Nesibe, Maňlaý, Ýazgyt - ähli bolup geçýän wakalaryň öňünden ýazylyp goýlan we hiç hili ýagdaýda üýtgedip bolmajagyna ynanylýan hadysa. Hemmeler şeýle pikir edýäler aslynda. Belki dogry, belki dogry däl. ,, Nesibä ynanýan adamlar tötänleýin diýen zada ynanmaýarlar, tötänleýin bolan hadysalara ynanýan adamlar bolsa nesibä ynanmaýarlar" diýip aýdypdyr bir filosof. Bu hakykatdanam şeýlemikä???
Eger-de biziň nesibämiz ýazylan bolsa, öňümize nesibämizi üýtgedäýjek tötänlikler näme üçin çykýar. Tötänleýin diýen zat bar bolsa, onda näme üçin tötänlikden biz lukman, mugallym, inžiner, programist we ş.m. bolmaýarys. Hawa bir ynsan biziň durmuşumyza girdi. Ol tötänleýin däl onuň sebäbi bar. Meň üçin durmuşda sebäbi bolmadyk zatlar tötänleýin. Onsaňam ata-babalarymyzyň aýdyşy ýaly : ,, sebäpsiz çöp gymyldamaz". Onda diýmek tötänleýin diýen zat ýok. Onda Nesibe, ýazgyt barmyka.....
Ýazgyt diýäs, hawa şeýle biziň maňlaýmyza 7 çiledekäk ýazylan geljegimiz we ony üýtgedip bolmaýar. Men muňa asla ynanmaýaryn. Sebäbi men häzir elime käsäni aldym. Men islesem ony zyňyp döwüp bilýän, bolmasa ýene ýerine goýup bilýän. Onda men ony ýere zyňsam ol meň maýlaýyma öň ýazylan zatmydyka.....
Onda näme men zähmet çekjek däl, meň maňlaýymda baý bolmak hökman bolaýmaly.....
Onda men okuwda öňe saýlanmak üçin okajak däl, öňe saýlanmak meň nesibämde bar....
Beýle bolup bilmeýär. Nesibe biziň elimizde. Eger-de bir zadyň hakykatdan hem bolmagyny islesek şonuň üçin artykmaç köp zähmet çekmeli. Muny ýazmak meň nesibämde ýokdy. Men muny özüm ýazasym geldi...............
ÝA SIZIŇ!!!!!!!!!!!
Nesibe, Maňlaý, Ýazgyt .....
-
Lagly
3 years ago
- @Wrestling sag bol
-
Paris
3 years ago
- Lagly salam
Wrestling salam
-
Lagly
3 years ago
- @Paris salam onatmy
-
Yylgyn
3 years ago
- Mena ynanyan nesiba) nesibande bolmasa hiç zadam edp bolmaya men pikirimçe
#Ailara
-
Lagly
3 years ago
- busluk mekdebimizden 9-njy synp gyz welayatdan 3nji yer aldy
-
@xacker
3 years ago
- Sen kyrk iki hakayat diyip garagum zurnalda hakaya yazylypdy sen sony okap gordinmi?
-
@xacker
3 years ago
- Sol hekayada Suleyman pygamber bln sumrug gusun jedeli barada beyan edilya
-
Lagly
3 years ago
- @xacker okap goremmok
-
@xacker
3 years ago
- Ona sonda yazgyt hakda okap gor bu men pikirim eger gerek diysen haysy sanynda cap edilenini anyk aydyp biljek
-
Lagly
3 years ago
- mowzuk doret okayyn
-
@xacker
3 years ago
- Mende elektron gornusine gecirilmedik yone garagum zurnal 2017 yylyn nom10 sany 154 sah
-
Lagly
3 years ago
- bolya sag bolun tapsam okaryn sizin pikiriniz namedi umuman
-
Arzuwum
3 years ago
- pikiriňe goşulýan, ýöne men ýazgyda-da nesibäde, eger sen bir zat etdik welin tötänlikde bir zat boldy, eger sen şony etmedik bolsaňam şol zat bolmaly bolsa bolardy
-
Dowsypat00
3 years ago
- Nesibani sheyle dushundireyin:Senin elinde kase bar.Ony zynyp-zynmazlyk ozune bagly.Sen shol kasani zyndyn.Tanry seni yaratmazdan ozal,senin shol kasani zynjagyny bilyardi.Shol sebaplem kasani zynyar diyip yazyp goyyar.Adam bu dunyade bar zady oz ygtyyary bn edyar.Shol ygtyyaryna edilen zat,yazgyt bn gabat gelyar.Sen sho kasani zynmagy oz ygtyyaryn bilen yerine yetiryanda.Eger shol kasani zynmanynda yazgydynda-da kasani zynmazlyk yazylardy.
-
Lagly
3 years ago
- iki dokuzym bir hasapda Dowsypat dogry gosulyan
-
Yylgyn
3 years ago
- Arzuwum goşulyan++++
#Ailara
-
Paris
3 years ago
- Oooo 3nji yer diy menin adymdan gutlay Lagly
-
@xacker
3 years ago
- Erbet dal mowzuk mena nesiba ynanyan totanligem sen aydysyn yaly sebab bolya sebabem yazgydynda bar
-
@xacker
3 years ago
- Sen name un ansat zatdan mysal getiryan hany sen kynyrak mysal getireli aydaly sen hazir bir welayatda doguldynwe yasayan yene bir hepdeden amerikanyn bir statyna gocip gidip bilersinmi yazgydyny uytget edil kase yaly bolmaza
-
Ra
3 years ago
- Eh shu idealistler :)
Hemme zat oz elinizde hic zat yazylmadyk gowy adam bolmak hem erbet adam bolmak hem oz elinizde yazsan yazyp oturmaly yone esasy bir oturyp pikirlenin ahli zat oz elimizdemi diyip.
-
yashalym
3 years ago
- Awtory goldayan 100% +++
-
*Hemedany
3 years ago
- Kysmatyňa kaýyl bolgul adamzat (Magtymguly Pyragy)
-
Tiko
3 years ago
- Ters pikir. Müňkürlik gowy zat däl.
-
Tiko
3 years ago
- Ters pikir. Müňkürlik gowy zat däl.
-
Ahmedik_97
3 years ago
- Awtor gaty dogry aydyan kimem bolsan... Aydan zatlaryna goshulyan...
Wrestling 3 years ago- Dogry aydýaň pikiriňe goşulýan