Aşgazanyň sagdynlygy üçin iýmitiň gyzgynlygyna ýa-da sowuklygyna,gurak ýa-da suwuklygyna esewançylyk möhüm.Nahar iýilýärkä arasynda suw içmeli däl.Yssyda ýa-da sowukda daşarynyň howasyna laýyklykda naharlanmaly.Ony işdäň açylanda iýmeli.Aşa köp iýip,aşgazana agram salmazlyk üçin beter doýmankaň,saçagyň başyndan turmaly.
Beýnini aýamakda ýakymly ysly zatlary, aýdaly, benewşäni, müşki-anbary ysgamaly, bokurdaga tutmaly. Olaryň ýakymsyz yslaryndan gaçarak durmaly. Saçyňy, sakalyňy mydama timarlamaly, benewşäniň,badamyň ýagy kimin ýakymly yslary kelläňe,gulaklaryň düýbüne,iki çekgäňe çalmaly,doklugyňa ýatmaly däl.
Gözi goramakda tüsseden ,çaň-tozandan,kirşenden,aglamakdan,ownuk hat okamakdan,gündüz uklamakdan,giç agşam garbanmakdan,ýiti ak,ýaldyrawuk zatlara,Güne köp seretmekden,şor-zor,sogan,sarymsak ýaly göze zyýanly nygmatlary häli-şindi iýmekden gaça durmaly.
Ýüzi oňat saklamak üçin Günüň aşagynda köp oturmaly däl,meňziňi badamyň maňzy,towuk ýumurtgasynyň agy hem-de gül suwy ýuwmaly.Ýumurtganyň agy çalnanda ýüz Güne ýanmaýar.
Diş abatlygyny saklamakda yşgyn suwuna agzyňy çaýkamaly.Dişiň gamaşyp,kütelmezligi üçin çem gelen tagama agyz urmaly däl.Eger ol gamaşsa erigiň ýapragyny çeýnemeli,şonda gamaşyk aýrylyp ,diş ýitelýär.Käkilik otuny ,duzy dişe sürtseň,täze süýt bilen agzyňy çaýkasaň ol ýalpyldaýar.
Sesiň durulugyny saklamak üçin bir mysgal nabady,üç mysgal pisse maňzy bilen mesge ýagyny garyşdyryp her gün irden ýalmaly.
Gursagyň guratlygyny goramakda gaty gygyrmakdan,hor çekmekden ,haýkyrmakdan saklanmaly.Mylaýym,pessaý ses bilen gürläňde syna agram düşenok.

Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir