PolşadaTäze ýyl saçagy üçin 12 dürli tagam taýýarlaýarlar,olaryň ýekejesi etli tagam bolmaly.Ol hem balykdan taýýarlanylýar.Bu tagam bagtlylygyň hem-de abadançylygyň nyşany hasaplanýan zagara balygyndan taýýarlanylýar.Mundan başga-da kömelek ýa-da kelem çorbasy,garaly kişdesi atylan arpa şülesi,süýjülik üçin bolsa şokolad torty baýramçylyk saçagyny bezeýär.
Rumyniýada Täze ýyl gutabyny bişirýärler.Ol ýönekeý gutap bolman,onuň içinde adamlara garaşylmadyk sowgat bolýar.Olaryň içine teňňe salynýar,burç,hoz bölegi salynanlary-da bolýar.Içi teňňeli gutap kimiň paýyna düşse,oňa geljekde şowlulyklar garaşýar diýlip ynanylýar.
Ýaponiýada Täze ýyla geçilýän gijede adamlar şäherlerdäki hem-de obalardaky ybadathanalaryň jaňyny 108 urýarlar.Häzirki wagtda ol radiodyr telewizor arkaly halka hem görkezilýär.Ýaponlar Täze ýylda Günüň ilkinji şöhlesini görmek umydy bilen ir ýatyp,ir oýanýarlar.Baýramçylykda her bir maşgala dürli reňkli aždarha keşpli batbörek ýasap,ony asmana uçuryp göýberýärler.
Eýrandyr Owganystanda toý lybasyndaky adamlar Täze ýyly garşylap,köçä çykýarlar.Odun üýşürip uly ot ýakyp,onuň üstünden bökýärler.Oňat alamat hökmünde,şonuň bilen birlikde,olar,öňden gelýän däbe görä,toýundan ýasalan gap-gaçlaryny döwýär,ýyl çalşylýan gijesi,ýagny,sagat 24-de her bir adama elinde kümüş pul saklamak häsiýetlidir.
Hindistanda Täze ýyl güni hiç bir adam gaharjaň,igenjeň bolmaly däldir.Eger kimde-kim şeýle häsiýetlerden gaça dursa,Täze ýyl şowly,düşümli bolýar diýen yrym bar.
Italiýada Täze ýyl gijesi adamlar gerekmejek goşlaryny,gap-gaçlary we beýleki zatlary köçä taşlaýarlar.Şeýdilse,Täze ýyl oňat bolar diýip umyt edýärler.
Bolgariýada sagat 24-de öýüň ähli otaglarynyň çyralary ýakylyp,maşgala agzalary biri-birlerine ýagşy arzuwlar edýärler.Öý hojalykçy aýallar içi "syrly piroglar" taýýarlaýarlar.Pully piroga kim gabat gelse,ol Täze ýylda baý bolar diýlen yrym bar.Bägülli pirogy alan bagtly adam bolýar diýip yrym edýärler.
Çehiýada we Slowakiýada karp balygydyr ondan taýýarlanan iýmitler Täze ýyl saçagynyň esasy bezegi bolup durýar.Karp balygy her köçede diýen ýaly satylýar,birek-birege ol sowgat hem berilýär.
Angliýada Täze ýyl baýramy beýleki ýurtlardaky ýaly şowhunly bolmaýar.Hiç bir maşgala myhmançylyga ýörite çagyrylmaýar.Myhmançylyga tötänden barlan wagtynda bolsa sowgatsyz barylmaýar.Hiç bolmanda kömrüň kiçijik bölejigi eltilip,ony ýanyp duran peje atýarlar.Ýanyp duran kömür otjagazyna seredilip,arzuw-dilegler edilýär.
Orsýetde Täze ýyl Aýazbabasynyň,takmynan,iki müň ýyldan hem uzak ýaşandygy barada maglumatlar. bar.Şol maglumatlara salgylansaň,soňra ol Demirgazyk Ýewropahalklarynda peýda bolupdyr.Bu ýerleriň adamlary Täze ýyl gijesi öz öýlerinden daşaryk çörek,et böleklerini oklapdyrlar.Bu däp ýyl geçdigiçe,beýleki ýurtlara-da ýaýrapdyr.Soň Orsýetde Aýazbabanyň ýanyna Garpamyk hem goşulypdyr.
Mongoliýada Täze ýyl güni Aýazbabanyň deregine gadymy lybasdaky çopan çykyş edýär.Egninde uly possun,kellesinde tilki dersinden telpegi bolan çopan öküziň şahyna daňlan zynjyry wagtal-wagtal çekip göýberýär.
Wýetnamda Täze ýylda ýolkanyň deregine mandarin agajy ulanylyp,şol gün birek-birege şetdaly agajynyň püri sowgat hökmünde gowşurylýar.
Fransiýada Täze ýyl desterhanynda däp bolup galan hindi towugyndan taýýarlanan tagam bolmasa,ol baýramçylyk hem hasap edilmändir.
Awstriýada bolsa düýbünden başgaçadyr.Täze ýylyň baýramçylyk saçagynda gaz,ördek,towuk...ýaly guş etlerinden taýýarlanan tagam şol gün asla iýilmeýär.Bu ýurduň halkynda "Eger şol gije kim guş etini iýse,Täze ýylda bagt,rysgal,bereket bolmaýar" diýen yrym bar ekeni.