Daniýada hojalykçy aýal gijäniň ýarynda baýramçylyk saçagyna şeker garylyp gaýnadylan,düýbünde maňyz gizlenen bir jam tüwüni äberýär.
Maňyz kimiň bagtyndan çyksa,arçadaky bezegleriň iň gymmat bahalysy şoňa berilýär.
* * *
Belgiýanyň köp obalarynda Täze ýyl baýramy bilen gutlamaklygyň biziň günlerimize ýetip gelen üýtgeşik däbi bar:öý haýwanlary oňat öser,köpeler ýaly yrym edilýär.Ýagny olary ýüpek matalar bilen bezäp,eý görýän iýmitlerini hödürleýärler.
* * *
Ispaniýada Täze ýyl gijesi köçelerde haýatlar gurup,edil awda edilişi ýaly,gapanlar gurýarlar,güpbasdylar edýärler.Bu mahallar köçelerde her hili ýaramaz adamlar gezip ýörýärmişler,şonuň üçin olary Täze ýyla geçirmeli däl-diýip hasaplaýarlar.
* * *
Hytaýda köne ýylyň soňky güni,dükanlardan alynjak zatlar alnyp baýramçylyk iýmitleri taýýar bolansoň,öýden bagt çykyp gitmez ýaly,gapyny pugta ýapýarlar-da,gyzyl zolak kagyzlar ýelmeýärler.Öýe hiç kimi göýbermän,diňe öz maşgala agzasy bilen galýarlar.Kagyzlary ertir irden aýyrýarlar.
* * *
Gresiýada gije sagat 12-niň zaňyny uranda hojalykçy aýal daşary çykyp,nary diwara urup ýarýar.
Gresiýalylar:"Eger-de nar däneleri howla syçrap ýaýrasa,onda täze ýylda maşgala bagtly bolýar,meýdanlar oňat ösüş berýär"diýip yrym edýärler.
* * *
Germaniýada bir enaýy däp bar.Täze ýylyň gelmegine birnäçe minut galanda,öý eýesi hem myhmanlar stullaryň üstüne çykýarlar.Sagat 12-niň zaňy urlan dessine köne şowsuzlyklary Täze ýyla geçirmezlik maksady bilen, böküp düşýärler.
* * *
Kanadada Täze ýyl gijesi öýke -kineli adamlar biri-birileri bilen hökman ýaraşaýmaly.Edil şol mahal hem köçelerde,öýlerde ala-gykylyk etmeli,olar:"Gykylyklar geçen ýylky erbetlikleriň baryny aýyrýar"diýip hasaplaýarlar.
* * *
Wengriýada Täze ýyl agşamy şamlyk nahary,däbe görä,bal garylan sarymsak iýmekden başlanýar.Stoluň üstüne bal garylyp ýugrulyp,üstüne künji sepilip bişirilen çörek goýulýar.
* * *
Mongoliýada gadymy çarwa däbine görä,öý eýesi işige girilýän ýerde,ak keçäniň üstünde myhman garşylaýar.Myhmanlar öz gezeginde öý eýesine,köneden gelýän bagty alamatlandyrýan ak ýa-da mawy ýüpek hadak-ýaglyk berýärler.Öý eýesi jogap edip,içi demir pully,kemputly hadak berýär.
Demir pullary mongol halky bezeg üçin hem ulanýarlar.
* * *
Koreýada Täze ýyl garşylananda hiç kim ýatmaýar."Eger-de Täze ýyl gijesi ýatsaň,gaşlaryň agarýar"diýen yrym bar.
Ýaşlar daň atýança gezýärler.
Dürli ýurtlarda Täze ýylyň garşylanylyşy
-
Perhat Sabirovv
4 years ago
- @soho, Gynansakda şeýle! Beýle gijeňlemeginiň sebäbi hem açgözlükmikä diýýän.
soho 4 years ago- turkmenlerde bolsa, berga batmalam bolsa batyp, biri-birinden kem galmajak bolup, iyjek iymejek zatlarny alyp, "taze yylda iyersiniz" diyp, zatlary chagalara gujenlap goymak dabi kop oylerde dowam edyar...