Nobel komiteti 2024-nji ýylda fizika boýunça baýragyň eýesini yglan etdi. Laureatlar amerikaly alym Jon Hopfild we britaniýa-kanadaly alym Jeffri Hinton boldy. Baýrak “emeli neýron ulgamlarynyň kömegi bilen maşyn biliminiň esasy bolan düýpli açyşlar we oýlap tapyşlar” üçin berildi. Laureatlaryň ikisi-de statistiki fizika bilen meşgullandy. Bellenilişi ýaly, olaryň işi ahyrky netijede maşyn bilimi ugrunda we emeli aňyň beýleki ugurlarynda giňden ulanylýan döwrebap neýroulgamlaryň döremegine getirdi. 2024-nji ýylda Nobel baýragynyň möçberi 11 mln şwed kronyna deň – häzirki hümmet boýunça 1,06 mln dollardan geçýär. Geçen ýyl fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri Pýer Agostini, Ferens Krauz we Ann L’Ýuilýe boldy, olar adamzada “atomlaryň we molekulalaryň içindäki elektronlaryň dünýäsini öwrenmek üçin” täze gurallary berendikleri üçin sylaglandy. 2024-nji ýylda Nobel hepdeligi 7-nji oktýabrda başlady. Şol gün lukmançylyk boýunça baýragyň eýeleri yglan edildi. Olar amerikalylar Wiktor Ambros we Geri Rawkan boldy. Alymlara baýrak mikroRNK-ny açandyklary we onuň genetikadaky roluny kesgitländikleri üçin berildi. 9-njy oktýabrda himiýa boýunça baýragyň laureatlary yglan ediler. 10-njy oktýabrda edebiýat boýunça baýragyň eýesi atlandyrylar, 11-nji oktýabrda Osloda parahatçylyk baýragynyň laureaty kesgitlener, 14-nji oktýabrda bolsa şu ýyl Alfred Nobeliň hatyrasyna ykdysadyýet boýunça baýragy kimiň aljakdygy belli bolar (ony 1968-nji ýylda Şwesiýanyň Banky esaslandyrdy).

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir