Apple iOS 19 üçin täze funksiýanyň - "myhman režimini" döretmegiň üstünde işleýär, bu iPhone-nyň eýelerine smartfonyny başga birine ulanmaga berenlerinde şahsy maglumatlaryny goramaga mümkinçilik berer. TechRadar-yň berýän maglumatlaryna görä, kompaniýa smartfonda eýesiniň şahsy maglumatlary elýeter bolmajak aýratyn ýer döretmegiň mümkinçiligini beýan edýän patenti bellige aldyrdy. Ulanyjy myhmanlara haýsy maglumatlaryny görkezip biljekdigini özbaşdak kesgitläp biler. Bu funksiýa çagalara oýun oýnamak üçin smartfon berlende ýa-da jaň etmek, surata düşürmek üçin başga birine bermeli bolanda ýerine düşüp biler. Üçünji tarapyň smartfona girmegi ikinji parol ýa-da myhman režimini ýörite işjeňleşdirmek bilen ygtyýarnama arkaly mümkin bolar. Mundan başga-da, iPhone-yň eýesi iPad ýa-da Mac ýaly beýleki enjamlardan myhman režiminiň sazlamalaryny dolandyryp biler. Aýratyn ulanyjy akkauntlaryny döretmek üçin macOS-da eýýäm şuňa meňzeş funksiýa bar. Bu täzelik iOS 18-e goşulmaz, çünki bu wersiýa degişli ähli täzelenmeler 2024-nji ýylyň tomsunda hödürlenipdi. Bu funksiýa, ähtimal, iOS 19-da peýda bolar, ýöne Apple-iň ony soňa goýmagy ýa-da ideýadan düýbünden ýüz öwürmegi-de mümkin.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir