NASA missiýasyny birnäçe ýyla uzaltjak “Woýajer 2” zondunyň ylmy enjamlaryndan birini öçürdi. Ondaky Plazma Science (PLS) tejribesine girýän datçik zond ýyldyzlararasy giňişlige çykanyndan soň, peýdasyz bolup galdy. Tygşytlanan elektrik energiýasy “Woýajer 2-ä” hatda 2030-njy ýyllaryň başynda hem ylmy maglumatlary ýygnamagy dowam etmäge kömek eder. 2024-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda NASA topary Ýerden “Woýajer 2-ä” elektrik energiýanyň sarp edilişini tygşytlamak barada buýruk iberdi. Häzirki wagtda zond Ýerden 20,5 milliard kilometr uzaklykda ýerleşýär. “Woýajer 1” ondan, takmynan, 5 milliard km öňde barýar. Şeýle-de bolsa, “Woýajer 1” zondy has gymmatly enjam hasaplanylýandygy sebäpli, NASA energiýä durnuklaşdyryş amallaryny geçirmek üçin töwekgelçilik etmedi. Bu ýyl zondlaryň ikisi hem 47 ýaşaýar. Indi olaryň 50 ýaşa ýetmek, hatda indiki ýubileýini hem görmäge mümkinçiligi bar.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 2 months ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir