Gurluşyk işleri tamamlanandan soň beýikligi 1 kilometr boljak Jeddah Tower diňiniň gurluşygy ýediýyllyk arakesmeden soň gaýtadan dikeldildi diýip, noi.md ýazýar. Taslamanyň durmuşa geçirilmegi 2018-nji ýylda togtadylypdy. Jeddah Power häzirki wagtda dünýäde iň beýik bina bolan Dubaýdaky Burj Halifa diňinden 150 metr beýik bolar. Diň Saud Arabystanynyň ikinji uly şäheri bolan Jiddada gurulýar. Onuň taslamasyny Çikagonyň Adrian Smith + Gordon Gill Architecture kompaniýasy taýýarlaýar. 1,2 mlrd dollarlyk taslama kaşaň oteller, ofisler, gysga möhletli kärende jaýlary we kondominiumlar toplumyny öz içine alar. Binada 652 metr belentlikde dünýäde iň beýik syn ediş meýdançasy ýerleşer. Binada ösen lift ulgamy işlär – 59 sany lift myhmanlary sagatda 40 km çenli tizlik bilen gatnadar. Bina Gyzyl deňziň kenaryndaky 20 mlrd dollarlyk uly ykdysady taslamanyň bir bölegi bolar. Gurluşygy geljek dört-bäş ýylda tamamlamak meýilleşdirilýär.