Sişenbe güni, 8-nji oktýabrda Moskwada Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew, Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýan, Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdy. Sammit jemleli boýunça birnäçe resminamalara gol çekildi. Şol resminamalaryň hatarynda: 2025-nji ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Täjigistan Respublikasy başlyklyk eder. Şol döwürde Russiýa Federasiýasy we Türkmenistan bilelikde başlyklyk edijiniň borçlaryny ýerine ýetirer. 2025-nji ýylda Laçyn şäheri (Azerbaýjan), 2026-njy ýylda Megri şäheri (Ermenistan), 2027-nji ýylda bolsa Molodeçno şäheri (Belarus) Arkalaşygyň medeni paýtagty diýlip yglan edildi. 2027-nji ýyl GDA-da Hukuk aň-ýetirişiň ýyly diýlip yglan edildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir