Böwürslen bägüller maşgalasyna degişli gyrymsy agaç.Onuň miwesiniň glýukoza,fruktoza ýaly gantlary ,alma kislotasy,aşgarly we hoşroý maddalar,witaminler,flawonlar,kaliý,magniý,marganes duzlary bolýar.
Böwürsleniň dermanlyk häsiýeti ir wagtlardan bäri bellidir.Grek tebibi Dioskorid onuň ýapragyny gaýnadyp,iriňlän ýara ýapypdyr,demrewe,süýjibaşa em edipdir.Böwürsleniň ýaralaryň bitmegine we başlaryň aýrylmagyna peýdalydygyny Lukman Hekim hem ýazypdyr.Onuň köki içki organlardaky daşlary eredýär.Ýaprakly şahalaryň gaýnadylan suwy bilen ýuwunsaň,saçyňy reňkleýär.Böwürsleniň aşa bişen miweleriniň ýeňiljek iç geçiriji häsiýetleri bardyr,bişip ýetişmedik miweleri bolsa,tersine,içiňi gatadýar.Onuň miweleri ,gaýnatmasy we demlemesi teşneligiňi gandyrýar,gyzgynyňy gaçyrýar we dümewde ulanylýar.Böwürsleniň şiresi witamin ýetmezçiliginde ,ýogyn içegäniň ýellenmeginde,gastritde ulanylýar.Ýapraklaryny çeýneseň dişiň etlerini berkidýär,güli bolsa içege başlaryny bejermekde haýyrly.Böwürslenden taýýarlanýan mürepbe we şerbet çaý bilen içilende işdäňi açyjy,kuwwat beriji,köşeşdiriji serişde hökmünde peýdalydyr.

Bilim, Waharman tarapyndan 4 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir