Bişkek şäherinde (Gyrgyzystan) «Gündogar poeziýasynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde Magtymgulynyň gyrgyz dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär. Maslahatda Türkmenistanyň Gyrgyzystandaky ilçisi N.Gölliýew çykyş edip, döredijilik mirasy dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen Magtymguly Pyragynyň edebiýatynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Çykyşlarda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň, onuň parahatçylygy, watansöýüjiligi, agzybirligi we dost-doganlygy ündeýän eserleriniň halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berkidilmegine ýardam edýändigi aýratyn nygtaldy. Çärä Gyrgyzystanyň medeniýet, maglumat, sport we ýaşlar syýasaty, bilim we ylym ministrleriniň orunbasarlary, Bişkek şäheriniň esasy ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, döredijilik intellegensiýasy we KHBS-niň wekilleri gatnaşdylar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir