"Teatr"diýen söz grekçe "tomaşa" ýa-da "tomaşa edilýän ýer"manylaryny aňladýar.
Teatryň ilkinji alamatlarynyň gaty irki eýýamlardan gaýdandygy,elbetde,öz-özünden düşnüklidir.Taryhy maglumatlardan mälim bolşy ýaly,ilkidurmuş obşinasynyň adamlary awçylyk bilen örän meşgullanypdyrlar.Olar her hezek awa ugramazlarynyň öň ýanynda üýşüp,"jady oýnuny"oýnapdyrlar:dürli haýwanlaryň hereketlerini edipdirler,şolara öýkünip gygyrypdyrlar,"ýaraly halda"ýykylypdyrlar...Biziň zamanymyzda köp halklaryň arasynda dowam edýän dürli oýunlar hem özlerinde teatryň alamatlaryny jemleýärler.
Ýöne sözüň doly manysyndaky teatryň dörän ýeri gadymy Gresiýadyr.Ol ýerde ösümlikleriň baýramy örän şowhunly bellenipdir:adamlar üýşüp köçä çykypdyrlar,aýdym aýdypdyrlar,tans edipdirler.Wagtyň geçmegi bilen ,grekler bir depäni saýlap alyp,onuň öňündäki meýdançany tekizläpdirler,arassalapdyrlar.Aşakda we ýokarda mermerden hrm-de agaçdan oturgyçlary ýasapdyrlar.
Teatrda oturylmaly ýerleriň sany 30 müňe golaýlapdyr.Teatryň bu bölegini "amfiteatr"diýip atlandyrypdyrlar.Boş meýdançada artistler çykyş edip,olaryň aňyrsynda hor durupdyr.Şol meýdança "orhestra"("orkestr"sözi şondan gelip çykypdyr) diýilip atlandyrylypdyr.Orkestriň yzynda başga bir boş meýdança bolup,ol ýerde artistler egin-eşiklerini çalşyrypdyrlar.Şol meýdança "skene"("ssena"ýagny "sahna" sözi "skeneden"gaýdypdyr) diýipdirler.Wagtyň geçmegi bilen ,teatrda dekorasiýa peýda bolupdyr.Tomaşaçy beýan edilýän wakanyň nirede bolup geçýändigine düşüner ýaly,sahnada tokaýyň,daglaryň we beýleki zatlaryň şekillerini goýupdyrlar.
Biziň eýýamymyzdan öňki 5-nji asyra çenli Gresiýanyň teatrlarynda tragediýa we komediýa köp oýnalypdyr."Tragediýa"grekçe "geçileriň aýdymy " diýmegi aňladýar.Adamlar geçiniň keşbine girip,aýdym aýdypdyrlar we tans edipdirler.Tragediýada hereket edýänler rowaýatlaryň ,mifleriň gahrymanlary bolupdyrlar.Olar oýnuň soňunda hökman pajygaly ýagdaýda "aradan çykypdyrlar".Komediýa barada aýdylanda ,ol "ýerde ýaşaýan şadyýan adamlaryň aýdymy" diýen manyny beripdir.Komediýalarda hereket edýänler mifiki gahrymanlar däl-de,eýsem,şol zamanda ýaşaýan adamlar bolupdyrlar.Olarda ýalançylygy,gorkaklygy,gysgançlygy we beýleki ýaramaz hereketleri paş edýän gülküli oýunlary şowhunly garşylapdyrlar.Teatr eýýäm şol döwürde adamlary arassa ýaşamaga,birek-biregi hormatlamaga,watany söýmäge çagyrypdyr,ajaýyp terbiýeçiniň hyzmatyny bitiripdir.Ol biziň zamanamyzda hem dünýäniň çar künjeginde öz işini abraýly dowam etdirýär.
Amanmyrat Kiçigulow.
"Güneş"žurnaly.