýa-da.
-
ilyush
13 years ago
- 2-3 aý ozalrak ýörgünli anekdot:
biri doktoryň ýanyna baryp arzyny aýdýar:
-doktorjan,meniň dawleniýäm pese gaçýar,näme derman içerkäm?
doktor:
-hiç dermanam içme,altyn asyrdan nomer al,dawleniýäňi bolmalysy ýaly eder,derrew!!!!!!
-
ilyush
13 years ago
- teswirler.com-da nitrogen diýen agza ýerleşdiripdir.göwnüme ýaransoň sizede ýetireýin diýdim.nitrogen agzada sagbolsyn aýdaýmak galýar.
1) Telewizorda: Dünyädä dogulyan 5 çagang biri hytay.
Pahan: Bäşimjanam hytaymyka?
2) 2 sany blondin (sary saçly) är ayalyng bryunet (gara saçly) ogullary bolyar.
Ayaly: Sen kim bilen boldyng? Cagamyz bize megzänok.
3) Rusca bilmeyan biri russiya gidyar. Ajygyar magazina baryar. Garashyp dur kim name alsa menem shony aydyp alaryn diyip. KEFİR POJALUYSTA diyyar biri kefir alyar gidyar. Ol adamam gunde 3 wagtyna kefir icip baslayar. Bizar bolup yene magazina gidyar, onki pikir kellede. KOLBASA POJALUYSTA. alyar basga biri we gidyar. Olam KOLBASA POJALUYSTA diyyar satyjy KOPCYONİY İLİ WARYONİY ol adam KEFİR POJALUYSTA.
4) Pushkin: Altynjy klaslar gaharymy getirdi. Goshgylarymy yat tutyp kosener yaly koprak gosgy yazayinla.
5) Ependi:Ata Kopek bol oduna gideli.
Ata Kopek: yolay. Adamlar yene ustumizden gulip prikol cykarar.
6) Kolhoznik1: Fantan calt akyaram welin ici hic dolanoklay?
Kolhoznik2: Howa yssy, bugaryp yetishyandirda.
-
Yegen
13 years ago
- Nuryshkañ anekdotlaryndan!
Durdy kör.
Durdy aga oglanka obañ traktyr byrgadasynyñ çaýyny gaýnadýar eken. Ýarawsyzrak eken, bir gözi plasmas, beýleki gözem shampan çüýshe. Birtopar traktyrys, bularam göknar içýar diýä, üýshüp ýer tekizliýämish 10-20 sany traktyrys. Üüüýshürip ullakan tañkalary hatara goýup, häzirki zaman ýaly gaz-tok ýok. Sygyr tezek, salýarka, gemre, jagrama bilen dine, ala tütün bolup tañkalary goýýar welin, ýañkylar 7 bolup 8 tanka çaýy çägä sepilen ýaly edip gidýäler diýä. Traktyrly ugraýalar warr edip - Durdy jan çaý goýaweri!
Güne sheýle. Ahyrynda bir gün gaty ýadapdyr, traktyrçylaram üýshüp çaý içip oturan.
Traktyr byrgat:
-Adamlar, indi Durdy jan ýigit çykdy. Muñ gözi ýaramaz diýmeseñ, ýañky häki, myña byrgatda gelin-gyzam seredýä. Hää, shoñ üçin Durdyjan, indi saña çaý goýdurjak däl!
Durdy:
-Adam bolmadygym diý!
-Adam bolmadygym Durdy jan, saña çaý goýdurjak däl.
-Onda menem adam bolmadygym, gaýdyp tankalara bushugaýsam!
Içiniñ ýangyjyna nemedäýýän eken!:-)
Urush döwürleri. Her hepdäñ 1-nji güni hat gelýär diýä woýenkamatdan, bashlygyñ adyna. "Bashlyk! Ýene pylança sany adam alda, mal bazara bar 6-njy gün, bazar gün ursha ugramaly!"
Ahyrynda obada ursha ýaraýjak erkek gutaryar, ýarawsuzrak bolansoñ Durdy aga, bashlyk, sho wagt birzent ädik geýip ýören dogumly zwenowod Güljemal daýza galypdyr.
Bashlyk çagyryp aýtdy, Güljemal daýza:
Güljemal daýza, adamyñdan galan erkek adamyñ eshikleri bar bolsa geýishdir, woýenkamatdan hat geldi, 3 erkek alyp mal bazara barmaly! Shoñ birä sen borsuñ, birem men bolaryn, Durdy jan senem 3-nji bolup gitmeli borsuñ! Gözüm beýlekim diýip bahana etme!
Durdy kör:
-Wwaý, bashlyk! Görýäñä meni, shu ikarada senem tanammaga!?
-Durdy! Saña tanysh at diýýän ýok! Nemis atmaly, mün mashyna!
Durdy aga ursha taýynlanyp, äkitmeli zatlaryny taýynlap öýüniñ gapdalynda soñky demi alaýyn diýip - arkan ýatyp, han ýatyshyny edip ýatyrka, gara papakly goltugy gyzyl päpkelije biri gelip girdi, Durdy agañ ýanna:
-Salowma! Durdylañ öýümi...?
-Walikim! Näme bolmanda siziñ öýñüzmi?!
-Ýashshuly, men poçtadan!
-Nirden?
-Poçta!
-Näme salam hat getirdiñmi?
-Ýok, men hak ýygnaýan!
-Öküz hakmy?
-Ýok! Hol bäsh manatlyk radioñ haky, sim radio pul ýygnaýan!
-Näme sim radio alynjak bolýarmyñ?
-Ýok! Biz radio uzel bilen üpjün edýäs, shoña siz pul tölemeli!
-Bermen.
-O nähili bermersiñ ýashshuly?!
-Bermen.
-"Bermen" - diýip, ýashshuly geçen ýylam bermedin!
-Näme sözümde tapylmadymmy!
Bardy mal bazara Durdy kör! Kamissar spisok okaýar:
-Pylanyýew Pylany!
-Men!
-Nanyñy görkez?
-Ynha!
-Geç stroýa.
-Myradow Durdy!
-Mmmeen!
-Nanyñy görkez?
-Sho sadagasy bolduguma öýde-de ýok!
-Ýashuly ursha barýañ, aç ölersiñ.
-Aç öleýin, dok öleýin, shu hepde size ölüp bereýinle, bolmanda kurorta baramok!
-Ady okalanlar, ertir irden mal bazara gelýäñiz, 10-a geliñ! Bu gün bosh!
Aý, agshamlyk uyshduler Durdy agalara:
-In sonky gunumiz, aydym-saz edayelin!
Durdy aga:
-Way, dutar yoga?
-Pylanylarda bar, akeldayelin!
-Akelayin!
Pylanylar diyilyanem yaman gysganc eken.
-Pylan kaka! Biza Durdy korlerden gelyas!
-Hawwa? Name gerek?
-Ertir oglanlar pronta gitya, gitmankaler aydym-saz edayeli diydik, dutarynyzy bersenizlan?!
-Oglanlar dutar dileman!
-Gayrat et, ertir oglanlar ursha gidya!
-Nira gitsenizem gayrat et, dutary dileman! Ursha gitseniz tupen alyp gidin!
-Yoook! Urhsa gitmankak aydym-saz etjek bolyas, dutarynyzy sorayas?!
-Oglanlar men dogrusyny aydayyn, yennenizi sora welin, dutar soraman!
Geldiler yzlaryna gaydyp.
-Durdy aga, ola berenok dutaryny!
-Name diyya?
-Ay, "yenneni sora welin, dutary sorama" diyya!
-Bar onda yenneni alyp gelayin ertire cenli!
Muny Nuryshka neressan oz audio yazgysynda dinlesen hasam gulkunc!
-
Yolotenli
13 years ago
- Sagja bol dost sheytdirip gulkunch temalar achyp dur.
-
magnit
13 years ago
- hahay yegen)))) nuryshkan kop anekdotlaryny bilyamikam diysem betlerini tapyp gelipsinow )) gözum yasharyp gitday sagja bol :D)))
-
magnit
13 years ago
- iki sany jora dushushyar:
-sen adamyñ name b.n meshgullanya?
-perewodçik !
-dim'demi ??? (dashary ishler minstr.)
- yok! Oyde
-kitap perewod edyämi?
-yok produkta ))
-
magnit
13 years ago
- oba mekdebinde inlis dili sapagy. Mugallym:
-iwanow inlisce "дверь" diymek name bor?
-Dwear
- What eto da!!
-
magnit
13 years ago
- 8-nji mart guni professoryn öyune jañ gelyär:
-yoldash professor, 8-nji mart bayramynyz b.n !!!
Prof. Gaharlanyp:
-beh! Yene name?! Men indi siz u.n ayal adam boldummy?!
Trubkada ses eshidilyär:
-siz ayalmy erkekmi bilemmok weli sizin suka'dygyñyza bilyan ))
-
Yegen
13 years ago
- -siz ayalmy erkekmi bilemmok weli sizin suka'dygyñyza bilyan ))
magnit | 2011-06-29 13:50:58
Wuhahahahaha:-):-):-)
-
Mergen0492
13 years ago
- Sagja bol yegen okap gulmage gowy tema
-
Kato
13 years ago
- hahaha bet
-
littil
13 years ago
- hemmäňize salam. men gowy temadan galypdyryna.
bir adam kafe baryp: "afitsand sowuk çaý bamy" diýýä.
afitsand: " ýok bizde diňe gyzgyn çaý bar" diýýä.
ýene bir salym oturup: "afitsand sizde sowuk çaý bamy" diýýä.
afitsand "ýok, bizde diňe gyzgyn çaý bar" diýýä.
ýene bir salymdan: "afitsand sizde gyzgyň çaý bamy" diýýä.
afitsand ýadap "howwa bar" diýýä.
ol adam: "onda maňa gyzdyryp getiräý" diýýä.
-
Myahri6a
13 years ago
- Roddomda bir blondinkada ekiz chaga bolyar. A ol bolsa aglap otyr. Medsestra ondan: "wi siz name ucin aglayanyz?" diyende, "men yolda6ym 2nji caga kimden diyip sorasa name diyeyin..." diyip jogap beripdir!
-
Tourist
13 years ago
- O pahyryñ güni kyn ekenaý
-
aynash
13 years ago
- hehehe betje degishmeler.yegen sag bolung temangyz un!!!:-):-):-)
-
magnit
13 years ago
- mugallym 2nji klas okuwchylara:
-hany chagalar siz men namami gowy
goryaniz? onson men sizin geljekde kim boljagnyzy aydyp bereyin?
-men sizin sachynyzy gowy goryan
-sen ulalanda stilist parikhmaher bolarsyn
-men sizin koyneginizi halayan
-sen bolsa modelyer bolarsyn
-mana sizin dishiniz yaraya
-a sen bolsa stomatolog bolarsyn. sen name oz pikirini aydanok annadurdy?
-ay men eyyam bildimlay kim boljagmy mollym. men ya sygyr fermada suyt sagyanchy yada ginekolog bolaryn
-
Abadan
13 years ago
- hahaha.... gulup hezil etdim.
-
ozik
13 years ago
- bir gun goyun b.n gechi meydanda baryaka goyun yapdan bokup gechya welin , gechi gulyamish , goyunyng göti achyldy diyip. Habary yok özuninki hemishe achyklygyndan :-) bu degishme real durmushda hem adamlan arasynda gabat gelyar ( göchme manydadyr ) :-)
-
Tourist
13 years ago
- Bir bar eken bir ýok eken bir negr günüñ a$agynda durup garaljak bolyan eken(gülmeli ýeri)
-
magnit
13 years ago
- shu temadakyanekdotlara göz aýla))
-
Tourist
13 years ago
- Hahhahhahahahaha gülüp-gülüp hezil etdimaý... Gowja tema acylypdyr ekenaý
-
Myahri6a
13 years ago
- Ata kopek özüniñ çagyrylanyny e$itmändir. Ahyry $irgulyk baryp:
-Kaka, gygyrdym, gygyrdym hiç e$ideñok! Señ gulagyñam agyrrak öytyan?
-Yok oglum, gulagym-a agyr däldir! Asla agyr däldir. $umat çekip görsen on grammam çykmaz - diyipdir
-
ozik
13 years ago
- ha ha ha yegen ,mahri sag bolun, gulup hezil etdimay.:-)
-
Yegen
13 years ago
- Hahahaha:-):-):-)
Sag boluña!
Dashary ýurtlaryñ birinde okaýan bir ýash student wagt geçirmek üçin, arassa howada dynç alyp oturan bir ýashuludan hajathanany soraýar:
-Ýashuly! Hajathana barmy, nirede?!
-Hol çaýhanany görýäñmi?
-Hawwa!
-Shol çaýhananyñ eýesi häzir dashary ýurtda ýashayar, çaýhanasyny gaty gymmada satyp gitdi... Sen shondan saga sowularsyñ, biraz ýöreseñ bazar bardyr...
-Onsoñ ýashuly?!
-Bazar juda uly däldir, bazarkom gowy seretmeyar, ol husyt adam... Shol bazaryñ arka tarapynda salon bardyr...
-Onsoñ, onsoñ ýashuly???
Shol salonda-da meñ ýegenjigim ishleýär, gaty gowy hyzmat edýär halka. Adamlar ondan örän hoshal...
-Ýashuly hajathana...???
-Hawwa, shol salonyñ gapdalynda trotuar bardyr, shondan göni ýöräberseñ öñüñden bir kafe çykar...
-Ýashuly, indi balak tikilyan ýerini salgy bersene!?
-
littil
13 years ago
- ha ha ha meniň enem ýaly gürlegen ýaşuly eken. meniňem enemiň ýanynda otursaň hemme zat barada gürrüň berýä.
-
magnit
13 years ago
- betinden :D
-
Shagen
9 years ago
- Minnetdar:-D
Yegen 13 years ago- Gurban bilen Oguljan!
Gurban bilen Oguljan ikisi täze ýýl saçagynyñ bashynda iýip-içip otyr. Oguljan shunça näz-kereshme edýär welin, Gurbanyñ küýi köçesi bashga ýerde. Iki gözem telewizorda, kino seredýär.
Oguljan ahyrsoñy näz-kereshme bilen Gurbana ýüzlenýär:
-Gurban, aý Gurban!
-How!
- Waý, maña-da biraz üns beräý-ä. Seredäý-ä maña tarapam käwagt.
-Ine, synladym. Saña seredip, häzir kinon iñ gowy ýerlerini geçirýan. Boldumy indi.
-Synlan bolsañ, aýt-da, men owadanmy?
-Hymm.
(Gurban ýene telewizora bakyp, galan soraglaryna seretmän jogap berýär)
-Nememi, dakynan shaý-seplerimem gelshipmi?
-Gelshipdir, ýaman gowy gelshipdir.
-Saçymam boýadym-a.
-Olam añrybash saç bolupdyr.
-Täze köýnegim nähili?
-Perizat.
-Gözlerim barada-da a-azajyk aýdaý-da.
-Gözleriñem hüýr-melekleri ýada salýar.
-Dishlerim...?
-Dür...
-Boý-syratymam hindi kinolardaky gyzlaryñkyny ýatladýar gerek?
-Eddil özi.
Oguljan shondan soñ esli wagtlap gözlerini süzüp oturýar-da, öz ýanyndan hüñürdeýär.
-Wah, shular ýaly görk görmegim bilen shunuñ ýaly töññä nädip bardymkam diýsene...