Ýer togalagynda garynjalar beýleki jandarlardan has köpdür.
* * *
Käkilikler topar bolup ýaşamagy gowy görýärler.
* * *
Arylarda 9000 sany çylşyrymly göz bölejigi bardyr.Her göz bölejigi jisimiň bir parçasyny görýär.
* * *
Itler we balyklar örän duýgur jandarlar hasaplanýar.Olar hatda ýeriň titirejegini hem öňünden duýarlar.
* * *
Kitleriň ýüregi bir minutda bary-ýogy 9 gezek urýar.
* * *
Gippopotamlar pillerden soň iň agyr süýdemdirjilerdir.Olaryň agramy 4 tonna ýetýär.
* * *
Içýanlar gijelerine awa çykýarlar.Olar,esasan-da,oňurgasyz jandarlary iýýärler.
* * *
Bathyzda ýaşaýan käbir zemzenleriň uzynlygy iki metre ýetýär.
* * *
Kiprde itler bilen deňiz kenarynda gezelenç etmek gadagan.
* * *
Garga ortaça 120 ýyl ýaşaýar.
* * *
Teneçir näçe tiz uçup barýan bolsa-da,birden durup,tersine uçmaga ukyplydyr.
* * *
Baýguş howply ýagdaýa düşende,ses çykaryp,beýleki guşlardan kömek soraýar.Guşlar topar bolup,ala-zenzele bilen oňa kömege gelýärler.
* * *
Dag goçy tomsuna aşa duzly suwlary hem içip bilýär.Ol kölegeli buky ýerlerde bolmagy halaýar.

Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir