Dünýädäki iň köp köprüli şäher haýsyka?

Orsýediň Sankt-Peterburg şäheri iň köp köprüli şäher hasaplanýar.Bu şäherde 539 sany köpri bar.Köprüleriň sany boýunça Sankt-Peterburg Wenesiýa,Stokgolm,Amsterdam ýaly dünýäniň iri şäherlerinden kän öňdedir.

Dowamy »

934 0
Sorag-jogap, 4 years ago


Iň agyr mör-möjek haýsyka?

Mör-möjekleriň arasynda iň agyry afrikan goliaf tomzagydyr.Onuň agramy 100 grama barabardyr.

Dowamy »

969 0
Sorag-jogap, 4 years ago


Böwürsleniň dermanlyk häsiýeti

Böwürslen bägüller maşgalasyna degişli gyrymsy agaç.Onuň miwesiniň glýukoza,fruktoza ýaly gantlary ,alma kislotasy,aşgarly we hoşroý maddalar,witaminler,flawonlar,kaliý,magniý,marganes duzlary bolýar.
Böwürsleniň dermanlyk häsiýeti ir wagtlardan bäri bellidir.Grek tebibi Dioskorid onuň ýapragyny gaýnadyp,iriňlän ýara ýapypdyr,demrewe,süýjiba...

Dowamy »

932 0
Bilim, 4 years ago


Haýwanat dünýäsindäki täsinlikler (7)

Pil holtumy bilen iýmitlenýär.
* * *
Galiaf atly tomzak mör-möjekleriň arasynda iň agyry hasaplanýar.Ol ,esasan-da,Afrikada duş gelýär.Onuň agramy 100 gram töweregidir.
* * *
Çarlaklar aýaklary bilen diňleýärler.Injiginde ýerleşýän agymtyl tegmiljik olaryň gulaklarydyr.
* * *
Gök kitiň ýüregi bir m...

Dowamy »

931 0
Bilim, 4 years ago


Haýwanat dünýäsindäki täsinlikler (6)

Ýer togalagynda garynjalar beýleki jandarlardan has köpdür.
* * *
Käkilikler topar bolup ýaşamagy gowy görýärler.
* * *
Arylarda 9000 sany çylşyrymly göz bölejigi bardyr.Her göz bölejigi jisimiň bir parçasyny görýär.
* * *
Itler we balyklar örän duýgur jandarlar hasaplanýar.Olar hatda ýeriň titirej...

Dowamy »

919 0
Bilim, 4 years ago


Peýdaly maslahatlar (2)

Kyrkbogun gaýnadylan suwdan 3 wagtyna 1 stakandan içmeli.Bejerişi 40 gün dowam etmeli.Bu em bedeni arassalaýar.Organizimdäki sowuklamany aýyrýar.Derini tämizleýär.
* * *
2 nahar çemçe tüwüni üç gezek ýagsyz,duzsuz gaýnadyp (her gaýnadaňda suwuny täzelemeli) ajöze iýmeli.Soňundan 4 sagatlap hiç zat iýip-içmeli däl.Bu em dürli içki k...

Dowamy »

1232 1
Bilim, 4 years ago


Gündogaryň tebipçilik tärleri

Aşgazanyň sagdynlygy üçin iýmitiň gyzgynlygyna ýa-da sowuklygyna,gurak ýa-da suwuklygyna esewançylyk möhüm.Nahar iýilýärkä arasynda suw içmeli däl.Yssyda ýa-da sowukda daşarynyň howasyna laýyklykda naharlanmaly.Ony işdäň açylanda iýmeli.Aşa köp iýip,aşgazana agram salmazlyk üçin beter doýmankaň,saçagyň başyndan turmaly.
Beýnini aýamakda ýa...

Dowamy »

878 0
Bilim, 4 years ago


Muny bilmek gyzykly (5)

Günüň Ýer togalagyndan uzaklegy 149,6 millon kilometre deňdir.
* * *
Çaý dünýede iň giň ýaýeran içgidir. Çaýy adamzadyň üçden iki bölegi içýär.
* * *
Gadymy Hytaý diwarynyň gurluşygynda 1 million 800 müň adam işläpdir.
* * *
Garagum çölüniň çägeleriniň düzümindäki dürli mineral bölejikleri mikro...

Dowamy »

1060 0
Bilim, 4 years ago


Ýol hereketiniň düzgünleri haçan döräpdir?

"Baky şäher" adyny alan gadymy Rimde şäheriň darajyk köçelerinde dürli görnüşdäki ulaglardan ýaňa ýöräre ýer bolmansoň, meşhur serkerde we döwlet işgäri Gaý Ýuliý Sezar ýol hereketini sazlamak boýunça alada edip başlaýar we ýol hereketiniň gadymy Rim düzgünlerini ulanylyşa girizýär.Olaryň birnäçesi biziň zamanymyzda hem ulanylýar.Mysal üçin, garşyl...

Dowamy »

898 0
Sorag-jogap, 4 years ago


Dünýädäki iň belent şaglawuk haýsy ýurtdaka?

Dünýädäki iň belent şaglawuk Anhel şaglawugydyr.Ol Wenesuelada ýerleşýär.Şaglawugy Anhel atly uçarman açypdyr.Şonuň üçin şaglawuk Anheliň adyny göterýär.Anhel şaglawugynyň umumy beýikligi 979 metr,suwuň ine-gana şaglap gaýdýan beýikligi bolsa 807 metr.

Dowamy »

830 0
Sorag-jogap, 4 years ago


Gimalaý dagy

Gimalaý dagy Aziýa yklymynda ýerleşýär.Ol dünýäniň iň beýik dagy hasaplanýar.Gimalaý dagynyň iň beýik depesi Ewerest diýlip atlandyrylýar.Onuň beýikligi 8848 metr.Gimalaý sözi türkmen dilinde "Garyň öýi" diýen manyny berýär.
Daglaryň ösýäni we peselýäni bolýar.Gimalaý dagy ösýän daglara degişli.Daglar näçe ösdügiçe,depesi şonça-da sowuk bolý...

Dowamy »

905 0
Bilim, 4 years ago


Ilkinji kompýuter oýny haçan oýlanyp tapyldyka?

Ilkinji kompýuter oýny 1974-nji ýylda oýlanyp tapylypdyr.Elbetde,ilkinji kompýuter oýny häzirkiler ýaly uruşly,atyşykly,maşyn ýaryşly bolmandyr.Ol dikilgi duran taýajygy top bilen urup ýykmakdan ybarat bolupdyr.

Dowamy »

808 0
Sorag-jogap, 4 years ago


Giňdir dünýä-geňdir dünýä (1)

Alýaskada höwürtgeleýän Risanka atly guş Ýuwaş ummanynyň üstünden gonman 3200 kilometr aralygy geçip bilýär.
* * *
Afrika düýeguşunyň penjesiniň zarby at toýnagynyň güýjünden has elhençdir.Ýöne weli,düýeguş saňa hüjüm edeninde,taýagyň başyna telpegiňi gysdyr-da galdyraý , ol zut gaçmak bilen bolar.Sebäbi düýeguş diňe özünden boýy...

Dowamy »

945 0
Bilim, 4 years ago


Haýwanat dünýäsindäki täsinlikler (5)

Piller segsen ýaşdan ýüz ýaşa çenli ýaşaýarlar.Olar ýedi ýaşyna ýetende guzlaýar.Ýabany piller has hem köp ýaşaýarlar.
* * *
Ýolbarslar duşmançylygy üçin ynsana hüjüm etmeýärler.Olar aç bolanlarynda iýmit üçin ynsana topulýarlar.Eger ýolbars dok bolsa,ýanyndan geçseň hem topulmaýar.
* * *
Bars iň köp uklaýan haýwan...

Dowamy »

927 0
Bilim, 4 years ago


Müň bir derdiň dermany

Balyň her damjasyda ynsan bedeni üçin iňňän zerur-jana derman jisimleriň ýetmişden gowragy bar.
* * *
Medisinanyň atasy saýylýan Gippokrat:"Özümiň bir ýüz on bir ýaşamagymyň esasy sebäbi,tutuş ömrüme bal iýendigim üçin"-diýip,muny has aýdyň düşündirýär.
* * *
Ibn Sina keselleriň köpüsini bejermekde ary baly bilen m...

Dowamy »

1043 0
Bilim, 4 years ago


Täze ýyl we däp-dessurlar

PolşadaTäze ýyl saçagy üçin 12 dürli tagam taýýarlaýarlar,olaryň ýekejesi etli tagam bolmaly.Ol hem balykdan taýýarlanylýar.Bu tagam bagtlylygyň hem-de abadançylygyň nyşany hasaplanýan zagara balygyndan taýýarlanylýar.Mundan başga-da kömelek ýa-da kelem çorbasy,garaly kişdesi atylan arpa şülesi,süýjülik üçin bolsa şokolad torty baýramçylyk saçagyny...

Dowamy »

781 0
Bilim, 4 years ago


Gündogarda Täze ýyl baýramçylygy

Gündogaryň käbir ýurtlarynda täze ýyl baýramçylygy aý kalendarynyň hasaby boýunça bellenilýär.Bu diýildigi Täze ýyl 31-nji dekabrda däl-de,ýanwar aýynyň aýaklarynda ýa-da fewralyň ilkinji günlerinde bellenilýär diýildigidir.Hytaýlarda,Wýetnamlarda,Ýaponlarda we Koreýlerde Täze ýyl baýramçylygy aý kalendary boýunça ilkinji aýyň täze Aýynyň dogmagy b...

Dowamy »

783 2
Bilim, 4 years ago


"Titanik"gämisi

"Titanik"gämisi geçen asyryň iň äpet gämisidi.Ony "White Star"kompaniýasynyň dolandyryjylary Brýus Ismeý we Jeýms Pirri gurmagy maksat edinýärler.
Şeýlelikde,1909-njy ýylyň mart aýynda bu kaşaň we ýokary tizlikli gäminiň gurluşygyna girişilýär hem-de gysga wagtyň içinde gurulýar.
1911-nji ýylda "Titanigiň"suwa göýberiliş dabarasy bolu...

Dowamy »

1173 1
Tehnologiýa, 4 years ago


Muny bilmek gyzykly (4)

Gyşyna agaçlar ösmeýärler.
* * *
Grafiki multiplikasiýanyň başyny başlaýjy fransiýaly suratçy Emil Kol hasaplanýar.1908-nji ýylyň 17-nji awgustynda Parižiň "Jimnaz"teatrynda ilkinji gezek onuň multfilmi görkezilýär.
* * *
Fransuz alymy Amper heniz on üç ýaşyndaka matematika boýunça özüniň ilkinji işini Lion akademi...

Dowamy »

989 2
Bilim, 4 years ago


Haýwanat dünýäsindäki täsinlikler (4)

Laçyndyr bürgüt 2 kilometrden-de belentlikden ýerde ýöräp barýan syçanjygy saýgarýar.
* * *
Žiraf düz meýdanda ýörände 2 kilometrlikdäki zady aýyl-saýyl saýgaryp bilýär.
* * *
Dünýäde öý itleriniň 400 görnüşi bar.
* * *
Günorta Afrikada 20 müňden gowrak pil ýaşaýar.
* * *
Dinozawr...

Dowamy »

849 0
Bilim, 4 years ago


Ilkini sagatlar

Durmuşda gündeki ulanýan enjamlarymyzyň biri-de sagatdyr.Daşyndan göräýmäge,sadaja bolup görünse-de,onuň işleýşi we döreýşi täsindir.
Günüň dogup ýaşmagy,ýüregiň urmagy,pasyllaryň çalyşmagy...bularyň arasynda näme umumylyk barka?Bu ýönekeý,olaryň döreýiş hereketi yzgiderli.Ýagny şol bir hereket belli bir wagtda gaýtalanyp durýandyr.Irki döwü...

Dowamy »

862 0
Bilim, 4 years ago


Teatr haçan döräpdir?

"Teatr"diýen söz grekçe "tomaşa" ýa-da "tomaşa edilýän ýer"manylaryny aňladýar.
Teatryň ilkinji alamatlarynyň gaty irki eýýamlardan gaýdandygy,elbetde,öz-özünden düşnüklidir.Taryhy maglumatlardan mälim bolşy ýaly,ilkidurmuş obşinasynyň adamlary awçylyk bilen örän meşgullanypdyrlar.Olar her hezek awa ugramazlarynyň öň ýanynda üýşüp,"jady oýnu...

Dowamy »

808 0
Sorag-jogap, 4 years ago


Dürli ýurtlarda Täze ýylyň garşylanylyşy

Daniýada hojalykçy aýal gijäniň ýarynda baýramçylyk saçagyna şeker garylyp gaýnadylan,düýbünde maňyz gizlenen bir jam tüwüni äberýär.
Maňyz kimiň bagtyndan çyksa,arçadaky bezegleriň iň gymmat bahalysy şoňa berilýär.
* * *
Belgiýanyň köp obalarynda Täze ýyl baýramy bilen gutlamaklygyň biziň günlerimize ýetip gelen üýtgeşik dä...

Dowamy »

852 2
Bilim, 4 years ago


Astronomiýa älemindäki täsinlikler

Aý bize örän uly,ýyldyzlar bolsa kiçi bolup görünýär.Aslynda ýyldyzlar örän uludyr,ýöne olar biçak uzakda bolandygy üçin bize kiçi ýaly görünýär.Diňe biziň galaktikamyzda 200 milliard töweregi ýyldyz bar.Olaryň Ýer şarymyza iň golaýda bolany bizden 4 ýagtylyk ýyl uzaklygyndadyr.Ýagny,Ýer bilen Aýyň arasyndaky uzaklykdan 100 million esse has uzak.

Dowamy »

975 2
Bilim, 4 years ago


Ilkinji poçta markalary haçan döredi?

Ilkinji poçta markalary 1840-njy ýylda Angilýada peýda bolýar.Emma olaryň arkasy ýelimsiz eken.Markalar sürgüç bilen bukja ýelmenipdir ýa-da iňňebagjyk bilen bukja berkidilipdir.Şondan bäş ýyl soň,Orsýetde ýüzi markaly bukjalar çykarylyp başlanypdyr.

Dowamy »

801 0
Sorag-jogap, 4 years ago