Ata Watan
Türkmenistanyň futbol ýygyndysy ýoldaşlyk duşuşygynda «Ajman» toparyndan asgyn geldi
Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy 18-nji oktýabrda Dubaýdaky okuw-türgenleşik ýygnanyşygynda meýilleşdiren üçünji ýoldaşlyk duşuşygyny hem geçirdi.
Mergen Orazowyň şägirtleriniň bu duşuşykdaky garşydaşy Birleşen Arap Emirlikleriniň «Ajman» futbol topary boldy. Duşuşyk ýer eýeleriniň 2:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy....
Britan pişigi güýçli myrlamak boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
Britaniýada pişik güýçli ses bilen myrlamak boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi, onuň sesi häzirki öý haýwanlarynyň arasynda iň güýçli diýlip yglan edildi diýip, kitabyň saýtynda habar berildi. Bu barada «m24.ru» saýty habar berdi.
14 ýaşly Bella atly pişik ýurduň Kembrijşir graflygynyň Hantingtdon diýen ýerinde ýaşaýar, onuň m...
Türkmen wekiliýeti Moskwada adam hukuklary boýunça halkara maslahata gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «Adam hukuklaryny goramakdaky meseleler: ombudsmenleriň (adalatçylaryň) iň oňat tejribelerini paýlaşmak» atly VII halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy. Bu barada TASS habar berdi.
Halkara ylmy-amaly maslahat Russiýa Federasiýasynyň Adam hukuklary boýunça doly ygtyýarly we...
Türkmen wekiliýeti Moskwada adam hukuklary boýunça halkara maslahata gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen «Adam hukuklaryny goramakdaky meseleler: ombudsmenleriň (adalatçylaryň) iň oňat tejribelerini paýlaşmak» atly VII halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşdy. Bu barada TASS habar berdi.
Halkara ylmy-amaly maslahat Russiýa Federasiýasynyň Adam hukuklary boýunça doly ygtyýarly we...
Moskwada Çingiz hanyň pullarynyň iň uly toplumy görkeziler
Moskwanyň Halkara numizmatika klubynda «Beýik Gündogar» atly sergi açylar, onda seýrek kolleksiýalarda saklanýan gadymy şaýy pullar görkeziler diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
«Şaýylyklar döwlet syýasatyny alamatlandyrýar, taryhy çeşme bolup hyzmat edýär we sungat eseri bolup durýar. Men kolleksiýamyň Gündogara degişli bölegini uzak ýyllar...
Pakistanyň rupiýasy dünýä pullarynyň reýtinginde öňdeligi eýeledi
Pakistanyň milli puly rupiýa hümmetsizlenmäni ýeňmegi başaryp, 2023-nji ýylyň sentýabrynda hümmetlenme depgini boýunça dünýä pullarynyň arasynda öňdäki orna çykdy diýip, CNBC teleýaýlymyna salgylanýan «Gazeta.ru» ýazýar.
Sentýabryň başynda rupiýa bir dollar üçin 307 derejede pese gaçdy, ondan bäri pul 8 göterim kuwwatlanyp, bir dolla...
Türkmenistan Abu-Dabide geçirilen Bütindünýä maýa goýum forumyna gatnaşýar
16 — 20-nji oktýabr aralygynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde Bütindünýä maýa goýum forumy we halkara sergisi geçirilýär. Foruma gatnaşyjy ýurtlaryň maýa goýum mümkinçiliklerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen geçirilýän bu giň möçberli çärede Türkmenistan maýa goýum mümkinçilikleri baradaky pawilýony bilen çykyş edýär. Bu barada Tür...
Tatarystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi
Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy geçirildi. Onda iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlary çykyş etdiler. Bu barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly,...
Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaýa iş saparyny tamamlap, Aşgabada gaýdyp geldi
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary tamamlandy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
Ozal biz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pekine iş saparynyň jemleýji gününde Hytaýyň Ha...
Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin bilen duşuşygyndaky çykyşy
Hormatly Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy jenap Si Szinpin!
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklar iki müň ýyldan gowrak wagtdan bäri dowam edip gelýär. Beýik Ýüpek ýoly iki ýurdy we olaryň halklaryny ysnyşykly baglanyşdyrypdyr.
Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäginden Ýewropa tarap geçen Beýik Ýüpek...
Bilermenler iň meşhur el telefonlaryny saýladylar
Koreýanyň «Samsung» kompaniýasynyň önümleri smartfonlaryň bazarynda öňdeligi eýeledi, bu barada «Counterpoint Research» halkara seljeriş kompaniýasynyň täze hasabatynda habar berildi diýip, «1prime.ru» saýty ýazýar.
Netijede, koreýa kompaniýasynyň üçünji çärýekde dünýä bazaryndaky paýy 20 göterime ýetdi. «Apple» 16 göterim paý bilen...
«Gyzyl kürte» filmi Duşenbede geçirilen film festiwalyna gatnaşdy
Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň ýaş kinorežissýorlar topary 15-nji oktýabrdan 19-njy oktýabr aralygynda Duşenbe şäherinde geçirilen ilkinji «Toji Somon» film festiwalyna gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Festiwala gatnaşmak üçin Ýewropadan, Aziýadan we GDA ýurtlaryndan gelen filmler iki bäsleş...
«Türkmenpoçta» Türkmenabatdaky şahamçasynyň üsti bilen ýükleri ibermek hyzmatyndan peýdalanmagy teklip edýär
«Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasy Lebap welaýatynyň ýaşaýjylaryna Türkmenabat şäherindäki demir ýol menziliniň çäginde hususy ýük bölüminiň bardygyny habar berýär.
«Türkmenpoçtanyň» Türkmenabatdaky ýük bölümi Türkmenistanyň çägindäki ähli demir ýol ugurlaryna dürli ululykdaky we agramdaky ýükleri hem-de ýollamlary iberýär....
Mekdep okuwçylarynyň arasynda howanyň üýtgemegi temasynda surat çekmek boýunça bäsleşik yglan edildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty ýurduň mekdep okuwçylarynyň arasynda daşky gurşawyň üýtgemegi bilen bagly temada «Tebigat gözelligi — 2030» atly surat çekmek bäsleşigini yglan edýär.
Mekdep okuwçylary özleriniň A4/A3 formatly kagyz ýüzüne çeken surat işlerini 1-nji noýabrda çenli Aşgabat şähe...
Türkmenistan we Hytaý gümrük amallarynda hyzmatdaşlyk etmek barada ylalaşdylar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Baş gümrük edarasynyň arasynda Ygtyýarly ykdysady operatorlaryň maksatnamasynyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak boýunça özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Bu barada gullugyň resmi saýtynda habar berildi.
Bu resminama Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkm...
Müsür Sues kanaly boýunça gatnawyň töleglerini ýokarlandyrýar
Müsür 2024-nji ýylyň ýanwaryndan başlap, Sues kanaly boýunça ähli gämi gatnawlary üçin nyrhlary 15 göterim artdyrýar diýip, «Eadaily.com.ru» ýazýar.
Kanaly dolandyryjy Usama Rabia munuň 2023-nji ýylda nebitguýujy tankerleriň bunkerlenmeginiň nyrhynyň 88 göterim, suwuklandyrylan gaz daşaýjy tankerler üçin 11 göterim artandygy bilen dü...
Russiýalylaryň haçan özüni garry duýup başlaýandyklary belli boldy
M.W.Lomonosow adyndaky Moskwanyň Döwlet uniwersitetiniň we Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Federal sosial ylmy-barlag merkeziniň alymlarynyň geçiren barlaglarynyň esasynda russsiýalylaryň haýsy ýaşdan özlerini garry duýup başlaýandyklary belli boldy diýip, «Gazeta.ru» ýazýar.
Alymlaryň 1,2 müň adamyň arasynda geçiren pikirsoraşmasy...
Dünýäde her ýyl howanyň hapalanmagyndan 7 million adam heläk bolýar
Her ýyl howanyň hapalanmagy sebäpli döreýän dürli kesellerden dünýäde 7 million adam pida bolýar diýip, «Habar 24» ýazýar.
BMG-niň maglumatlaryna görä, bu san barha artýar. Ýagdaýa howanyň üýtgemegi we senagat işi täsir edýär.
Howanyň düzümindäki zyýanly bölejikler 4 milliarddan gowrak adama täsir edýär.
...
«Titanik» 4K Ultra HD çözgüdinde çykarylar
Režissýor Jeýms Kemeronyň 1997-nji ýylyň dekabrynda ekranlara çykan «Titanik» atly meşhur filmi geçen ýyl 25 ýyllygyny belledi, emma bu sene bilen bagly çäreler dowam edýär.
Filmiň ahyrsoňy 4K Ultra HD/Digital Blu-ray ölçeginde çykjakdygy belli boldy, ol iri sanly meýdançalarda elýeterli bolar. Filmiň premýerasy 2023-nji ýylyň 5-nji...
Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň ýaşlarynyň milli konferensiýasyna (LCOY 2023) hasaba alnyş başlandy
Birleşen Milletler Guramasy ýaş türkmenistanlylary Howanyň üýtgemegi boýunça Türkmenistanyň ýaşlarynyň milli konferensiýasyna (LCOY 2023) gatnaşmaga çagyrýar.
LCOY 2023 konferensiýasynyň maksady, ýaşlaryň howanyň üýtgemegine garşy göreşde ähmiýetini görkezmek, daşky gurşaw meselelerini milli we dünýä derejesinde çözmek, Türkmenistany...
Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi bolar
2023-nji ýylyň 6 — 8-nji dekabry aralygynda Aşgabat şäherinde Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler. Ýakynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdow Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral bilen duşuşyp, serginiň guramaçylyk işleri barada maslahatlaşd...
Türki döwletleriň muzeýler birleşigine Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory ýolbaşçy edilip bellenildi
Türki döwletleriň medeni paýtagtynyň Änew şäheri bolýandygyny göz öňünde tutup, Türki döwletleriň muzeýler birleşigine 2024-nji ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory Meretgeldi Çaryýewi ýolbaşçy edilip bellenildi. Bu Baku şäherinde ýerleşýän Azerbaýjanyň Milli haly muzeýinde «Haly — Türki dünýäsiniň simwoly»...
«Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň gün tertibi boýunça pikir alşyldy
20-nji oktýabrda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew wideoaragatnaşyk arkaly «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşýan ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygyna gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda Aşgabatda şu ýylyň 1-nji noýabrynda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Koreýa R...
Halajyň nah-ýüplük egriji fabrigi 15 million 486 müň manatlyk önümi eksport etdi
Halajyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky nah-ýüplük egriji fabriginde şu ýylyň başyndan bäri 15 million 486 müň manatlyk önüm Russiýa, Özbegistan, Türkiýe ýaly ýurtlara eksporta ýollanyldy.
Şeýle hem bu ýerde ýylyň başyndan bäri 3568 tonna golaý nah ýüplük öndürildi. Jeyhun.news-iň berýän habaryna görä, munuň özi pul hasabynda 48 millio...
Sankt-Peterburgda Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyşy boldy
Sankt-Peterburgda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus dilinde neşir edilen «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň tanyşdyrylyşy boldy. Bu barada Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçihanasy habar berdi.
Duşuşyga şäher häkimliginiň wekilleri, Sankt-Peterburg we Lening...