onjuk musa yazylan yansylama Adama meňzeýäň, Geýinýäň eşik. Emma seň ynsabyň Eleme-deşik! Häkimi öwýärsiň, Bileňok çakyn. Mugt däl. Iýmek üçin Il-günüň hakyn. Sende ar-namys ýok, Guwanýaň ada. Janyň hökümdara Berdiň öň wada. Ezraýyl gapyda Tüýdük çalanda, Onjuk, sen nirdediň Ajal gelende?! Serdar öldi, a sen Ýaşap irmediň! Nämüçin oň bilen Gabra girmediň? Haçana çen beýdip, Ölüm toýlajak? Sen ýene näçeräk Serdar jaýlajak?.. Mende bir teklip bar, Il-halk oňlasa, Ýaşuly, ýaşkiçi Sözüm diňlese… Onjugyň haky ýok Beýdip ýörmäge – Serdaryndan galyp, Döwran sürmäge! Goý, indi ol bu gün Özünden görsün: Hindi zenany dek Sözünde dursun. Hindide är ölse, Serdar mysaly: Bir nöker ýakylýar, Birem – aýaly… Ýöne biz rehimli, Däbe bendi däl: Onjugam hindi däl, Bizem hindi däl! Onjuk Musaýeve ”Sagbol” aýdalyň. Biz ony Gypjakda Goýup gaýdalyň!

Köneler, Khalipa tarapyndan 13 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir