Gündogaryň käbir ýurtlarynda täze ýyl baýramçylygy aý kalendarynyň hasaby boýunça bellenilýär.Bu diýildigi Täze ýyl 31-nji dekabrda däl-de,ýanwar aýynyň aýaklarynda ýa-da fewralyň ilkinji günlerinde bellenilýär diýildigidir.Hytaýlarda,Wýetnamlarda,Ýaponlarda we Koreýlerde Täze ýyl baýramçylygy aý kalendary boýunça ilkinji aýyň täze Aýynyň dogmagy bilen bellenilýär.Bu bolsa baharyň gelendigini aňladýar.Şonuň üçin hem olaryň gül bazarlarynda Täze ýyl baýramçylygyna gabatlap,arçalara derek şetdaly agajynyň şahalaryny ýa-da nahallaryny satýarlar.Ol bolsa bahar paslynyň gelendigini aňladýar.
Täze ýyl baýramçylygyna taýýarlyk,hemme ýerlerde bolşy ýaly,bu ýerde-de birnäçe hepde öňünden başlanýar.Takmynan,iki hepde öňünden köp adamly meýdançalarda baýramçylyk bazarlary açylýar.Ol ýerden köpdürli oýnawaçlary,ýyldyzjyklary,dürli şekildäki çyralary,hamyrdan ýasalan oýnawaçlary satyn alyp bolýar.Dürli naşyja şekiljikleri aňladýan çyralaryň ortasynda ýörite şem ýakylýar.Adamlardyr haýwanlaryň palçykdan ýasalan şekiljikleri hem baýramçylyk bazarynyň bezegi bolýar.
Wýetnamda Täze ýyl baýramçylygyny,däp-dessura görä garşylamak üçin,hökmany suratda,baýramçylyk bazarlarynda satylýan dürli reňklerdäki we biçüwlerdäki baş gaby hem-de diri zagara balygyny satyn almaly.
Wýetnam halkynyň yrymyna görä,zagara balygynda öý ojagynyň ruhy ýerleşýär we ol asmana galyp,beýik Taňra geçen ýylyň dowamynda şu maşgalanyň ýaşaýşy,her bir maşgala agzasynyň eden işleri barasynda gürrüň berýärmişin.Ýörite bellenen günde öý ojagynyň ruhunyň şekiliniň öňi datly tagamlardyr ýakylan şemler bilen bezelýär.Ruhuň öňünde datly tagamlar ýöne ýerden goýulmaýar.Ruh olardan iýip,dodaklary bir-birine ýelmeşip,asmanda maşgala agzalarynyň eden işleri barasynda aşa köp gürlemezligi üçin şeýle edilýär.Görşüňiz ýaly,Täze ýyl baýramyny bellemekligiň özi-de üýtgeşik bir däp-dessurdyr.
Gündogarda başgaplara aýratyn bir hormat goýýarlar.Bu ýerde başgap hökmürowanlygyň nyşany saýylýar.Täze ýyl baýramçylygynda göze ýakymly reňkleri özünde jemleýän egin-eşikleri geýmeklik Gündogarda belli bir manyny aňladýar.Mysal üçin,baýramçylygyň öň ýanynda uly şäherlerde we kiçiräk obalarda paňkyldawaçlaryň sesleri ýaň berýär.Bu,baýramçylygy bozmaz ýaly,bet niýetli ruhlary kowmak üçin amala aşyrylýan däpleriň biridir.
Täze ýyl baýramçylygy birnäçe günläp dowam edýär.Baýramçylygyň ikinji güni iň ýakyn garyndaşlaryňka myhmançylyga barmaly.Üçünji güni bolsa hünär öwreden halypanyňkyda myhmançylykda bolmaly.
Täze ýylyň ilkinji günlerinde bu ýurtlarda ak reňkdäki egin-eşikleri geýmeli däl (Gündogarda ak reňk ýasyň reňki hasaplanýar),gynandyryjy wakalar hakynda gürlemeli däl hem-de zir-zibiliňi dökmäge çykmaly däl.

Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir