Botanikaçylar dünýädäki “garaňky zolaklar” diýilýän 33 sebitde 100 000-den gowrak öwrenilmedik ösümlik görnüşini ýüze çykardylar. New Phytologist žurnalynda çap edilen barlagyň netijesine görä, bu görnüşleriň ep-esli bölegine ýok bolmak howpy abanýan bolmagy mümkin diýip, The Guardian gazeti habar berýär. Barlag Beýik Britaniýadaky Korolyň Botanika bagy tarapyndan geçirildi. Alymlar ýazyp beýan edilmedik ösümlikleriň dörtden üç böleginiň öwrenilmänkä ýitip biljekdigini duýdurýarlar. Şol bir wagtda olar täze dermanlary, ýangyç çeşmelerini we beýleki innowasiýalary ösdürmek mümkinçiligine eýe bolup bilerler. Korolyň botanika bagynyň ylmy bölüminiň müdiri, professor Aleksandr Antonelli ösümlikleriň tapylmagyny we häsiýetlendirilmegini çaltlaşdyrmagyň tebigaty goramak boýunça netijeli çäreleri meýilnamalaşdyrmak üçin zerurdygyny aýtdy. Onuň sözlerine görä, takyk maglumat bolmasa biodürlüligi gorap saklamak üçin haýsy sebitleriň goralmalydygyny kesgitlemek kyn. Beýan edilmedik görnüşleriň köpüsi Aziýada, esasanam Sumatra adasy, gündogar Gimalaý daglary we Wýetnam ýaly sebitlerde ýerleşýär. Afrikada Madagaskarda we Kap welaýatynda, Günorta Amerikada bolsa Kolumbiýada, Peruda we Braziliýanyň günorta-gündogarynda bellendi.